Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan işiň gözlegine Russiýa gidip, Ukrainada uruş alyp barýan rus goşunyna meýletin goşulýan türkmen raýatlarynyň sany artýar diýlip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlarynda aýdylýar. Olar Russiýa baryp, rus goşunyna çekilen birnäçe türkmenistanly bilen gepleşdiler.
"Urşa gitmegi saýlap alýan oglanlar bilen soraşyp otursaň olar öz ýaşaýyş durmuş şertleriniň agyrlygyny aýdýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 9-njy fewralda aýtdy. Onuň sözlerine görä, urşa gidýän türkmenleriň arasynda Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy we onuň sebäpleri barada düybünden bilmeýän adamlar köp bolup, olar muňa esasan gazanç mümkinçiligi hökmünde seredýärler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanlylaryň birnäçesi Russiýa diňe iş gözläp barandygyny, rus goşunyna goşulmak we urşa gitmek niýetiniň başda bolmandygyny aýtdylar.
Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmen raýaty öz durmuşy barada gürrüň berip, türme tussaglygynda bolandygyny, maşgalasy bilen aýrylyşandygyny we öz ýurdunda hiç hili mümkinçilik görmän Russiýa gidendigini aýtdy.
"Men Türkmenistanda töhmet bilen türme tusaglygynda oturyp çykdym, meniň türmä basylanymdan soň hojalygymyň eklenji bolman, aýalym meni terk etdi. Men türmede hem horluk çekdim, öýe dolanyp gelsem, öýde hem maňa hiç kim garaşmaýar, aýalym aýrylyşyp gitdi we ýekeje gyzymy alyp gitdi" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ukrain ýesirligine düşen türkmen raýatynyň wideosy türkmen jemgyýetinde seslenme döretdiTürkmenistandaky ykdysady kynçylyklardan gutulmak üçin Russiýa baran orta ýaşly türkmen raýaty agyr keselli ejesini derman bilen üpjün etmek üçin ähli zada kaýyldygyny gürrüň berdi.
'Ejeme derman gerek'
"Meniň ejem rak keseline uçrady her günki almaly derman därilerini alyp bilmän, gün-günden gurap barýar. Men muny görüp ýüregim etmedi, meniň boş duran mellegim bardy ony satdym we satan puluma zagran pasport düzedip, Russiýa döwletine 3 aýlyk wiza alyp işe geldim" diýip, Russiýada ýaşaýan türkmenistanly gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, 3 aý gaty çalt geçip, ol şol döwürde gazanan pula ejesine iki gezek derman satyn alar ýaly pul ugradyp ýetişipdir we wizasynyň gutarmagy oňa başga çykalga gözlemäge itergi beripdir.
"Häzir meniň wiza wagtym tamamlandy, men gaçgak galdym, näçe gazansamam rus polisiýasy tutsa barja gazanan pulumy şolara berip sypmaly boldum. Esasy zat ejem soňky günlerini derman bilen agyrlaryndan gutulyp, geçirse, meniň üçin uly arzuw şol. Onsoňam nesibe, birden diri gelsem onda Russiýanyñ raýatlygyny alyp bilerin. 20 müň ABŞ dollaryny berjekdiklerini aýtdylar" diýip, türkmenistanly Russiýadaky harby bölümleriň birine barandygyny, urşa gitjekdigini aýdyp, hasaba durandygyny gürrüň berdi.
'Urşa gitmegi saýladym'
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolup, rus goşunyna meýletin hakyna tutulandygyny aýdan türkmenistanlylar esasy sebäbiniň wizasy gutaryp, Russiýada bikanun galmagy bilen baglygyny aýtdylar.
Russiýada wizasy gutaran türkmen raýatlarynyň ençemesi öz ýurduna dolanmaga howlukmaýarlar, olaryň sözlerine görä, ýurtdaky işsizlik "ýat ýurtdaky islendik agyr şertlere-de razy bolmaga" mejbur edýär.
"Men öýe, ýagny Türkmenistana barasym gelenok, meni töhmet bilen we ýene birnäçe zady boýnuma goýup adalatsyz ýagdaýda türmä basdylar, ejem kesel, mellegimi satdym, indi meniň barmaga ýerim ýok, şol sebäpden urşa gitmegi saýlap aldym" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.
Russiýada galmakçy bolup, rus goşunynyň düzümine goşulmak üçin ýüz tutandygyny aýdan ýene bir türkmenistanly Ukrainada ganly söweşleri alyp barýan Russiýanyň goşunyna hakyna tutulmagy saýlap almagy barada şeýle gürrüň berdi:
"Türkmenistanda eden arzuwym hem hasyl bolmady belki bärde bolsun, diýip pul üçin urşa gitmegi saýlap aldym we kontrakta gol goýdum. Sebäbi men bolanja zatlarymy satyp, awtoulagymy satyp, Russiýa döwletine iş gözlegine geldim. Men satan zatlarymy täzeden yzyna alyp bilmänim üçin, hojalygym agyr günde galdy. Muny göz öňünde tutup, men öz janymy gurban etmäge-de razy boldum."
Degişli maglumat Çeşmeler: MHM ukrain güýçlerine meýletin pul kömegini beren raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirdiHäzir Russiýada galmak üçin mümkinçilik gözleýän türkmen raýatlarynyň ýene biri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistandaky bergileriniň oňa ýurduna dolanmaga mümkinçilik bermeýändigini gürrüň berdi:
"Bergiden çykmak üçin Russiýa döwletine iş gözläp geldim. Meniň bergim kän elektronika dükanyna harytlar üçin bergim bar, kakamyň bankdan alan kredit puly bar, özüm bärik gaýdanymda prosent pul alyp gaýtdym. Urşa kontrakt baglaşsam bergimden çykmaga pul berjekdiklerini eşidip men hem urşa gitmegi saýlap almaly boldum."
Aldap urşa çekýärler
Şol bir wagtda aldawa düşüp ýa-da basyş astynda rus goşunyna düşýän türkmenistanlylar hem bar.
Russiýadaky türkmenistanlylaryň sözlerine görä, wizasynyň möhleti gutaran, işini ýitiren ýa-da polisiýanyň eline düşen türkmen raýatlary köp bolup, käbirleriniň rus dilini bilmeýändigi sebäpli olar aldawa we gorkuzmalara sezewar edilýär we urşa ugradylýar. Türkmen raýatlaryny aldawa salýan ildeşleri hem duş gelýär.
"Häzir öz türkmen dilimizde gürläp aldaw ýoly bilen urşa ugradýan adamlar hem köpelýär. Anyk mysallar hem bar, käbir şahslaryň urşa ugradan adamlarynyň sany onlarçadan geçdi" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanly çeşme aýtdy.
Onuň bellemegine görä, urşa gidýän adamlaryň käbiriniň Türkmenistandaky hossarlary habarsyz galýar.
"Pul iberýärdi, birden ýitdi, ençeme aý bäri ölimi-dirimi belli däl diýýän hojalyklar bar. Öldi diýen habar gelip jesedini uly pul çykaryp, alyp gaýdýanlar hem bar. Çagasynyň, kakasynyň, jigisiniň urşa gidenini soň bilip galýan hojalyklaram bar, jesedini alyp getirip bilmän hojalygynda patasyny berip, ýas tutýan hojalyklaram bar" diýip, çeşme belleýär.
Ukrainada urşa gatnaşýan türkmenler
Ukrainanyň hökümeti tarapyndan goldanýan “Hoçu-Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) derňew taslamasy Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň rus goşunlarynyň hataryna goşulyp, Ukrainanyň garşysyna söweşýändigini geçen ýylyň maý aýynda habar berdi. Olaryň arasynda öldürilen esgerleriň hem bardygy aýdyldy. Soňra proýektiň awgust aýynda çap eden habarynda, azyndan 122 türkmen raýatynyň Russiýanyň goşunyna hakyna tutulandygy aýdyldy. Taslama hakyky sanyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Degişli maglumat 'Pul üçin söweşýär'. Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenler barada maglumat köpelýär28-nji ýanwarda YouTube-de peýda bolan wideoda ukrain harbylarynyň rus goşunynyň pozisiýasyna dronly hüjüm edip, esgeri ýesir alandygy görkezildi. Şol ýesir düşen adam özüni 1980-nji ýylda doglan türkmen raýaty Maksat Meredow diýip tanyşdyrdy we Russiýa gazanç üçin baryp, 2025-nji ýylyň noýabrynda rus goşunyna goşulmak barada şertnama gol çekendigini wideoda gürrüň berdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ozal rus goşunyna çagyrylan daşary ýurtlulary söweşe gatnaşmazlyga we dörän ilkinji mümkinçilikde ýesir düşmäge we munuň üçin döredilen "Ýaşamak isleýärin" proýektine ýüz tutmaga çagyrdy. Proýektiň awtorlary Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolmagyna garamazdan, ýurtdaky pes aýlyk haklarynyň we ýokary işsizligiň ýerli ilaty Russiýa gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigini belleýärler.
Türkmenistanyň hökümeti raýatlarynyň Ukrainadaky urşa gatnaşýandygy barada media maglumatlaryna teswir bermeýär. Türkmen resmileri hatda migrasiýa meselesini hem açyk agzamaýar.
Degişli maglumat “Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anykladyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.