Türkmenabatda bankomatlar 'azaldylýar', pensionerleriň pul aladasy ýeňlemeýär

Mary sebitinde bir bankomatyň öňünde dörän nobat. Arhiw suraty

Türkmenistanda saklanyp galýan manat, nagt pul meseleleriniň arasynda, belki-de uly nobatlary, ýaşaýjylaryň bildirýän açyk nägileliklerini azaltmak üçin, bankomatlaryň käbiriniň goýlan ýerinden aýrylýandygy we raýatlaryň bu barada berýän soraglaryna jogap berilmeýändigi habar berilýär.

Azatlygyň habarçylary biraz öň ýaşaýjylaryň täze çykarylan manatlaryň sebitlere getirilmezliginden, köne manatlaryň ‘gaty könelmeginden’ nägile bolýandyklaryny habar beripdiler.

Türkmenabat şäherinden gowşan maglumata görä, 3-nji noýabrda şäheriň pensiýa edarasynyň içindäki bankomat, şäherara awtobus bekedindäki iki bankomat aýrylypdyr we olaryň ýerine täze bankomatlaryň goýuljakdygy ýa goýulmajakdygy barada hiç bir zat aýdylmandyr.

Bankomat aýrylmazyndan öň 'nägilelik bildirildi'

Degişli maglumat

Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'

Pensiýa edarasyndaky bankomatyň aýrylmagynyň öňüsyrasynda, bir çeşmäniň tassyklamagyna görä, bu ýerde pensiýasyny nagtlaşdyryp bilmedik pensionerler nägilelik bildiripdir.

“Pensiýam kartyma geçdi. Ertesi pensiýa edarasynyň içindäki bankomatdan pul çekmäge gelsem, ony gije aýran ekenler” diýip, şäher ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 3-nji noýabrda bu edara gelen pensionerler bankomata soňky iki aý bäri nagt puluň goýulmaýandygyny aýdyp, şikaýat edip, goh-galmagal turzupdyrlar.

“Adamlar pensiýalaryny alyp bilmän, gaty kösenýärler. Şol gün arzlaryny aýdyp, nägilelik bildirdiler. Şondan soň, bankomatda pul goýmagyň deregine, onuň özüni aýrypdyrlar.”

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşip, pensionerleriň pensiýa edarasynda nägilelik bildirendigini tassyklady, ýöne başga jikme-jiklikleri aýtmakdan saklandy.

Bellemeli ýeri, diňe pensionerleriň nägilelik bildiren ýerindäki bankomat däl, şol gün täze gurlan şäherara awtobus bekedindäki iki bankomat hem aýryldy we olaryň näme sebäpden aýrylandygy aýdylmaýar.

“Awtostansiýada indi bankomat bolmaz, gelip oturmaň” diýip, 3-nji noýabrda bu ýere pul nagtlaşdyrmaga baran ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar bankomatlaryň azalmagynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşmagyna däl, ýaramazlaşmagyna ‘goşant goşýandygyny’ aýdýarlar.

Ýarawsyz adamlar, garrylar has uzaga gatnamaly boldy

Bankomatlaryň aýrylmagy we azalmagy hususan-da ýarawsyz adamlaryň, pensionerleriň durmuş şertlerini agyrlaşdyrýar, öýlerine ýakynrak bankomatdan peýdalanan garrylar bu üýtgeşmeden soň käýinip, pul almak üçin has uzak ýere gatnamaly bolýarlar diýip, türkmenabatly pensioner öz pikirini paýlaşdy.

“Pensiýa edarasyndaky bankomat öýüme ýakyndy. Indi pul çykarjak bolsam, Halk banka pyýada gitmeli bolaryn. Bu ýaşda şol ýoly ýöremek hem maňa uly azap…”

Degişli maglumat

Türkmenistanda nagt pul ýetmezçilik edýär, ýurduň daşynda manat söwdasy ýaýbaňlanýar

Onuň aýtmagyna görä, banka barmak bilen hem mesele çözülmeýär. Nagt pul almak nobata we bankomatda goýlan puluň möçberine bagly bolup galýar.

“Özüm barsam, hiç bolmanda, polisiýa işgärleri nobatsyz girip, pensiýamy almagyma ýardam edýärler. Ýöne ýerime agtygymy ibersem, ol hemmeler ýaly, uzyn nobatda durmaly bolýar. Nobaty ýetmänkä bankomatyň puly gutarsa, hasam agyr bolýar” diýip, pensioner aýdýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň tejribeleri bankomatlaryň aýrylmagynyň diňe bir ýolda ýitirilýän wagty uzaltmak bilen çäklenmeýändigini, sany azalan bankomatlardaky nobatlaryň hem öňküsinden has ulalýandygyny, pul nagtlaşdyrjak ýaşuly adamlaryň aladasyny artdyrýandygyny görkezýär.

Aýrylan üç bankomatyň ýerine başga bankomatlaryň goýuljakdygy ýa-da olaryň hyzmatyndan peýdalanan ýaşaýjylar üçin indi başga, täze bir mümkinçilik dörediljekdigi barada häzirlikçe maglumat ýok diýip, habarçymyz ýazýar.

Manadyň 'ýakasyny tanadan kynçylyklary' gutarmaýar

Azatlygyň habarçylary türkmen manady bilen bagly kynçylyklar barada yzygiderli habar berýärler we bankomat meselesi bu pudagyň diňe bir ‘derdi’ bolup görünýär. Diňe sebitlerde, etrap ýerlerinde däl, pul nagtlaşdyrmak paýtagt Aşgabatda hem ‘ýakasyny tanadan kynçylyk’ hasaplanýar.

Maglumat üçin aýtsak, Ahaldaky habarçymyz aprel aýynda Aşgabatdaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň bank kartlaryna geçirilen aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändigini habar berdi we, bank hünärmeni gürleşip, ‘häzirki bankomatlara edilýän çykdajylaryň döwlete ykdysady taýdan zyýanly bolandygyna’ ünsi çekdi.

Degişli maglumat

Pul nagtlaşdyrmak 'uly mesele', bankomatlar döwlete işgärlerden 'has gymmat düşýär'

Anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häzir 1 bankomat enjamynyň puluna azyndan 4 sany adamy kassir edip işe alyp, olara ýurduň häzirki aýlyk normasynda 15 ýyl aýlyk hakyny töläniňde hem 1 bankomada çykarylýan çykdajydan az bolýar.

Onuň hasaplamalaryna görä, Türkmenistan ýaly awtokrat döwletde sanly bank we bankomat, terminal tölegi režimine geçmek ‘peýdaly däl’.

Hünärmen obalarda goýlan bankomatlaryň köpüsiniň işlemeýändigini, olara uly çykdajy edilmelidigini, çetki obalaryň adamlarynyň öz obalarynda bitmeli işlerini etrap, welaýat merkezlerine gatnap, wagt ýitirip düzetmeli bolýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýaşaýjylaryň, hünärmenleriň garaşsyz neşirler, sosial media arkaly aýdýan zatlaryna resmi düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň habarçylary manadyň hümmeti, iki bahasy bilen bagly ýagdaýlar, olaryň ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsirleri barada resmiler, hünärmenler bilen açyk gürleşip, žurnalist derňewini geçirip bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.