Tähran, konfliktde hüjümleriň täze tolkunynyň amala aşyrylýan we ok atyşygy bes etmek baradaky çeýe bolmadyk ylalaşyk howp astynda galýan mahaly, ABŞ-ny parahatçylyk gepleşiklerinde "gapma-garşylykly talaplary" öňe sürmekde aýyplady.
Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri 1-nji iýunda Eýranyň desgalaryna garşy ýene-de bir gezek "öz-özüňi goramak" hüjümlerini amala aşyrandygyny, Eýranyň bolsa ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky ýarany Kuweýte raketa we dron hüjümleri bilen jogap berendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) öz beýanatynda “geçen hepdäniň ahyrynda Eýranyň Goruk şäherindäki we Keşm adasyndaky Eýranyň radarlaryna we dronlaryň dolandyryş merkezlerine öz-özüňi goramak hüjümlerini edendigini” aýtdy.
Degişli maglumat
ABŞ Eýrana täze 'goranyş' hüjümleri edendigini we Hormuz bogazynyň golaýynda dronlary urup gaçyrandygyny tassykladyEýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (IRGC) ABŞ-nyň güýçleriniň Sirik adasyndaky telekommunikasiýa diňine hüjüm edendigini we munuň Eýrany, Kuweýte salgylanyp, "hüjümiň başladylan howa bazasyny" nyşana almaga mejbur edendigini aýtdy.
Bu gapma-garşylykly hüjümler, aprel aýynyň başynda ok atyşygy 40 günläp bes etmek baradaky ylalaşyk güýje girenden bäri, ABŞ-nyň Eýrandaky nyşanalaryna garşy "öz-özüňi goramak" maksady bilen yglan eden azyndan üçünji hüjümidir.
Eýranyň raketalarynyň, dronlarynyň we kiçi gaýyklarynyň ABŞ-nyň deňiz gämilerine hüjüm etmeginden soň, ABŞ güýçleri 7-nji maýda hüjümlere başladylar we 25-nji hem-de 27-28-nji maýda Waşington Hormuz bogazyndaky ABŞ goşunlaryna we söwda gämilerine howp salýandygyny aýdyp, Eýranyň raketa bazalaryna, mina goýýan gaýyklaryna we beýleki harby nyşanalaryna goşmaça hüjümleri amala aşyrdy.
Atyşyklara garamazdan, 8-nji aprelde ylalaşylan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk güýjünde galýan ýaly bolup görünýär, emma Tähran Waşingtony ok atyşygy bozmakda aýyplady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaýi 1-nji iýunda geçiren hepdelik metbugat brifinginde Birleşen Ştatlaryň "şu gün irden hem atyşygy bes etmek şertnamasyny bozýandygyny" aýtdy.
Ol Tähranyň "Eýranyň milli howpsuzlygyny goramak üçin zerur hasaplanýan ähli çäreleri görjekdigini" sözüne goşdy.
Bakaýi Birleşen Ştatlar bilen aragatnaşygyň "aşa şübhe we pessimizm şertlerinde" dowam edýändigini, sebäbi "beýleki tarapyň öz garaýyşlaryny yzygiderli üýtgedip we täze ýa-da gapma-garşylykly talaplary öňe sürýändigini" aýtdy.
Ylalaşygyň iň soňky taslamasy
Ilkinji bolup “Axios” neşiri tarapyndan 30-njy maýda habar berlen täze ylalaşygyň iň soňky taslamasynda ok atyşygy bes etmegiň möhleti 60 güne uzaldylyp, Hormuz bogazynyň täzeden açylmagy we ýadro gepleşikleriniň gaýtadan başladylmagy üçin çarçuwalyň döredilmegi teklip edilýär.
Şeýle hem, eger diplomatik öňegidişlik dowam etse, bu ylalaşyk Eýrana sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegi arkaly milliardlarça dollarlyk doňdurylan aktiwlere elýeterlilik bermäge mümkinçilik berýär.
Degişli maglumat
Eýran 88 günlük petiklemeden soň Interneti, çäklendirmeler bilen, gaýtadan dikeltdiEmma ABŞ-nyň metbugaty 31-nji maýda prezident Donald Trampyň Eýran bilen teklip edilýän ylalaşyga üýtgetmeleri girizmegi sorandygyny habar berdi. Habarlara görä, üýtgetmeler Hormuz bogazynyň statusyna we Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uran gorlarynyň ýok edilmegine degişlidir.
1-nji iýunda irden sosial mediada ýazan ýazgysynda Tramp "Eýran hakykatdanam ylalaşyk baglaşmak isleýär we bu ABŞ hem-de biziň bilen bolanlar üçin gowy [ylalaşyk] bolar" diýdi. Ol jikme-jik maglumat bermedi.
Bakaýi metbugat ýygnagynda Ysraýyl hüjümini giňeldýän we Waşington tarapyndan terrorçy diýlip yglan edilen Liwandaky "Hezbollah" toparynyň agzalaryny nyşana alýan mahaly, Liwanda ok atyşygy bes etmegiň Birleşen Ştatlar bilen baglaşyljak "islendik ylalaşyk üçin hökmany şert" bolup durýandygyny aýtdy.
Eýranyň parlamentiniň spikeri we ýadro gepleşikleriniň başlygy Mohammad Baker Kalibaf “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda Tähranyň pozisiýasyny gaýtalap, ABŞ-nyň Eýranyň portlaryny deňiz arkaly blokada etmegini we Ysraýylyň “Liwanda uruş jenaýatlaryny köpeltmegini” “ABŞ-nyň atyşygy bes etmek şertnamasyna boýun egmezligi” hökmünde aýyplady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.