Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyny täzeledi.
Türkmen metbugaty general-maýor Nazar Atagaraýewiň, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylandygyny, bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Meredowyň bellenilendigini habar berýär.
Atagaraýew MHM ministri wezipesine bellenmezinden öň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Meredow täze wezipesine bellenmezinden öň prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Soňky bir ýylyň dowamynda, ýurtdaky repressiýalar bilen baglylykda, bu ministrligiň gürrüňi sosial ulgamlarda has köp edildi diýip, synçylar aýdýar.
Howpsuzlyk ministrligindäki ýolbaşçy täzelenmesi hökümetiň bir gün ozal bolan giňişleýin mejlisinde geçirilen köpçülikleýin kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Hökümetiň 2025-nji ýylda bitiren işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisde aýdylmagyna görä, öňki ýyllarda aýdylyşy ýaly, geçen ýyl hem jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilipdir (6,3%).
Şeýle-de, hasabat döwründe zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigi aýdylýar.
Nebit-gaz ugrunda nämeler bolýar?
Türkmenistanyň esasy girdejisi nebit-gaz pudagyna bagly bolup durýan wagtynda we, içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendiginiň ýene bir gezek tassyklanmagy bilen, prezidentiň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, pensiýa gitmegi sebäpli diýlip, wezipesinden boşadyldy, nebit-gaz pudagyndaky esasy hünärmenleriň biri, 2023-nji ýylyň maýyndan bäri hökümet başlygynyň orunbasary bolan Batyr Amanow hem wezipesinden boşadyldy.
Wise-premýer, ozal bilim ministri bolan Baýramgül Orazdurdyýewa, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow hem wezipesinden boşadyldy. Bu ugurlar korrupsiýanyň iň çuň ornaşan pudaklary diýip bilinýär.
Şol bir wagtda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadylan Batyr Mämmedow hem ösdürilip, hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şeýle-de, Mämmethan Çakyýew hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Soňky döwürde bu resminiň gözegçilik eden pudagy hakynda hem sosial ulgamlarda, garaşsyz neşirlerde köp gürrüň edildi.
Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Begmyrat Ataýew we ýene onlarça jogapkär resmi wezipesinden boşadyldy, emma olaryň “gidiberleriniň” sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady.
Mejlisiň dowamynda Awtomobil ýollary ministrligi döredilip, Hangeldi Kerimow ministr wezipesine bellendi.
Kadr çalyşmalary ilata 'umyt bermeýär'
Maglumat üçin aýdylsa, 2025-nji ýyl zähmet haklarynyň we beýleki tölegleriň, öňki ýyllardan tapawutlylykda, 10% hem ýokarlanmazlygy bilen taryha girdi we, habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, ilatda ýurt ykdysadyýeti, geljek hakynda köp sorag döretdi.
Türkmenistanda prezidentiň permanlary esasynda bellenilýän jogapkär ýolbaşçylaryň yzygiderli täzelenip durmagy, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, kemçilikleriň belli bir derejede aýdylýan wagtynda, ilatda üýtgeşiklik, özgeriş boljakdygyna azda bolsa umyt döredýärdi.
Şeýle-de, ozallar işden aýrylýan resmiler il içinde belli derejede tanalýardy, soňkular kän tanalmaýar, ýolbaşçy işgärler bilen ilat arasyndaky gatnaşyk aýdyp bolmajak derejede peseldi ýa-da azaldy diýip, ýerli synçy aýtdy.
Ýerli çynçylar, dürli ugurlardaky çeşmelerimiz, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, 13-nji, 14-nji fewralda geçirilen kadr çalyşmalarynyň fonunda, habarçylarymyza adamlaryň ýurtdaky demikdiriji syýasy ýagdaýdan, çykalgasyz ykdysady çökgünlikden gaty ýadandyklaryny, täze bellenen ýolbaşçylaryň ilatda umyt döretmeýändigini aýtdylar.
Içeri işler ministrliginiň, döwlet migrasiýa gullugynyň, goranmak ministrliginiň, adalat ministrliginiň, milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralaryndaky çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, 2026-njy ýylyň fewralyna gelip, hukuk goraýjy edaralardaky we goşundaky içki närazylyk, hökümete bolan ynamsyzlyk “öň görlüp-eşidilmedik derejä çykypdyr”.
Aýdylmagyna görä, bu ýagdaýyň esasy sebäbi türkmen häkimiýetleriniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, ofiserleriň we esgerleriň iň bir ýönekeý sosial, ykdysady meselelerini çözüp bilmezligi, ýurduň güýç edaralaryndaky korrupsiýa we oňa garşy göreşilmezligi, bar bolan kynçylyklaryň boýun alynmazlygy bilen bagly.
Azatlygyň habarçylary ofiserleriň öý, jaý üpjünçiligi, sosial goraglylygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy we tehniki üpjünçiligi, esgerleriň kadaly egin-eşik we azyk üpjünçiligi bilen bagly meseleleri yzygiderli habar berýärler. Emma häkimiýetler bu hili maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
'Eden-etdilikden goranmagyň barha kynlaşýandygy' aýdylýar
Habarçylarymyz bilen gürleşen hukuk goraýjylar, harbylar ýurtda giň ýaýran korrupsiýadan, eden-etdilikden goranmagyň barha kynlaşýandygyny, raýatlaryň kanuny we kazyýet goraglylygy barada gürrüň etmegiň hem mümkin däldigini aýdýarlar.
Aýry-aýrylykda gürleşilen harbylaryň tassyklamagyna görä, Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň, ýurduň güýç edaralarynda iş ýüzünde hiç hili ideologik garaýyş, çemeleşme galmady, olar hakykatda diňe hökümetiň töleýän aýlygy we iş ýagdaýyndan ykdysady peýda görmek bilen gyzyklanýarlar.
"Gurbanguly Berdimuhamedowyň konstusiýany bozup, özüni şol wagtky iki palataly parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy edip bellemegi, öz ogluny prezident wezipesine geçirip, Halk maslahatynyň başlygy bolmagy harbylara we hukuk goraýjylara ýurtda hiç hili kanunyň islemeýändigini, režim üçin hiç hili syýasy ýa-da jemgyýetçilik ideologiýanyň, sähelçe-de bolsa prinsipleriň ýa ýörelgeleriň ýokdugyny görkezdi. Bu ýagdaý ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky korrupsiýany tasdan aç-açan görnüşe getirdi. Ýek-tük halal zähmet çekip, aýlyk alýan ofiser ýa polisiýa işgäri diýäýmeseň, güýç edaralarynyň ähli işgäri ol ýa-da beýleki görnüşde parahorluga batdy" diýip, paýtagtly harby habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz ýurtda çuň ornaşan syýasy basyşlaryň we yzarlamalaryň başynda durýan edaranyň - Milli howpsuzlyk ministrliginiň korrupsiýada goranmak ýa içeri işler ministrliginden, migrasiýa gullugyndan "yza galmaýandygyny" öňe sürýärler. Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, bu aýdylýanlary ýerinde barlap, tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Şol bir wagtda, balkanly MHM işgäriniň aýtmagyna görä, Atagaraýewiň Milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylmagy, bir tarapdan ýurtdaky umumy atmosferany tassyklasa, ikinji tarapdan, ýagdaýy gowy bilýän adamlara gowy umyt bermeýär.
"Berdimuhamedowlar maşgalasy [her] näme etjek, öz şahsy bähbidini gorajak, [olaryň] başga hiç bir problema ýa kynçylyk bilen işem-derdem ýok, olary ýurtdaky kynçylyklaryň hiç biri gyzyklandyranok" diýip, balkanly MHM işgäri Azatlygyň ynamdar çeşmesine aýtdy.
Ýurt ýolbaşçylarynyň göz üçin ministrleri çalşyp, ulgamlaýyn reformalary durmuşa geçirmekden, bar bolan kynçylyklary we kemçilikleri aç-açan boýun almakdan gaça durmagy, MHM işgäriniň pikiriçe, "ýurdy iru-giç ykdysady, sosial we soňy bilen syýasy anarhiýa oklap biler".
Hormatly okyjylar, diňleýjiler, bu temadan taýýarlan gepleşigimizi dolulygyna hepde ahyrynda, "Halk sesi" tapgyrynda diňläp bilersiňiz. Şeýle-de, sizi bu meselede öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum