Ukrainanyň harby güýçleriniň uly derejede bil baglaýan "Starlink" sputnik internet hyzmatlarynyň ulanylyşyna girizilen çäklendirmeler baradaky jedelleriň güýçlenýän wagtynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp kompaniýanyň ýolbaşçysy Elon Maskyň Kiýewiň bu hyzmatdan peýdalanmagyna girizilen çäklendirmeleri aýrandygyny öňe sürdi.
"Ol ony öňki ýagdaýyna getirdi" diýip, Tramp 22-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy. Bu waka, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň CNN telekanalyna ýurdunda bu hyzmaty ulanmak bilen baglanyşykly kynçylyklaryň henizem dowam edýändigini tassyklamagyndan birnäçe sagat soň bolup geçdi.
Trampyň bu soňky beýanaty barada Mask tarapyndan dessine hiç hili reaksiýa bildirilmedi.
Maskyň "SpaceX" kompaniýasyna degişli bolan "Starlink" ulgamy, ABŞ-nyň harby güýçlerine we beýleki hyzmatdaşlaryna lisenziýa esasynda berlen harby önüm bolan "Starshield" ulgamynyň täjirçilik görnüşidir. Onuň netijeliligi "Starlink" bilen baglanyşykly tehnologiýalara we hemra infrastrukturasyna esaslanýar. Şeýle-de bolsa, "Starlink" adalgasy köplenç bu iki ulgamyň ikisini hem öz içine alýan umumy at hökmünde ulanylýar.
Maskyň bu mesele boýunça soňky gezek eden beýanaty 14-nji oktýabrda, ýagny Ukrainanyň sputnik hyzmatlarynda bökdençlikleriň ýüze çykandygyny habar beren ilkinji gününe gabat geldi. Şonda ol: "Starshield" ulgamlary ABŞ-nyň hökümetine degişlidir we onuň gözegçiligindedir" diýipdi.
Ol şol wagt "X" sosial ulgamynda şeýle ýazdy: "Tizlik ýa-da ulanylyş bilen baglanyşykly islendik çäklendirmeler ABŞ-nyň harby güýçleri we iň soňky kararda ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan kesgitlenýär".
Degişli maglumat
Ukraina "Starlink" çäklendirmeleri barada ABŞ-dan henizem jogaba garaşýar, kanunçykaryjylar derňew talap edýärBu meseleden habarly ukrain resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýurduň käbir harby bölümlerinde internet tizliginiň ýokarlanmagy barada berlen habarlara garamazdan, bu ýagdaýyň ähli ýerlere degişli däldigini aýtdy.
Resmi şeýle hem, internet tizliginiň Russiýanyň soňky aýlarda Ukraina garşy has ýygy-ýygydan ulanýan, ýurduň logistika, energetika we raýat infrastrukturasyna uly zeper ýetirýän reaktiw hereketlendirijili dronlaryny ele salmak ýa-da olara garşy durmak üçin ýeterlik däldigini belledi.
Ondan öň, Ukrainanyň ABŞ-daky işlerini wagtlaýyn ýerine ýetirýän wekili Denis Senik Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Kiýewiň bu mesele boýunça Pentagondan we Maskyň "SpaceX" kompaniýasynda hiç hili jogap almandygyny aýdypdy. Senik: "Tizlik çäklendirmeleri aýrylmady" diýdi.
Ol 23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýagdaýyň "gynansak-da, gowulaşmandygyny" tassyklady.
"Starshield" ulgamy üçin tizlik çäklendirmeleri henizem güýjünde galýar. Ukrainler her gün oňyn habarlara garaşýarlar. Gynansak-da, şu gün ýagdaý şol bir durkunda galýar" diýip, ol aýtdy.
Zelenskiý ýakyn günlerde bu meseläni ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen ara alyp maslahatlaşmagy umyt edýändigini aýtdy. Rubio mundan öň Trampyň ýa-da ABŞ-nyň hökümetindäki islendik biriniň ulgamlara üýtgeşme girizilmegini talap edendigi baradaky maglumatlary ret edipdi.
"Starlink" we onuň harby maksatly görnüşi bolan "Starshield" bilen baglanyşykly jedeller birnäçe soragy ýüze çykardy: çäklendirmelere kim rugsat berdi, Trampyň administrasiýasy bu barada öňünden bilýärmidi we girizilen üýtgetmeler Ukrainanyň rus hüjümlerine garşy özüni goramak ukybyna nähili täsir etdi?
Degişli maglumat
Russiýa Kiýewe zarba urýan mahaly ABŞ-nyň Ukraina aňtaw maglumatlaryny bermegi barada näbellilik saklanýarÝakynda Kiýewe sapar eden Kongresiň resmi topary, girizilen çäklendirmeleriň Ukrainanyň howa gorag ulgamlaryny gowşadandygyny we ABŞ-nyň wekillerini howp astynda goýandygyny aýtdy.
Sagatda 280 mil ýa-da ondan hem ýokary tizlik bilen hereket edip bilýän, Russiýanyň reaktiw hereketlendirijili "Shahed" dronlary aýratyn kynçylyk döretdi. Habarlara görä, "Starshield" ulgamynda tizlik çäklendirmeleri ilki başda sagatda 60 mil, soňra bolsa 100 mil möçberinde bellenilipdir; bu bolsa, ulgamyň has çalt hereket edýän obýektler bilen aragatnaşygyny ýitirip biljekdigini aňladýar.
Kiýewiň rus howa hüjümlerine garşy goranmakda bil baglaýan we "SpaceX" kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan "Starlink" hyzmatynyň harby görnüşi bolan "Starshield" sputnik ulgamyndaky bökdençlikler, Ukrainany aýratyn howply ýagdaýda goýdy.
Zelenskiýniň beren maglumatyna görä, 22-nji oktýabrda Russiýa Kiýewe garşy ballistik raketalar bilen üç tapgyr täze hüjümini amala aşyrypdyr. Onuň sözlerine görä, bu hüjümler ýaşaýyş jaýlaryna, energetika desgalaryna, demir ýol menzillerine we metro infrastrukturasyna, söwda merkezlerine, dürli kärhanalara, şeýle-de bir dini bina zeper ýetirdi.
Ukrainanyň prezidenti Russiýanyň Ukrainanyň çägine 21 sany raketa atandygyny, netijede Kiýewde we ýurduň beýleki sebitlerinde iki adamyň heläk bolandygyny, 34 adamyň, şol sanda bäş çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýanyň bu soňky hüjümleri, ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen parahatçylyk prosesini öňe süýşürmek barada gepleşik geçirmeginden birnäçe sagat soň bolup geçdi. Witkoff gepleşik wagtynda öz söhbetdeşi Putini "gumanitar garaýyşly adam" diýip häsiýetlendirdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Russia Hits Kyiv With Ballistic Missiles
21-nji oktýabrda Mumbaýda çykyş eden Rubio Trampyň ýa-da ABŞ-nyň beýleki resmileriniň üýtgetmeleri sorandygyny ýa-da bu karardan öňünden habarly bolandygyny inkär etdi.
"Birleşen Ştatlaryň prezidenti ýa-da biziň ulgamymyzdaky hiç kim bu ulgama üýtgetmeleriň girizilmegini hiç haçan haýyş etmedi" diýip, Rubio aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň kanun çykaryjylary, demokratlar we käbir respublikanlar signalyň haýallamagynyň derňewlerini geçirmäge çagyrdylar.
Kaliforniýadan senator Adam Şiff gapma-garşylykly hasabatlaryň Senatyň doly derňewini talap edýändigini aýtdy we Maskyň kasam içip şaýatlyk bermegini çagyrdy. Arizonadan senator Ruben Gallego hem Maskdan karary meýletin düşündirmegi sorady.
Delawerden senator Kris Kuns Maskyň "bir öçürip-ýakmak bilen" urşuň netijesine täsir etmek ygtyýarynyň bolmaly däldigini aýtdy, Massaçusetsden senator Elizabet Uorren bolsa, hususy ýerine ýetirijiniň iş ýüzünde ABŞ-nyň daşary syýasatyna täsir ýetirip bilmeginiň töwekgelçilikleri barada duýduryş berdi.
Kaliforniýadan demokrat wekil Ami Bera signalyň haýallamagynyň "Ukrainanyň goranyşyny bozandygyny we bigünä adamlaryň janyna howp salandygyny" aýtdy we Kongresi muňa kimiň ygtyýar berendigini anyklamaga we jogapkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Pensilwaniýadan respublikan wekil Braýan Fitspatrik hem derňew geçirmeklige çagyrdy.
Aýratynlykda, Wekiller öýüniň ýigrimi çemesi agzasyndan ybarat iki partiýaly topar Trampy Maska basyş etmäge çagyrdy, ol Ukraina Russiýanyň içindäki raketa atyş merkezlerini nyşana almak üçin "Starlinki" ulanmaga rugsat bermegi talap etdi.
“Eger Ukraina Russiýanyň 'oklaryny' ygtybarly tutup bilmese, onda ol 'ok atyjyny' atyp bilmelidir” diýip, kanun çykaryjylar 21-nji oktýabrda ýollan hatynda ýazyp, Ukrainanyň öz şäherlerine hüjüm etmek üçin ulanylýan atyş enjamlaryny ýok etmek ukybyna mätäçdigini öňe sürdüler.
Bu başlangyja Günorta Karolina ştatyndan Respublikan wekili Jo Wilson ýolbaşçylyk etdi we oňa ýedi respublikan we 16 demokrat gatnaşdy. Kanun çykaryjylar Ukraina has giň mümkinçilik bermegiň adamlaryň janyny halas edip biljekdigini we Putine gepleşikler üçin has uly itergi bolup biljekdigini aýtdylar.