Täze bellenen emeldarlaryň geçirýän barlaglary býujetçileri “ýadatdy”

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda golaýda geçirilen köpçülikleýin ýokary derejeli kadr çalşygyndan soň, ýurduň iri sebitleriniň döwlet edara-kärhanalarynda Aşgabatdan gelen ýörite toparlar barlag geçirip başlady.

Azatlygyň çeşmeleri bularyň netijesinde sebit derejesinde hem köp pudaklaryň ýolbaşçylarynyň çalşylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, ýerli edaralarda gyssagly taýýarlyk işleri geçirilýär, býujetçilerden mejbury pul toplanjakdygy duýdurylýar.

“Prezidentiň 13-nji fewralda täzelän emeldarlary welaýatlara aýlanyp başladylar. Aşgabatdan Mara 20 töweregi adamdan ybarat komissiýa geldi. Olar döwlet edaralaryna, mekdeplere we çagalar baglaryna aýlanýarlar” diýip, maryly mugallymlaryň biri 24-nji fewralda anonimlik şertinde gürrüň berdi.

50 ýaşlaryndaky bilim işgäriniň sözlerine görä, ýolbaşçylar býujetçileriň ählisiniň ir sagat 7-den ikindin 7-ä çenli degişli iş ýerlerinden çykman oturmagyny talap edýärler, şeýle-de olary edara binalaryny abatlamaga mejbur edýärler.

“Mundan başga, mekdeplerde we çagalar baglarynda ähli aýal işgärleriň meňzeş lybaslary geýmelidigi aýdyldy. Býujet edaralarynda, bu ýyl at ýyly bolany üçin, aýallaryň gülýakalarynyň, ýagny broşkalarynyň hem atyň nalynyň şeklinde bolmalydygy tabşyryldy. Indi gelýän barlag, hat-petekden başga-da, gelin-gyzlaryň ýakalaryna hem göz aýlamaly boldumy?!” diýip, söhbetdeşimiz nägileligini bildirdi.

Degişli maglumat Harbylaryň, kanun goraýjy işgärleriň arasynda režimiň geljegine 'ynamsyzlyk artýar'

Ol ýolbaşçylaryň ‘edaradaky ýeter-ýetmezleri doldurmak”, we onuň öz sözi bilen aýdylanda “barlagçylaryň gözüni ýumdurmak üçin” hem býujetçileriň ýene-de mejbury pul tabşyrmaly boljakdyklaryny aýdandyklaryny sözüne goşdy.

Döwletiň berk gözegçiligindäki mediasy sebitlerde, hususan-da häzir Mary welaýatynda dowam edýän barlaglar barada maglumat bermeýär.

Atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli emeldarlaryň biri, bu barlaglaryň esasy maksadynyň, Aşgabatdaky uly kadr çalşygyndan soň, sebitleriň ýerli ýolbaşçy düzümini hem täzelemekden ybaratdygyny aýtdy.

Mundan 10 gün ozal, prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda onlarça ýokary derejeli resmini çalyşdy. Olaryň arasynda wise-premýer, ozal bilim ministri bolan Baýramgül Orazdurdyýewa, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow hem bar.

Şeýle-de, hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden Mämmethan Çakyýew boşadyldy. Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Begmyrat Ataýew we ýene onlarça jogapkär resmi wezipesinden boşadyldy, emma sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady.

Mundan başga, mejlisiň ertesi güni, ýagny 14-nji fewralda Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysy general-maýor Nazar Atagaraýew hem, ‘başga işe geçmegi sebäpli’ diýen kesgitleme esasynda, wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy general-maýor Döwletgeldi Meredow bellenildi.

Ýerli çynçylar, dürli ugurlardaky çeşmelerimiz, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, 13-nji, 14-nji fewralda geçirilen kadr çalyşmalarynyň fonunda, habarçylarymyza adamlaryň ýurtdaky demikdiriji syýasy ýagdaýdan, çykalgasyz ykdysady çökgünlikden gaty ýadandyklaryny, täze bellenen ýolbaşçylaryň ilatda umyt döretmeýändigini aýtdylar.

Azatlygyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň hem tassyklamagyna görä, ýurduň başyndaky bir maşgalanyň “hökmürowan dolandyryşy sebäpli”, güýç gulluklaryndaky we goşundaky içki närazylyk, hökümete bolan ynamsyzlyk “öň görlüp-eşidilmedik derejä çykypdyr”.

Azatlygyň söhbetdeşleri ozallar hem uly kadr çalşyklaryndan soňky birnäçe aýyň dowamynda, täze resmileriň sebitlere aýlananyp, barlag geçirendiklerini, emma gysga wagtlyk işjeňlikden soň, ýagdaýlaryň öňki durkuna dolanýandygyny we gözegçiligiň ünsden düşürilýändigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.