Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçurymlara küştdepdi öwredilýär, mugallymlar muny ‘ýaşlary bilimden daşlaşdyrmak’ atlandyrýar

Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde geçirilen Soňky jaň dabarasynda küştdepdi tansyny ýerine ýetirýän uçurym gyzlar we oglanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde geçirilen Soňky jaň dabarasynda küştdepdi tansyny ýerine ýetirýän uçurym gyzlar we oglanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Paýtagt Aşgabadyň we oňa golaý Ahal welaýatynda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň tas ählisine küştdepdi tansy öwredilýär. Okuwçylaryň käbiri bu tansy öwrenmek çäresine höwes bilen gatnaşsa, käbiri nägilelik bildirýär.

Bilim resmileri mejbury çäräniň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler. Mugallymlaryň ençemesi muny “ýaşlary bilimden daşlaşdyryp, köpçülikleýin çärelere taýýarlamak tagallalary” häsiýetlendirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“25-nji maýda geçiriljek Soňky jaň dabarasyna sanlyja gün galanda, orta mekdeplerde 12-nji synpy tamamlaýan uçurym gyzlara we oglanlara küştdepdi tansyny öwretmek işleri batlandy. Bu işler mekdebiň sport zallarynda ýa-da daşardaky sport meýdançalarynda, ýygnaklaryň zalynyň sahnasynda geçirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly bilim işgärleri anonimlik şertinde aýtdy.

Pes bahalar barada haýbatlar

Bilim işgärleriniň we 12-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, küştdepdini öwrenmek hökmany talap bolup, mekdep ýolbaşçylary uçurym gyzlaryň we oglanlaryň ählisinden ony berjaý etmegi talap edýärler.

“Okuwçylar her gün sapak wagtynda bir sagat tans öwrenmeli bolýarlar. Olar bu tansy Soňky jaň dabarasynyň geçirilýän gününde mekdebiň öňünde ýerine ýetirmeli bolarlar. Tansa o diýen ukyby bolmadyklardan tans edýänleriň daşyna halka bolup, el çarpmak talap edilýär” diýip, paýtagtly 12-nji synp mekdep okuwçysy anonimlik şertinde aýtdy.

Käbir ýaşlar höwes bilen gatnaşsa, käbiri nägile bolýar. Tansy öwrenmek islemeýänlere, ylym-bilim derejesi ýokary bolsa-da, pes bahalaryň goýuljakdygy barada haýbat atylýar we gysyşlara sezewar edilýär diýip, bilim işgärleri we ýokary synp okuwçylar aýdýar.

Mekdep resmileri mejbury çäräniň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler. Şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, mekdep ýolbaşçylary bu barada gönükdirilýän soraglara “ýaşlaryň her biri milli tansymyzy öwrenmeli” diýip jogap berýärler.

Şol bir wagtda, mugallymlaryň käbiri muny “ýaşlary bilimden daşlaşdyrmak we ýokary okuw jaýlarynda geçirilýän köpçülikleýin çärelerine taýýarlamak tagallalary” häsiýetlendirýär.

"Ýalan propagandanyň mahabatynda ulanylýar"

“Ýokary okuw jaýlarynda talyplar has köp köpçülikleýin çärelere gatnaşýarlar. Mekdebi tamamlaýan ýaşlara küştdepdini öwretmek arkaly olary şol çärelere taýýarlaýarlar. Ýaşlar sapak geçmegiň deregine, olar bilimden has-da daşlaşdyrylýar. Olar hökümetiň ýalan propagandasynyň mahabatynda ulanylýar” diýip, aşgabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda okuwçylary we talyplary sapak wagtynda köpçülikleýin mejbury çärelere gatnaşdyrmak tejribesi giňden ýaýrandyr. Olar bu çärelerde aýdym-sazly çykyşlary we tanslary hem ýerine ýetirýärler.

Azatlyk ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ahal welaýat we Aşgabat şäher Bilim müdirlikleri bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji maýda ministrligiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Soňky ýyllarda orta mekdeplerde geçirilýän Soňky jaň dabaralarynda käbir uçurymlaryň küştdepdi tansyny ýerine ýetirmegi ýaly tejribelere ýygy-ýygydan duş gelse bolýar. Ýöne bu häzirki ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandy.

Türkmen halk sungaty bolan küştdepdi ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Bu karar ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2017-nji ýylyň dekabr aýnda Koreýanyň Çeju şäherinde geçen 12-nji sessiýasynda kabul edildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG