Rus propagandisti Solowýowyň Merkezi Aziýa baradaky 'basybalyjy' wagyzy türkmenistanlylarda seslenme döretdi

Wladimir Solowýow

Rus telewideniýesiniň alyp baryjysy Wladimir Solowýow Orsýetiň öz bähbitlerini goramak üçin diňe bir Ukrainada däl, eýsem öz täsir çägine girýän beýleki ýurtlarda, şol sanda Merkezi Aziýada hem "ýörite harby operasiýa" başlap biljekdigini aýtdy. Rus hökümetiniň wagyzçysynyň bu sözleri seslenme döretdi.

Türkmenistanlylar Solowýowyň sözleri bilen bagly gapma-garşylykly pikirleri öňe sürýärler diýip, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri belleýär. Garaşsyz metbugat berk çäklendirilýän ýurtda ilat köpçüligi sputnik arkaly daşary ýurt telewideniýesini, şol sanda rus telekanallaryny görýärler.

"Wladimir Solowýowyň Merkezi Aziýany ele geçirmek hakda kesgin çykyşy türkmenistanlylaryň arasynda pikir alyşmalara getirdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň tas ählisi rus metbugatyna tomaşa edýär. Solowýow bu sözleri bilen adamlaryň aňyny zäherläp, metbugat üsti bilen halklar arasynda tolgunyşyk döretmek we postsowet ýurtlaryndaky reaksiýany öwrenmek isleýär" diýip, balkanly lukman aýdýar.

Degişli maglumat Ýuwdarha yzyna dolandy: Stalinçilik Putin Russiýasyna gara kölege salýar

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde pikirini paýlaşan ýene bir türkmenistanly rus hökümetiniň wagyzçysy Solowýowyň rus syýasaty bilen ilteşdirilýändigini belläp, onuň öz çykyşynda halkara kanunlary ret emeginiň nägilelik döredendigini belledi.

"Putiniň ynamdar adamy anyk düşündirip aýtdy. Bize hiç bir guramalaryň düzgünleri gyzykly däl diýip. Diýmek olara [Türkmenistanyň] Bitaraplyk statusy hem rol oýnamaýar" diýip, türkmenistanly belledi.

Bu reaksiýa rus telewideniýesiniň Kremle tarapdar iň meşhur alyp baryjylarynyň biri we propagandaçysy Wladimir Solowýowyň "Wladimir Solowýow bilen agşam" atly gepleşigine degişli. Onuň soňky bölüminde ol Ukrainanyň mysalynda Ermenistan bilen birlikde beýleki ýurtlarda "ýörite harby operasiýa" diýlip atlandyrylýan hereketi geçirmek mümkinçiligini öňe sürdi (resmi taýdan Orsýet Ukraina garşy uruşy "ýörite harby operasiýa" diýlip atlandyrylýar).

Solowýow Russiýanyň ABŞ-nyň Wenesueladaky göreldesine eýermelidigini agzap, Russiýa üçin Ermenistany we Merkezi Aziýa ýurtlaryny "ýitirmegiň" Wenesuelany "ýitirmekden" has erbet boljakdygyny aýtdy.

"Halkara hukugy, halkara tertibi bilen dowzaha gitsin. Eger milli howpsuzlygymyz üçin Ukrainada strategik harby operasiýany başlamaly bolan bolsak, onda näme üçin şol sebäplere görä täsir zolagymyzyň beýleki böleklerinde strategik harby operasiýa başlamaly däl?" diýip, rus propagandisti aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen gürleşen türkmenistanlylar Solowýowyň aýdanlarynyň türkmenleriň 19-njy asyryň aýagynda rus imperiýasyna garşy göreşip, gan döken esasy taryhy senesine gabat gelendigini aýratyn belläp geçdiler.

"Gökdepe galasynda ruslar tarapyndan gyrlan türkmenleriň gany derýa bolup akan 12-nji ýanwar - şehitler günümize gabatlap, rus propagandaçysynyň bu çykyşynda uly many bar. Hökümet tabşyrygy bolmazdan Solowýow rus döwlet metbugatynda ýöne ýere açyk haýbat atyp bilmez" diýip, türkmen harbysy öz pikirini paýlaşdy.

Degişli maglumat Maryda Hatyra güni resmi däl görnüşde ýatlandy, býujet işgärleri gülküli oýunlara tomaşa etmäge mejbur edildi

Türkmenistanda 12-nji ýanwar güni 1881-nji ýylda türkmenleriň Gökdepe galasynda Russiýa imperiýasynyň basyp alyjy güýçlerine garşy söweşip, öz topragyny basyp alyjy güýçlerinden goramak üçin görkezen gahrymanlygynyň senesidir. 145 ýyl mundan ozal uly adam ýitgilerine getiren bu taryhy waka - Gökdepe galasynyň ýykylmagyna, türkmen topragynda rus hökümdarlygynyň başlangyjy hökmünde seredilýär.

Türkmen hökümeti 12 ýyl mundan ozal bu senäniň 12-nji ýanwarda bellenmegini resmi taýdan ýatyrdy we Galanyň goragçy-gahrymanlary 6-njy oktýabrda, 1948-nji ýylyň pajygaly ýertitremesiniň pidalary bilen bilelikde ýatlanyp geçildi. Emma halk arasynda bu sene henizem bellenip gelýär.

Balkanabatly çeşmeleriň sözlerine görä, Solowýowyň aýdanlary barada döwlet edaralaryň işgärleriniň arasynda giňden pikir alyşylýar, käbir ony "rus hökümetiniň niýetiniň bozukdygynyň alamaty" diýip atlandyrsa, beýlekiler watany goramaga adam bolmaz diýýär.

"Solowýowyň sözlerinden çen tutsak, halkara hukuklaryna garaman, Merkezi Aziýany ele geçirip bolýar. Eger Türkmenistana hüjüm edilse watany gorajak adamlar, harbylar azlyk eder" diýip, harby aýdýar.

Degişli maglumat Gazak resmisi rus syýasatçysynyň Gazagystany Moskwanyň indiki meselesi atlandyrmagyna reaksiýa bildirýär

Balkanly mugallym bolsa ýurtda durmuşyň agyrlaşandygyny aýdyp, Türkmenistanda hökümeti goldaýanlaryň gitdigiçe azalýandygyny belledi.

"Berdimuhamedowlar geleli bäri türkmenistanlylar aldygyna ýurtdan gidýärler. Bir döwüm çörege zar etdi" diýip, mugallym aýdýar.

Rus propagandisti Solowýowyň Orsýetiň öz bähbitlerini goramak üçin diňe bir Ukrainada däl, eýsem öz täsir çägine girýän beýleki ýurtlarda, şol sanda Merkezi Aziýada hem "ýörite harby operasiýa" başlap biljekdigi barada aýdanlaryna Türkmenistanyň remileri tarapyndan dessine reaksiýa bildirilmedi.

Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu barada maglumat bolmady. Emma 12-nji ýanwarda DIM-niň çap eden resmi habarlarynyň arasynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşygynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we Bitaraplyk Uniwersitetini döretmek inisiatiwasy barada pikir alşypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň 12-nji ýanwarda habar bermegine görä, Solowýowyň çykyşyndan soň Ermenistanyň Daşary işler ministrligi ýurtdaky rus ilçisini çagyryp, "munuň Ermenistan Respublikasynyň özygtyýarlylygyna kabul ederliksiz basyşdygyny" we "Ermenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleriniň gödek bozulmagydygy" nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.