Türkmenistanyň döwlet edaralarynda we kärhanalarynda prezidentiň hem-de onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygynyň täze portretleri, döwlet şygarlary şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy üçin ilatdan pul toplamak boýunça iş alnyp barylýar. Her ýyl bolşy ýaly şu gezek hem býujet işgärlerine pul tabşyrmagyň hökmanydygy duýduryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu kampaniýanyň şu günler Balkan welaýatyndaky geçişi barada habar berdiler.
"Balkanyň býujetçileri üçin täze ýyl prezidentiň portretini täzelemek we ýyl şygary hem-de Arkadagyň adyny göterýän gazna üçin pul tabşyrmak bilen başlandy" diýip, ýerli çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Häkimiýetler ilata prezidentiň portreti we beýlekiler üçin bikanun salgyt salmagyny 'güýçlendirýär'Balkanabat şäherinde pul toplamak çäreleri barada ýörite geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr.
"Balkanabatda ýyl şygaryna bagyşlanan çäreler geçirildi. Ýygnaklarda belli many-mazmun bolmady, Arkadagyň raýatlara bolan söýgüsiniň propagandasy edildi. Şeýle-de ýygnagyň özünde resmiler prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretiniň täze nusgasynyň gelendigini aýdyp, şol suratlar we ýyl şygarynyň plakatlary üçin pudak ýolbaşçylaryna puly geçirmegi, ony gijikdirmezligi tabşyrdylar" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen býujet işgäri gürrüň berdi.
Dress-kod talaby berjaý edildi
Döwlet TW-sinde görkezmek üçin wideo düşürilen ýygnaklar häkimiýetleriň berk gözegçiliginde we guramaçylykly geçirilipdir. Işgärlerden täze geýimli we birmeňzeş eşikli gelmek talap edilipdir.
"Aýallardan täze birmeňzeş gyzyl köýnekli we meňzeş ýaglykly gelmek talap edildi. Olaryň elinde ýaşyl bloknot we ýaşyl ruçka bolmalydy. Gatnaşyjylar ýygnaklarda çykyş eden welaýatyň tanymal il ýaşulularynyň, artistleriň, şahyrlaryň we häkim orunbasarlarynyň hem-de sahnada söz sözlän beýlekileriň aýdanlaryny ellerindäki ýaşyl ruçka bilen ýaşyl bloknotlara ýazmaly boldy" diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen gepleşen balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky günlerde sebitde geçirilen ýygnaklara lukmanlaryň we mugallymlaryň gatnaşdyrylmagy medisina we bilim edaralarynyň işini bökdäpdir.
Hassalar idegsiz, okuwçylar okuwsyz
"19-njy ýanwarda Balkanabat hassahanalarynda näsaglary kabul etmäge lukman bolmady. Olar çärä gatnaşandygy sebäpli güniň birinji ýarymynda hassalaryň halyndan habar alan bolmady" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Orta mekdeplerde ýygnaklar sebäpli okuw diňe iki sagat geçirilipdir.
"Okuw iki sagatda geçdi. Mugallymlary hem 'Watan habarlarynyň' wideoreportažlary üçin surata düşürdiler. Uly çäreler geçirildi, çäreler welaýatyň "Ak öý" binasynda, Muzeýde we kitaphanada surata alyndy" diýip, balkanabatly bilim işgäri aýtdy.
Degişli maglumat Pähim-paýhas ummany: Prezidentiň portretlerini, ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin pul toplanýarTürkmenistanda öňki we häzirki prezidentleriň portretleri ähli jemgyýetçilik ýerlerinde ýerleşdirilýär we her ýyl täzelenýär. Ýyllarboýy gaýtalanýan bu çäreler guramaçylykly geçirilýär we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklaryndan pul tutulýar. Orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalar we ýaşlar hem pul tabşyrmaly bolýar.
"Döwlet býujetinde zähmet çekýänlerden ýyl başyndan gazet-žurnal, portret, şygarlar we Arkadag fondy üçin pul talap etmek bilen adamlaryň elini işden sowadýar. Awtokratiýa bolan ýigrençler artyp, adamlar işini taşlap, daşary ýurtlara gidenlerini gowy görýärler" diýip, balkanly mugallym aýtdy.
Balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, häzir toplanýan pul 200 manat möçberinde bolup, bu ortaça aýlygyň 10%-ne barabar.
Şeýle-de, býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde alynýan tutmlaryň arasynda arasaçylyk işleri, tebigty goramak we oba hojalyk önümçiligi üçin goşantlar bar. Mundan öň Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan býujet işgärleri, hususan-da gowaçanyň hasyl möwsüminde aýda özlerinde alynýan tutumlaryň umumy möçberiniň 1000 manada golaýlaýandygyny aýdypdy.
Soňky birnäçe ýyl bäri ilatdan mejbury görnüşde toplanýan serişdeleriň arasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr sahawat gaznasy üçin pul goşandy goşuldy.
Gaznany häzirki prezidentiň aýal dogany we öňki prezidentiň gyzy Oguljahan Atabaýewa wise-prezident wezipesinde dolandyrýar.
Degişli maglumat Döwlet işgärleri telefonlaryndaky jaň sesine Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmaly edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.