Serdar Berdimuhamedow türki döwletleriň Ankaradaky sammitine gatnaşýar, Aliýew barmady

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Türkiýäniň paýtagty Ankarada başlanan Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet baştutanlarynyň 13-nji sammitine gatnaşýar. Türkmenistan guramada synçy derejesine eýe.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow Türkiýä 29-njy oktýabrda bardy. Ony Ankaranyň "Etimesgut" howa menzilinde Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz garşylady. Şol gün türkmen prezidenti beýleki liderler bilen Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyşyna we medeni çärelere gatnaşdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bolsa sammite barmady. Onuň ýerine ýurda daşary işler ministri Jeýhun Baýramow wekilçilik edýär.

Azerbaýjanyň "Report" agentliginiň habar bermegine görä, Aliýewiň gatnaşmazlygy onuň öňünden meýilleşdirilen çäreleri we işiniň köplügi bilen düşündirilýär. Maglumata görä, ol 30-njy oktýabrda Bakuwda geçirilýän FIFA-nyň U-15 dünýä çempionatynyň we festiwalynyň finalçylaryny sylaglamaly. Prezidentiň bu dabara gatnaşmagy öňünden meýilleşdirilipdir.

Aliýewiň sammite gatnaşmajakdygy baradaky habar Azerbaýjanyň mekdeplerinde hijap geýmäge girizilen çäklendirmeler sebäpli Ankara bilen Bakuwyň arasynda ýüze çykan açyk jedeliň yzysüre ýaýrady.

Degişli maglumat

Hijapmy ýa-da mekdep? Azerbaýjanda täze düzgünler protest tolkunyny döretdi

Azatlyk Aziýanyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň prezidentiniň geňeşçisi Oktaý Saral Azerbaýjany bu çäklendirmelere gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasy onuň sözlerini "jogapkärçiliksiz" diýip atlandyryp, olaryň iki ýurduň gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljekdigini duýdurdy.

Jedel sentýabrda mekdep geýimleri baradaky düzgünler üýtgedilenden soň başlandy. Resminamada hijap gönüden-göni agzalmasa-da, käbir mekdepler ýaglykly okuwçy gyzlary sapaklara goýbermän başlady. Bu nägilelik çykyşlaryna getirdi. Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi 37 adamyň saklanandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň prezidentiniň edarasynyň maglumatyna görä, Rejep Taýyp Erdogan 21-nji oktýabrdaky telefon söhbetdeşliginde Aliýewi sammite çagyrypdy. Aliýew bolsa 29-njy oktýabrda Türkiýäniň Respublika güni mynasybetli Erdogana iberen gutlagynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň 2021-nji ýyldaky Şuşa jarnamasy bilen ýaranlyk derejesine çykarylandygyny belledi.

Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşýar. Duşuşyk "Türki asyr: dilde, pikirde we işde birlik" mowzugy astynda geçirilýär.

Guramanyň resmi maglumatyna görä, gün tertibinde syýasy hyzmatdaşlyk, söwda we maýa goýumlary, ulag aragatnaşygy, energetika, sanly tehnologiýalar hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bar. Sammitde gurama başlyklygyň Azerbaýjandan Türkiýä geçmegi göz öňünde tutulýar.

Gatnaşyjylar Ankara jarnamasyny we hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýleki resminamalary kabul etmegi meýilleşdirýärler. Täze baş sekretary bellemek meselesi hem gün tertibine girýär.

Erdogan sammitdäki çykyşynda söwda, ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. "Türki dünýäsini söwdanyň, ulaglaryň we energetikanyň iri merkezine öwrüp bileris" diýip, ol aýtdy. Türk prezidenti geljekki söwdada Orta geçelgäniň möhüm orun tutjakdygyny hem belledi.

Türki Döwletleriň Guramasy 2009-njy ýylda döredildi. Onuň doly hukukly agzalary Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan. Türkmenistan gurama 2021-nji ýylyň noýabrynda synçy hökmünde goşuldy.