"Sizde 'akylly TW' ýokmy?": Eýranly generalyň akylly sagat baradaky düşündirişi howpsuzlyk aladalaryny güýçlendirýär

Golamreza Jalali Eýranyň Tähran şäherinde “Defa Press” neşirine interwýu berýär.

"Siziň öýüňizde 'akylly TW' ýokmy?"

Bu sözler, geçen hepde akylly sagat dakynyp düşen suratyndan soň howpsuzlyk töwekgelçilikleri barada soralanda, Eýranyň Passiw goranmak guramasynyň uzak wagtdan bäri ýolbaşçysy bolup gelýän brigada generaly Golamreza Jalaliniň žurnalistlere beren jogabydy.

Eýranyň birnäçe resmisiniň, şol sadan şu ýylyň başynda ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň öldürilmeginden soň, bu sözler islendik pursatda gaýtadan möwjäp biljek çaknyşygyň bäri ýanyndaky ýurtda howpsuzlyk meselesi boýunça giň gerimli tankytlara sebäp boldy.

Žurnalistiň basyşyna garamazdan, Jalali öz berk pozisiýasyny saklady.

“Eger biz uruş ýagdaýynda bolsak, uçuşlar amala aşyrylmazdy” diýip, ol ýokary derejeli resmileriň ýerleşýän ýerini yzarlamaga getirip biljek akylly enjamlary ulanmagynyň howpsuzlyk töwekgelçilikleri baradaky aladalary azaltdy.

Degişli maglumat

ABŞ Eýrana garşy täze sanksiýalar bilen Orsýetiň 'A7' ulgamyny nyşana alýar

Yslam respublikasy soňky ýyllarda - 2018-nji ýylda ýadro arhiwiniň ogurlanmagyndan başlap, 2024-nji ýylda Hamas lideri Ismail Haniýeniň Tährandaky myhmanhanada öldürilmegine çenli - birnäçe uly howpsuzlyk bozulmalaryny başdan geçirdi.

Emma bularyň hiç biri ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşunyň ilkinji güni ýaly weýran ediji bolmady, şonda ilkinji hüjümlerde Hameneýi we ýurduň ýokary derejeli birnäçe harby serkerdesi öldürildi.

Şondan soňra “Financial Times” gazeti Ysraýylyň hüjümleriň öňüsyrasynda Hameneýini we onuň bilen duşuşýan serkerdeleri yzarlamak üçin ýol kameralaryny döwüp, mobil telefon ulgamlaryna aralaşandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň howa hüjümleri az-kem togtan hem bolsa, sekiz aý bäri dowam edýän urşy resmi taýdan tamamlap bilmeýän diplomatik gepleşikler başa barmaýandygy sebäpli çaknyşyk ýene-de ýitileşip biler.

Ine, şeýle ýagdaýlaryň fonunda, Jalaliniň ulgama birikdirilen enjamy dakynyp ýörendiginiň görünmegi köpçüligiň ünsüni özüne çekdi we güýçli reaksiýa döretdi.

Tankytçylar Jalaliniň özüne garşy edilen tankytlara nähili çemeleşendigine geň galandygyny bildirip, onuň eýeleýän wezipesindäki adamyň howpsuzlyk töwekgelçilikleri barada has seresap bolmalydygyny öňe sürdüler.

“Siz adamlaryň öýlerinde akylly telewizorlaryň hem bardygyny aýdyp, bu ýagdaýdan 'gutulyp biljek' adaty raýat däls” diýip, “Tabnak” habar web sahypasy ýazdy.

“Siziň borçlaryňyz sizden başgalara garanyňda syzdyryş, içalyçylyk, maglumat syzdyryşlary we möhüm ähmiýetli gizlin maglumatlary ýygnamagyň islendik mümkin bolan usullary babatda has seresap bolmagyňyzy talap edýär” diýip, neşir belledi.

Degişli maglumat

Britan premýer-ministri Eýrany howa bazasyndaky waka bilen baglanyşdyrýar

Başga bir habar web sahypasy bolan “Rooz No” bolsa, ýurtda möhüm infrastrukturany goramaga, kiberhowplara we beýleki adaty bolmadyk howplara garşy göreşmäge jogapkär we resmiler üçin akylly telefonlary ulanmak düzgünlerini işläp düzen guramanyň ýolbaşçysy Jaliliniň akylly sagat dakynmagynyň ironiýasyna ünsi çekdi.

Neşir öz maglumatynda Jalaliniň 2015-nji ýylda gizlin maglumatlara elýeterliligi bolan resmileriň akylly telefonlary ulanmaly däldigini we maglumat howpsuzlygy meseleleri sebäpli resmi işler üçin ýönekeý telefonlardan peýdalanmalydygyny aýdandygyny belledi.

Şonda ol akylly enjamlaryň we sosial medianyň ulanyjynyň gizlin maglumatlaryny tehnologiýa kompaniýalaryna we daşary ýurt hökümetlerine elýeterli edip biljekdigini duýdurdy. Ol 2025-nji ýylyň iýul aýynda Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda bolan 12 günlük uruşdan soň hem şuňa meňzeş aladalaryny gaýtalady we akylly telefonlarda azyndan 18 sany uly gowşaklygyň bardygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Eýran meýilnama boýunça jogaba garaşýarka, energetika desgalaryna wehim salmak bilen haýbat atýar

“Rooz No” neşiri Jalaliniň çemeleşmesiniň “ýurt üçin kesgitlenen howpsuzlyk düzgünleri bilen milli howpsuzlyk üçin jogapkär resmileriň eýerýän düzgünleri arasyndaky boşluk barada” soraglary döredýändigini öňe sürdi.

2015-nji ýylda Hameneýi tarapyndan Passiw goranmak guramasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Jalali ýyllaryň dowamynda birnäçe jedelli beýanatlary orta atdy.

Ol 2018-nji ýylda Eýranyň gurakçylyk problemalary boýunça duşmançylykly ýurtlary, şol sanda Ysraýyly günäkärläp, ony "bulutlary ogurlamakda" aýyplady.

Sosial mediada käbir ulanyjylar beýleki ýokary derejeli harby resmileriň akylly sagat dakynan suratlaryny paýlaşyp, ýaragly güýçleriň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasynda howpsuzlyk meselelerinde umumy tertip-düzgüni sorag astyna aldylar.

Konserwatiw garaýyşly synçy Ali Kolhaki, Ysraýyla we ABŞ-a ýokary derejeli şahsyýetleri ýok etmäge hut “şeýle biperwaýlygyň” mümkinçilik berendigini aýtdy.

“Ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk we harby resmileriniň akylly sagatlary ulanmagy geň galdyrýar, esasanam biziň esasy duşmanymyz Ysraýylyň iň kiçijik ýalňyşlykdan hem ussatlyk bilen peýdalanýandygyny göz öňünde tutanymyzda” diýip, ol X sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.