ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýakyn Gündogarda söweşleri bes etmek, Hormuz bogazyny açmak we ABŞ-nyň Eýranyň portlaryna goýan blokadasyny bes etmek üçin çarçuwaly ylalaşyga gelnendigini aýtdy.
"Eýran Yslam Respublikasy bilen ylalaşyk indi tamamlandy" diýip, Tramp Waşington bilen Tähranyň arasynda has jikme-jik parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga mümkinçilik berýän 60 günlük möhleti açyp biljek ylalaşyga gelnendigini yglan edip, "Truth Social"-da ýazdy.
Waşington bilen Tähranyň arasynda araçy bolup çykyş eden Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif parahatçylyk ylalaşygynyň gazanylandygyny we gol çekiş dabarasynyň 19-njy iýunda Şweýsariýada geçiriljekdigini tassyklady.
Eýran ylalaşygyň gazanylandygyny tassyklady, daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabdi 15-nji iýunda irden "Liwan bilen birlikde ähli frontlarda urşuň hemişelik we derrew bes edilmegi yglan edildi" diýdi.
Ol şertnama resmi taýdan gol çekilenden soň Hormuz bogazynyň 19-njy iýunda täzeden açyljakdygyny hem sözüne goşdy.
Eger gutarnykly ylalaşyga hakykatdanam gol çekilse, bu ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy howa hüjümlerine başlandan bäri Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygy bes etmekde iň uly ädim bolar.
"Bu Beýik Ylalaşyk tutuş sebite parahatçylyk we howpsuzlyk getirer" diýip, Tramp ýazdy.
"Anna güni [19-njy iýunda] Ylalaşyga gol çekilenden soň minalary aýyrmak maksatly bogazyň açylmagy bilen, sebit we dünýä üçin nebit gaýtadan akar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat
ABŞ we Eýran ylalaşyga golaýlaýar, sebit ilerlemä garaşýarEýranyň döwlet eýeçiligindäki "Mehr" habar agentligi 14 maddadan ybarat özara düşünişmek memorandumynyň jikme-jiklikleri diýip, maglumat çap etdi we onuň ýadro meseleleri boýunça 60 günlük gepleşikleri we Tährana garşy sanksiýalaryň doly ýatyrylmagyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Tramp islendik giňişleýin parahatçylyk ylalaşygynyň esasy elementiniň Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygyndan we Hormuz bogazynyň erkin gämi gatnawlary üçin açyk bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.
"Reuters" agentligi öň Eýranyň ýokary derejeli resmisiniň teklibine görä, ylalaşygyň taslamasynyň şertlerine laýyklykda, Birleşen Ştatlaryň Eýranyň 25 milliard dollarlyk doňdurylan aktiwlerini boşatmaga razy boljakdygyny, Tähranyň bolsa ýadro ýaraglaryny öndürmezlige ýa-da satyn almazlyga razy boljakdygyny ýazdy.
Resmi Eýranyň gutarnykly ylalaşyga gelinýänçä ýadro status-kwosyny saklamaga, şol sanda urany baýlaşdyrmak ýa-da ýadro desgalaryny giňeltmek gadagançylygyna razy bolandygyny aýtdy.
Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusyna (IRGC) ýakyn "Fars" habar agentligi "Pars aýlagyndan geçýän deňiz gatnawynyň Eýran tarapyndan Oman bilen utgaşdyrylyp düzgünleşdiriljekdigi barada karara gelindi" diýip, aýtdy bu Trampyň öňki belliklerine ters gelýär.
Eýranyň harby serkerdeligi parahatçylyk ylalaşygyny ýurduň ýeňşi diýip yglan etdi.
Tramp öň "The Wall Street Journal" gazetine ylalaşygyň ýa özi tarapyndan elektron görnüşinde, ýa-da wise-prezident JD Wans tarapyndan gol çekiljekdigini aýtdy.
Wans soňra Ženewada ylalaşyga gol çekişmek dabarasyna gatnaşmagy meýilleşdirýändigini we Trampyň hem gatnaşmagynyň "mümkindigini" aýtdy.
Eýrandaky garyşykly duýgular
Adaty eýranlylar munuň näme aňladýandygyna henizem düşünjek bolýarlar, käbirleri seresaply optimizm bildirýärler, beýlekiler bolsa ikirjeňlenýärler.
"Men olaryň ylalaşyga gol çekmegini umyt edýärin, şonda bize belli bir parahatçylyk geler" diýip, 50 ýaşlaryndaky bir aýal Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna aýtdy. Ol, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan beýlekiler ýaly, howpsuzlyk howatyrlanmalary sebäpli adyny aýtmazlygy makul bildi.
Ol çaknyşyklaryň adamlara kyn bolandygyny aýdyp, "uruşdan galan stres biz bilen ýyllarboýy galar" diýdi.
Ol Birleşen Ştatlar bilen has gowy gatnaşyklaryň bolmagyna umyt edendigini aýtdy, ýöne Eýranyň ruhany ýolbaşçylygy häkimiýetde galýarka munuň mümkin däldigini sözüne goşdy.
"Men diňe uruş bolmaz diýip umyt edýärin, bu ýagdaýy hasam erbetleşdirdi" diýip zenan aýtdy.
Degişli maglumat
Eýranyň döwlet mediasy ABŞ-nyň ylalaşyk taslamasynda ýadro gadagançylygynyň bardygyny aýdýar30 ýaşlaryndaky bir erkek hem söweşleriň bes edilmegine begenç bildirdi, ýöne ol gutarnykly ylalaşygyň Eýranyň içerki işlerine nähili täsir etjekdigini bilmeýändigini aýtdy.
“Eger bu has köp açyş getirip, ykdysadyýeti gowulandyrsa, onda bu oňyn zat bolar” diýip, ol Farda Radiosyna aýtdy we munuň Yslam respublikasyny gowşatjakdygyna umyt baglady.
“Uzak möhletde munuň Yslam respublikasynyň ýykylmagyna getirjekdigine umyt edýärin, sebäbi olar adamlara üns bermeýärler” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
30 ýaşlarynyň ahyryndaky başga bir eýranly köp adamyň ylalaşygy “gysga möhletli ylalaşyk” hökmünde görýändigini we şonuň üçin “bu barada umytly däldigini” gürrüň berdi. Şeýle-de bolsa, ol Eýrandaky käbir berk liniýaly syýasatçylaryň garşylygyny agzap, Birleşen Ştatlar bilen ylalaşygyň “režimi içerden üýtgetmek prosesiniň” bir bölegi bolup biljegini çak etdi.
Ýakyn Gündogardaky has giň uruş
Fewral aýynyň ahyrynda Eýrana edilen ilkinji howa hüjümlerinden soň, Tähran ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky ýaranlaryna garşy dron we raketa zarbalary bilen jogap berdi, yzýany uruş Ýakyn Gündogara giň ýaýrady.
Liwanda hem parallel çaknyşyk başlandy, Ysraýyl serhetden Ysraýyla garşy raketa uçuran "Hizbollah" söweşiji toparynyň merkezlerini nyşana aldy.
Eýran tarapyndan goldanýan "Hizbollah" söweşiji topar we syýasy partiýa, Liwanyň günorta böleginiň köp ýerlerini gözegçilikde saklaýar, ol ABŞ tarapyndan terrorçylyk guramasy hasaplanýar, Ýewropa Bileleşigi bolsa onuň ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy, ýöne syýasy şahasyny gara sanawa goşmady.
Beýrutyň günorta eteklerinde Ysraýylyň hüjüminiň netijeleri. 14-nji iýun, 2026.
Eýran Liwandaky söweşleriň bes edilmeginiň islendik ylalaşyga girizilmegini talap etdi. Ysraýyl Liwanyň günortasyndaky "Hizbollah" söweşiji toparyna garşy hüjümlerini dowam etdirdi.
14-nji iýunda Ysraýyl Liwandaky "Hizbollanyň" desgalaryna ýene-de hüjüm edenden soň, parahatçylyk ylalaşygy şübhe astyna düşüpdi.
Şeýle-de bolsa, Eýranyň ýokary derejeli resmisi Garibabadi jogap bermezligiň şertleriniň biriniň Ysraýylyň Liwanyň günortasyndan çekilmegidigini aýtdy.
Geçmişde Ysraýyl Liwandaky "Hizbollah" garşy hüjümini dowam etdirmäge we ol ýerde bufer zolagyny döretmäge söz berdi, bu bolsa köplenç Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny harby hüjümler üçin açyk ýazgaryp gelen Trampyň gaharyny getirýärdi.
Ysraýyl parahatçylyk ylalaşygynyň yglan edilmegi barada teswir bermedi.
Günbatar Hormuzyň açylmagyna, ýadro ylalaşygyna ymtylýar
Günbatar liderleri ABŞ-Eýran ylalaşygyny gutladylar we Hormuz bogazynyň tölegsiz gämi gatnawlary üçin açyk bolmalydygyny we Tähranyň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmaly däldigini aýtdylar.
15-nji iýunda "G7" sammitiniň geçiriljek ýeri - Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bu ylalaşygyň "Hormuz bogazynyň gyssagly we şertsiz açylmagyna mümkinçilik bermelidigini, Beýik Britaniýa bilen döredilen halkara missiýasynyň ony goldamaga taýýardygyny" aýtdy.
"Serişdeler bar we biz olary ulanmaga taýýar. Deňiz gatnawynyň çäklendirilmezden ýa-da tölegsiz dikeldilmegi sebitleýin durnuklylyk we global ykdysadyýet üçin möhüm şertdir" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat
ABŞ Eýrana uran howa zarbalaryny jemledi, Eýran ABŞ bazalaryny nyşana alýarBritaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer "Hormuz bogazynda tölegsiz gämi gatnaw azatlygynyň dikeldilmelidigini anyk bilýäris" diýip, "Eýranda hiç haçan ýadro ýaragy bolmaly däl" diýip, sözüne goşdy.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres ylalaşygy Ýakyn Gündogardaky urşuň çözülmegi üçin "möhüm ädim" hökmünde garşylady.
"Baş sekretar taraplaryň bu täze depgini ösdürip, gapma-garşylygyň gutarnykly çözülmegi üçin tagallalaryny iki esse artdyrjakdygyna umyt edýär" diýlip, Guterresiň metbugat wekili Stefan Dujarrige degişlidigi aýdylýan beýanatda bellendi.
ABŞ-nyň demokratlary diplomatiýa tagallalaryny makullaýandyklaryny, ýöne ony goldamak ýa-da goldamazlyk barada karar bermezden ozal ylalaşygyň hakyky jikme-jikliklerine garaşýandyklaryny aýtdylar.
Wekiller Öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli agzasy demokrat wekil Gregori W. Miks öz beýanatynda "munuň Amerikanyň bähbitlerine laýyk gelýändigini metbugat beýanaty däl-de, şertler kesgitleýär" diýdi.
"Islendik gutarnykly ylalaşyk berk bolmaly, ýerine ýetirilmeli, açyk we Kongresiň berk gözegçiligine berilmeli. Amerikan halky kesgitsiz beýanatlardan ýa-da syýasy demagogiýadan has köp zada mynasypdyr".
Tährandaky režime garşy berk pozisiýa eýeleýän Trampyň açyk goldawçysy respublikan senator Lindsi Graham çarçuwaly ylalaşygy eşidenine "begenýändigini", ýöne doly jikme-jikliklere garaşýandygyny aýtdy.
"Eýran bilen Hormuz bogazynyň açylmagyna rugsat bermek baradaky özara düşünişmek memorandumynyň ylalaşylandygyny eşidenime begenýärin. Eýranyň ýadro programmasy we beýleki meseleler boýunça geljekki gepleşikleri üns bilen synlaryn" diýip, ol X-de ýazdy.
"Eýranyň ylalaşyga bolan garaýşy amerikan gepleşik toparynyň öňe sürýäninden tapawutly bolup görünýändigine birneme alada edýärin" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.