“Soňky jaň” çäreleri Maryda berk polisiýa gözegçiliginde, Balkanda “ep-esli erkin” bellenilýär

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynda 25-nji maýda orta mekdeplerden uçurym bolan ýaşlar “Soňky jaň” çärelerini berk polisiýa gözegçiligi astynda bellemeli bolýarlar. Balkan welaýatynda bolsa, mekdebi tamamlaýan ýaşlar, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, bu möhüm sepgidi garaşylmadyk ýagdaýda “ep-esli erkin” häsiýetde belleýärler. Şol bir wagtda-da, bu “erkinlik” köp ene-atada we mugallymda sorag döredýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 25-nji maýda öýlän Marydan we Balkandan maglumat berdiler.

“Marynyň orta mekdeplerinde irden geçirilýän Soňky jaň dabaralary uludan, aýdym-saz, toý-baýram edip bellenildi. Ýöne mekdepdäki çäreden soň, uçurym bolan ýaşlara göni öýlerine barmaklyk, üýşmeleňleri, oturşyklary geçirmezlik berk tabşyryldy” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, köçelerde we mekdepleriň daş-töwereginde nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleriniň sany hem göz-görtele artdy. Olar okuwçylara administratiw düzgün bozmalar üçin jerime salmak çärelerini güýçlendirdiler.

Degişli maglumat

Uçurymlara küştdepdi öwredilýär, mugallymlar muny ‘ýaşlary bilimden daşlaşdyrmak’ atlandyrýar

“Okuwçylar çilim çekse, spirtli içgileri içse, köçäni hapalasa, pyýadalar üçin göz öňünde tutulan ýörite pyýada geçelgelerinden geçmese, onda olara pul jerimesi salynýar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Mugallymlaryň we kafedir restoranlaryň işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, eger kafelerde ýa-da restoranlarda uçurymlaryň üýşmeleňleri geçirilse, onda olaryň dessine ýapyljakdygy duýduryldy.

"Jenaýat jogapkärçiligine çekmek"

“Polisiýanyň wekilleri olaryň diňe ýapylmak bilen çäklenmän, eýse eýesiniň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini hem aýtdylar. Şeýle-de, üýşmeleňi geçiren okuwçylaryň mugallymlarynyň we ene-atalarynyň hem jenaýata çekiljekdigini duýdurdylar” diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda “Soňky jaň” çäreleri, ýurtda bellenilýän beýleki käbir möhüm senelerde we baýramçylyklarda bolşy ýaly, her ýyl berk häkimiýet gözegçiligi astynda bellenip geçilýär.

Häkimiýetler dürli çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizýärler. Bularyň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne häkimiýet wekilleri güýçlendirilýän gözegçilik işlerini jemgyýetde tertip-düzgüni saklamak ugrunda edilýän tagallalar hökmünde düşündirilýärler.

Mary şäherindäki restoranlarda işleýän işgärleriň ençemesi geçen hepdäniň ahyrynda polisiýa işgärleriniň aýlanyp, 25-nji maýda mekdebi tamamlaýan okuwçylary kafelere we restoranlara goýbermezligi berk tabşyrandygyny hem gürrüň berdi.

“Şeýle-de, kafe-restoranlardan iş wagtyny 1 sagat kemeltmek talap edildi. Adatça 22:00-a çenli rugsat berlen bolsa, 25-nji maýda 21:00-a çenli işlemek rugsat berildi. Her baýramçylykda dilden görkezme berip, biziň işimizi çäklendirip, eklenjimizi kemeldýärler” diýip, şäheriň restoranlarynyň biriniň eýesi anonimlik şertinde aýtdy.

“Ep-esli erkin, çäklendirmesiz”

Ýurduň günbatar welaýaty Balkanda, Marydan tapawutlylykda, “Soňky jaň” çäreleri garaşylmadyk ýagdaýda “ep-esli erkin” häsiýetde, “çäklendirmesiz” bellenilip geçilýär.

Bilim işgärleriniň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, şeýle ýagdaý soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ilkinji gezek bolýar.

Degişli maglumat

'Soňky jaň' çäreleri berk polisiýa gözegçiligi astynda bellenip geçildi – Türkmenabat

“Geçen ýyllarda çäklendirmeler garbanyşhanalardan restoranlardan başlap, polisiýa köçelerde hem gadagançylyk reýdlerini geçirerdi. Köçelerde 18 ýaş töweregindäki ýaşlar saklanardy. Kafeleriň we restoranlaryň, toýhanalaryň 24-nji maýdan 2-nji iýuna çenli işlemegi gadagan edilerdi. Şu ýyl bolsa tas ähli restoranlar uçurymlara gapylaryny giňden açdy. Geçen ýyllarda uçurymlaryň taksä münmegi hem gadagandy. Bu ýyl bu gadagançylyk hem aýryldy” diýip, balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Bilim işgärleri restoranlarda geçiriljek üýşmeleňlere pedagoglaryň hem meýletin çagyrylandygyny aýdýarlar.

Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesi gadagançylyklaryň aradan aýrylmagyny “gowy ädim” diýip häsiýetlendirýär. Ýöne şol bir wagtda-da, “erkinlik” olarda sorag döredýär.

“12-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň 18 ýaşa ýetendigi nazarda tutulyp, olara agşamara geçiriljek üýşmeleňlerde ummasyz jerime ýazylmagy gaty mümkin. Sebäbi bu ‘erkinlik’ öň görlüp-eşidilmedik zat. Bu ýaşlara ilki ‘erkinligi’ berip, soňra-da olara jerime ýazyp, döwlet gaznasyna ummasyz girdeji getirmek üçin döredilen bolmagy gaty ähtimal. Üstesine-de, kafeler we restoranlar hem jerime tölemeli bolarlar” diýip, balkanabatly ýene bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli sebit häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim we Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi. Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem “Soňky jaň” çäreleri bilen bagly çäklendirmeler we onuň töweregindäki ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.

Degişli maglumat

Türkmenistanda polisiýanyň 16 ýaşa ýetmedik ýetginjeklere garşy jerime ýazmak çäreleri güýçlendi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.