Türkmenabatda bazarda altyn satýanlara söwda etmäge rugsat berilmeýär, olar pagta ýygmaga ugradylýar

Aşgabadyň bazary (arhiw suraty).

Türkmenabat şäherindäki “Gök” bazarda altyn şaý-sepleri satýan söwdagärler birnäçe gün bäri işini dowam etdirip bilmeýärler. Bazardaky çeşmeleriň habaryna görä, bu ýagdaý 10-njy sentýabrdan bäri dowam edýär. Şeýle-de, bazar söwdagärleri şu günler pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär.

Söwdagärleriň haýsy edaranyň görkezmesi esasynda we näme sebäpden bazardan çykarylandygy barada resmi düşündiriş berilmändir, olara diňe söwda edip bolmaýandygy aýdylypdyr.

“Bazaryň ýolbaşçysy hiç hili sebäbini düşündirmän, altyn satyjylaryny bazardan aýyrdy. Söwdagärlere haçan gaýtadan işlemäge rugsat beriljekdigini hem aýdanoklar” diýip, ýagdaýdan habarly türkmenabatly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bazar ýolbaşçylaryndan bu çäklendirmäniň sebäplerini we näçe wagt dowam etdiriljekdigini anyklap bolmady. Habarçymyzyň teswir almak boýunça eden synanyşygy netije bermedi. Bu ýagdaýyň ýerli häkimiýetleriň karary ýa-da bazaryň öz içerki çäklendirmesi bilen bagly bolup-bolmazlygy hem nämälim galýar.

Ýurtda altyn önümleriniň bahasynyň ýokarlanan wagtynda ýüze çykan bu ýagdaý pagta ýygymynyň gyzgalaňly döwrüne hem gabat geldi.

Degişli maglumat

Türkmenabat: gymmatlan altynyň hyrydary azaldy, zergärlik kärhanasynyň işgärleri işini ýitirmekden howatyr edýär

Azatlygyň ýerli çemeleri bazar satyjylaryň soňky günlerde pagta ýygmaga mejbur edilýändigini hem habar berýär.

“Adamlaryň arasynda, hamala, ýetip gelýän Halk Maslahatyna pagta planynyň dolandygy barada habar bermek üçin altyn satyjylaryny hem pagta ýygymyna kowupdyrlar diýen gürrüňler ýaýraýar" diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.

Halk Maslahatynyň şu ýylky mejlisi 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanda pagta ýygymynyň resmi senesi şu aýyň ikinji hepdesinde başlandy, emma pagta awgustyň başlarynda ýygylyp başlandy, bu işe býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar mejbur edildi. Türkmen hökümetiniň her ýyl şol bir möçberde kesgitleýän planyna görä, 1,2 million tonna pagtany ýygnamak işine ilatyň dürli gatlaklary çekilýär, býujetçiler, esgerler, studentleri we hatda mekdep okuwçylaryny pagta meýdanlarynda görmek mümkin.

Pagta möwsüminiň başlanmagy bilen “Gök” bazardaky altyn söwdasynyň togtadylmagynyň arasynda gönüden-göni baglanyşygy tassyklaýan resmi maglumat ýok. Emma bu ýagdaý şäherde altyn gytçylygynyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Altynyň gymmatlaýan wagtyna gabat geldi

Bazarda altyn söwdasynyň çäklendirilmegi altynyň bahasynyň ýokarlanýan döwrüne hem gabat geldi. Türkmenabatdaky çeşmeler soňky döwürde altyn şaý-sepleriň bahasynyň çalt ýokarlanandygyny, satuwa çykarylýan önümleriň azalýandygyny, alyjylaryň hem azalýandygyny aýdýarlar.

Mundan ozal Türkmenabatdaky reňkli metallar we altyn önümleri kärhanasynyň işgärleri hem sargytlaryň azalmagy sebäpli iş orunlaryny ýitirmekden howatyrlanýandyklaryny gürrüň beripdiler. Kärhanadaky çeşmeler altynyň bahasynyň ýokarlanýan wagtynda ilatyň satyn alyş ukybynyň pesdigini we netijede öňki döwürler bilen deňeşdirilende sargytlaryň ep-esli azalandygyny bellediler.

Bu aralykda, Türkmenabatda ABŞ dollarynyň gara bazardaky alyş-çalyş bahasy hem üýtgäp, bir amerikan dollary 18 manat 80 teňňeden satyn alnyp, 19 manat 20 teňňe aralygynda satylýar.

Türkmenistanly ykdysatçylar resmi alyş-çalyş kursunyň ençeme ýyl bäri 3,5 manat möçberinde üýtgedilmän saklanýan şertlerinde ilatyň gara bazardaky dollar bahasyny harytlaryň hakyky gymmatyny ölçemekde esasy görkeziji hökmünde ulanýandygyny belleýärler. Altynyň bahasynyň ýokarlanmagy bolsa diňe dünýä bazaryndaky üýtgeşmeler bilen däl, eýsem ýurduň içindäki daşary ýurt walýutasynyň elýeterliligi, ilatyň manat puluna bolan ynamy we haryt ýetmezçiligi bilen hem bagly bolup biler diýip, ykdysady bilermenler aýdýar.

Altyn geçýän haryt hasaplanýar

Türkmenistanly alyjylarda altyn önümlerine isleg adatça uly bolmagynda galýar. Ogul öýermek-gyz çykarmak üçin galyň we bukja däbi hem köp maşgalalary agyr maddy ýagdaýyna garamazdan, altyn şaý-seplerini satyn almaga iterýär.

Şeýle-de, ykdysady näbellilik döwründe altyn köp maşgalalar üçin diňe bezeg şaý-sepi däl, eýsem toplanylan puly hümmetsizlenmekden goramagyň serişdesi bolup hyzmat edýär. Şol sebäpli bazardaky önümiň azalmagy ýa-da söwdanyň çäklendirilmegi alyjylyk islegine ýa-da bahalara täsir edip bilýär.

Degişli maglumat

Bahalaryň ýokarlanmagy we söwda anomaliýasy. Merkezi Aziýanyň altyny nirä gidýär?

“Adamlar puluny manat görnüşinde saklamak islemeýärler. Dollary erkin satyn alyp bolmaýar. Şonuň üçin mümkinçiligi bolan adam altyn almaga synanyşýar. Indi bazardaky satyjylary hem goýbermeseler, altyny tapmak has kynlaşar” diýip, türkmenabatly çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda altynyň bölek satuwyna degişli ýagdaý, bahalaryň ýokarlanmagy we “Gök” bazardaky söwdagärleriň işiniň togtadylmagy barada açyk düşündiriş bermeýärler.

Ýöne Türkmenabatdaky soňky wakalar altyn bazaryndaky meseläniň diňe käbir taraplaryny görkezýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenabatly çeşmeler önüm öndürýän kärhanalarda sargytlaryň azalmagy, bazarda altynyň gytalmagy, bahalaryň ýokarlanmagy we söwda ýerleriniň ýapylmagy bir zynjyryň dürli halkalary bolup görünýändigini belleýär. Olaryň sözlerine görä, resmi düşündirişiň ýok ýerinde maglumat boşlugy ilat arasynda aladalary artdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.