Tramp ABŞ-nyň harby howpunyň artmagy sebäpli Eýranyň Waşington bilen 'çynlakaý gürleşýändigini' aýtdy

ABŞ-nyň "USS Abraham Linkoln" uçarly gämisi. (Arhiw suraty)

Prezident Donald Tramp harby hereketleriň täzeden başlanmagy baradaky haýbatlardan soň we dartgynly Ýakyn Gündogar sebitinde ABŞ-nyň "armadasynyň" ornaşmagy bilen baglylykda Eýranyň ABŞ bilen "çynlakaý gürleşýändigini" aýtdy.

Tähran "biz bilen gürleşýär we biz näme edip biljekdigimizi göreris. Bolmasa, näme boljagyny göreris... Biziň ol ýerde uly flotymyz bar" diýip, Tramp 31-nji ýanwarda "Fox News" telekanalyna aýtdy. "Olar gepleşik geçirýärler."

Soňra ol "Air Force One" prezident uçarynda "olar biziň bilen gürleşýärler - çynlakaý gürleşýärler" diýip, žurnalistlere aýtdy. Şeýle gepleşikleriň nähili ýagdaýlarda bolup biljekdigi dessine mälim edilmedi.

Tramp şeýle hem howpsuzlyk aladalaryny agzap, ABŞ-nyň administrasiýasynyň sebitdäki aladaly ýaranlaryna mümkin bolan harby hüjümler barada habar bermändigini aýtdy.

"Bolýar, biz olara plany aýdyp bilmeýäris. Eger men olara plany aýtsam, bu plany size [media] aýtmak ýaly erbet bolardy. Aslynda, belki has erbet bolup bilerdi" diýip, Tramp aýtdy.

Degişli maglumat Tramp Eýrany 'ylalaşyk baglaşmaga' çagyrdy, bolmasa ABŞ-nyň indiki hüjümi 'has erbet' bolar diýdi

1-nji fewraldaky teswirlerinde Tramp: "Umyt edýärin, ylalaşyk baglaşarys" diýdi.

Tramp Tähranyň we ýurduň beýleki şäherleriniň köçelerinde hökümete garşy protestçilere garşy basyşlar dowam edýärkä Eýranyň awtokratik hökümdarlaryna garşy açyk berk pozisiýany eýeledi.

29-njy ýanwarda ol Eýranyň ýadro programmasyny togtatmalydygyny hem-de "protestçileri öldürmegi" bes etmelidigini aýtdy we bu talaplaryň Eýran resmilerine ýetirilendigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň harby güýçleri sebite barýar

Iki gün öň ol "uly armadanyň" Eýrana tarap hereket edýändigini yglan etdi hem zerur bolanda "çaltlyk we gazap" bilen hereket edip biljekdigini duýdurdy, şol bir wagtyň özünde Eýrany ýadro ýaragsyz galdyrjak "adalatly ylalaşyga" umyt bildirdi.

ABŞ-nyň harby güýçleri Eýranyň kenaryna ýakyn "USS Abraham Linkoln" uçarly gämisiniň ýolbaşçylygyndaky deňiz hüjüm toparyny ýerleşdirdi.

Eýranda internet hyzmatynyň kesilmegi sebäpli, soňky günlerde azalan ýaly bolup görünýän köpçülikleýin demonstrasiýalaryň dowamynda ölen protestçileriň sanyny kesgitlemek kyn.

Eýranda şu ýylyň başynda zorlukly basyşlar başlaly bäri Azatlyk Radiosy tarapyndan yzygiderli salgylanylýan ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasynyň maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçlerini goşmak bilen ölenleriň tassyklanan sany häzir 6563 adam bolupdyr, ölenleriň henizem derňelýän sany 17091 adama ýetipdir. 49000-den gowrak adam tussag edilipdir.

Dürli habar beriş serişdeleri tarapyndan sitirlenýän resmileriň käbir çaklamalarynda agzalýan sanlar birnäçe esse ýokary.

Eýran 28-nji dekabrdan bäri, parahatçylykly protestçiler Tähranda köçelere çykyp, häkimiýetlerden inflýasiýany we milli puluň hümmetiniň pese gaçmagyny bes etmegi talap edip başlaly bäri durnuksyz ýagdaýda.

Ykdysady protestler giňelýär

Bu protestler tutuş ýurda ýaýrap, has giň gerimli hökümete garşy herekete öwrüldi, häkimiýetler muňa giň gerimli hem-de adam ölümine getiren hereketler bilen jogap berdiler, bu bolsa bütin dünýäde gahar-gazaba sebäp boldy.

Degişli maglumat ABŞ-nyň hüjüm howpunyň ähtimallygynyň arasynda Eýranyň goňşulary jogaba taýýarlanýarlar

Soňky ýyllarda Günbataryň maliýe sanksiýalary Eýranyň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirdi, bu bolsa wagtal-wagtal bahalaryň ýokarlanmagy we möhüm harytlaryň hem-de energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli köçe protestlerine sebäp boldy.

Häzirki demonstrasiýalara Yslam respublikasy üçin 1979-njy ýylda döredileli bäri iň uly kynçylyk hökmünde serediýär.

Agyr sanksiýalar gaýtadan güýçlendi

Eýran 2015-nji ýylda möhüm ylalaşyga - Bilelikdäki giňişleýin hereket meýilnamasyna (JCPOA) - razy bolupdy, dünýä döwletleri onuň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak üçin ykdysady sanksiýalary ýeňilleşdirmegi maksat edinipdi.

Emma Tramp ilkinji prezident möhletinde 2018-nji ýylda Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykaryp, Tährana garşy agyr sanksiýalary täzeden girizdi.

Eýran 2025-nji ýylyň iýul aýynda Fordow, Isfahan we Natanz ýaly ýerlerindäki esasy ýadro merkezleriniň ABŞ we Ysraýyl tarapyndan bombalamagyna jogap hökmünde Halkara Atom Energiýasy Agentligi bilen hyzmatdaşlygyny togtatdy.

"Eýran çaltlyk bilen "Stol başyna gelip", ähli taraplar üçin peýdaly bolan adalatly we deňhukukly ylalaşyk - ÝADRO ÝARAGLARY ÝOK etmek barada gepleşik geçirer diýen umyt bar" diýip, Tramp 28-nji ýanwarda sosial mediada ýazan habarynda aýtdy.

"Wagt gutarýar, bu hakykatdanam möhüm! Men Eýrana öň bir gezek aýdyşym ýaly, YLALAŞYGA GELIŇ! Olar şeýle etmediler we Eýrana üçin uly weýrançylyk bolan "Ýary gijeki çekiç operasiýasy" boldy. Indiki hüjüm has erbet bolar!"

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Videos Show Destroyed Building In Iranian Port City

Eýranyň daşary işler ministri Waşington bilen ýadro gepleşiklerini dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi, emma Tähran ýene-de raketa programmasynyň we goranyş mümkinçilikleriniň töweregine "gyzyl çyzyk" çekdi.

30-njy ýanwarda Stambulda çykyş eden daşary işler ministri Abbas Arakçi, eger gepleşikler "adalatly we deňhukukly" esasda geçirilse, Tähranyň Waşington bilen gepleşiklere gaýtadan başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Arakçi metbugat ýygnagynda Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly "ynamy güýçlendirýän" çärelere açykdygyny, ýöne Eýranyň harby pozisiýasy barada gepleşik geçirmejekdigini nygtady.

"Eýranyň goranyş mümkinçilikleri we raketalary hiç haçan gepleşikleriň temasy bolmaz" - diýip Arakçi aýtdy. Ol häzirki wagtda Tähran bilen Waşingtonyň arasynda gönüden-göni gepleşikleriň meýilleşdirilmeýändigini, munuň Trampyň "gepleşikler" baradaky sözlerine ters gelýän ýaly görünýändigini sözüne goşdy.

Eýranyň ýolbaşçylygynyň maglumatyna görä, prezident Masud Pezeşkian Erdogana islendik üstünlikli gepleşikleriň "sebitde uruş dörediji we howp salýan hereketlerden" ýüz öwürmeklige bagly boljakdygyny aýdypdyr.

Prezident edarasy soňra Pezeşkýanyň Müsüriň prezidenti Abdel Fatah el-Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň "hiç haçan uruş gözlemändigini we hiç hili ýagdaýda uruş islemeýändigini hem-de urşuň Eýranyň, ABŞ-nyň ýa-da sebitiň bähbidine bolmajagyna berk ynanýandygyny" aýdandygyny habar berdi.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Ali Larijani "ýasama metbugat urşunyň şowhunyna garamazdan, gepleşikler üçin düzümleýin ylalaşyklar öňe gidýär" diýdi.

Larijani bu sözlerini 31-nji ýanwarda aýtdy, bir gün öň Russiýa onuň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada gepleşik geçirendigini habar berdi.

AÝ/AR-nyň Farda Radiosy we Reuters tarapyndan berlen habarlar ulanyldy.