ABŞ Türkmenistanyň raýatlaryna girizilen wiza çäklendirmelerini gowşadyp, migrasiýa bilen bagly bolmadyk wizalara salnan gadaganlygy ýatyrdy, şol bir wagtda, Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda Green Card boýunça çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu barada 16-njy dekabrda Ak tamyň ýaýradan täze proklamasiýasynda bellenilýär.
Iýun aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ilki çykaran proklamasiýasy 12 ýurduň raýatlary üçin ABŞ-a girmegi doly gadagan edýärdi we ýene ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna çäklendirmeleri girizmegi göz öňünde tutýardy. Bu karar ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan goramak” maksady we howpsuzlyk wehimleri bilen düşündürilipdi.
Sentýabrda güýje giren ilki karara laýyklykda, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine gadaganlyk girizildi. Amerikan häkimiýetleriniň düşündirişine görä, bu çäreler käbir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-nyň wiza düzgünlerini köpçülikleýin bozmagy bilen baglylykda kabul edildi.
Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi seýrek reaksiýa bilen çykyş edip, bu karara “aşa düşünişmezlik” we “alada” beýan etdi.
"Netijeli hyzmatdaşlyk"
“Soňky döwürde Türkmenistan şahsyýeti tassyklamak we maglumat alyşmak ulgamlaryny kämilleşdirdi, şeýle-de migrasiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy” diýip, Ak tamyň 16-njy dekabrda ýaýradan dokumentinde bellenilýär.
Munuň netijesinde, Türkmenistanyň raýatlaryna ABŞ-a şu aşaky wiza görnüşleri bilen girmek gaýtadan rugsat berildi:
- B-1 (işewürlik wizasy) - Iş duşuşyklaryna, gepleşiklere, maslahatlara we beýleki işewür çärelerine gysga möhletli gatnaşmak üçin;
- B-2 (syýahatçylyk wizasy) - Syýahat etmek, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak ýaly maksatlar üçin;
- B-1/B-2 (utgaşyk wiza) - Işewürlik we syýahatçylyk maksatlaryny bilelikde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär;
- F (talyp wizasy) - Uniwersitetlerde, kollejlerde we dil okuw merkezlerinde bilim almak üçin;
- M (hünär okuw wizasy) - Tehniki we hünär ugurlary boýunça okuwlar üçin, we
- J (alyş-çalyş wizasy) - Tejribe, okuw, ylmy-barlag we medeni alyş-çalyş maksatnamalary üçin.
Green Card
Şol bir wagtda, dokumentde ABŞ-da hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almaga mümkinçilik berýän we bije görnüşinde çekilýän grin karta (Green Card) boýunça çäklendirmeleriň saklanyp galýandygy nygtalýar.
Bu soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän we esasy azatlyklary barha bogýan Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda ABŞ-a gitmäge islegleriň ep-esli artan, şeýle-de Green Card almak üçin ýüz tutýanlaryň göz-görtele köpelen döwrüne gabat geldi. Bu ugurda bar bolan statistiki sanlara görä, 2016-njy we 2023-nji ýyllaryň aralygynda Green Card almak mümkinçiligine eýe bolan türkmenistanlylaryň sany 14 esse töweregi ýokarlanypdyr.
Degişli maglumat ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýarAzatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň bu meselä üns bilen syn edilýändigini, hususan-da, ABŞ-da emlägi bolan türkmen raýatlarynyň Ak Tamyň wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýandygyny habar beripdi. Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmen raýatlarynyň, ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň sany barada anyk açyk maglumat ýok.
Mundan başga, noýabryň aýagynda Waşingtonda Owganystandan gelen biriniň Milli Gwardiýanyň goşunlaryna eden ýaragly hüjüminden soň, Trampyň administrasiýasy “alada döredýän” her ýurtdan gelen her bir daşary ýurtly üçin her bir Green Card-yň doly möçberde, berk gaýtadan gözden geçiriljekdigini yglan etdi. Şol pursat, “alada döredýän” ýurtlaryň Trampyň iýun aýynda 19 ýurdy, şol sanda Türkmenistany hem "anyk alada döredýän" diýip klassifikasiýa eden döwletlerdigi aýdyňlaşdyrylypdy.
Resmi Aşgabat, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky özgerişler boýunça häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.
Bellemeli ýeri, hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri çäklendirmeleriň iýun aýynda girizilmegi barada aglaba dyman bolsalar, häzir gadaganlyklaryň bölekleýin gowşadylmagyny giňden habar berýärler. Metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri bolsa, bu meseläni doly ünsden düşürýärler.
Çäklendirmeler sanawyna täze ýurtlar goşuldy
Bellesek, Ak tamyň 16-njy dekabrda ýaýradan prokomasiýasynda iýunda kabul edilen ilki dokumentde görkezilen “ýokary töwekgelçilikli 12 ýurda, ýagny Owganystana, Burma, Çada, Kongo Respublikasyna, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Gaýitä, Eýrana, Liwiýa, Somalä, Sudana we Ýemene girizilen doly çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu sanawa başga-da bäş ýurt, ýagny Burkina Faso, Mali, Nigeriýa, Günorta Sudan we Siriýa goşuldy, şeýle-de çäklendirmeler Palestina awtonomiýasynyň häkimiýetleri tarapyndan berlen syýahatçylyk dokumentlerine degişli edildi.
Mundan başga, Türkmenistanyň hem ozal bolan “çäkli gadaganlyk” girizilen ýedi ýurduň arasyndan iki döwlet, ýagny Laos we Sierra Leone hem “doly gadaganlyk” ornaşdyrylan sanawa goşuldy. Şeýle-de, täze 15 ýurt, aglaba Afrika döwletleri “çäkli gadaganlyk” sanawyna girizildi.
Bu çäreler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.
Proklamasiýa ABŞ-da hemişelik ýaşamaga kanuny rugsady bolanlary, elinde wizasy bolanlary, türgenler we diplomatlara niýetlenen kesgitli wiza görnüşlerini, we ýurda gelmegi ABŞ-nyň bähbitlerine hyzmat edýän şahslary göz öňünde tutmaýar.
Degişli maglumat Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldiAk tamyň proklamasiýasynda çäklendirmeleriň we gadaganlyklaryň ABŞ-nyň degişli töwekgelçilik derejesini seljerip bilmegi üçin ýeterlik maglumat bolmadyk daşary ýurt raýatlarynyň ýurda girmeginiň öňüni almagy, daşary ýurt hökümetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, immigrasiýa kanunlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi hem-de daşary syýasat, milli howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş boýunça beýleki möhüm maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýandygy nygtalýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.