Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda ýiti dümew alamatly keselçilik we gyzamyk ýaýraýar

Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki saglyk edaralarynyň birinde nobatynyň ýetmegine garaşýan näsaglar, şol sanda çagalar we olaryň hossarlary (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde çagalaryň arasynda ýiti dümew alamatly keselçilik we gyzamyk ýaýraýar. Lukmanlaryň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň we ene-atalaryň ençemesi keselçilikleriň "ýiti derejä" ýetendigini aýdýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji noýabrda ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.

Lukmanlaryň we ene-atalaryň birnäçesiniň sözlerine görä, agyr geçýän dümewe meňzeş kesel dem alyş ýollaryna täsir edýär. Kesellän çagalarda beden gyzgynlygynyň aşa ýokarlanmagy we ysgynsyzlyk, iýen zadyny gaýtarmak, dynuwsyz we güýçli üsgürmek, öýkeniň üsgüren wagty gaty agyrmagy we kelle agyrmagy ýaly alamatlar bar.

"Uly ýaşly adamlaryň arasynda keselleýänler hem bar. Ýöne wirus esasan çagalaryň arasynda ýaýrap, çagalarda örän agyr geçip dur. Şäherdäki hassahanalaryň çagalar bölümlerinde ýer ýok" diýip, türkmenbaşyly lukman anonimlik şertinde aýtdy.

Lukmanlar çagalara antibiotikler, aşgazan üçin dermanlar we wirusa garşy başga-da birnäçe dermanlar we sanjymlar bilen bejergi berýärler.

Degişli maglumat

Balkanda dümew ýaýraýar, lukmanlar ony 'wirus' diýip atlandyrýar

Hassahanalarda ýer ýoklugy zerarly, öýünden hassahana gatnap bejergi alýan çagalar hem kän. Ýöne çagalaryň sanynyň juda köplügi zerarly, lukmanlar we şepagat uýalary sanjym edip ýetişmeýärler. Munuň bilen bagly hem, hassahanalarda uly nobatlar emele geldi.

"Akdaş ýaşaýyş toplumy, Garşy ýaly daşdaky obalarda lukman we şepagat uýalary ýetmezçilik edip, 100 we 30 kilometr ýol söküp gelip, şäher merkezine gatnap, bejergi alýanlar hem örän köp" diýip, ýagdaýlardan habarly şepagat uýasy anonimlik şertinde aýtdy.

"Okuwçylaryň takmynan 70 göterimi mekdebe barmaýar"

Orta mekdepleriň mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň ençemesi hem, çagalaryň arasyndaky keselçiligi tassyklap, ýagdaýyň "ýiti derejededigini" aýdýar.

"Şäheriň mekdepleriniň köpüsinde her synpda 25 okuwçydan 7 ýa-da 8 okuwçy mekdebe gelýär. Häzir 1-nji synpdan başlap, tä 12-nji synpa çenli aralykda her synpda okuwçylaryň takmynan 70 göterimi dem alyş ýollarynyň wirusy ýa gyzamyk bilen keselländir" diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Lukmanlar dümewe wirusyň sebäp bolýandygyny aýtsalar-da, onuň nähili wirusdygyny kesgitläp bilmeýärler. Ýöne il arasynda muny "kowid-19" wirusyna çalymdaş wirus diýip atlandyrýanlar köp bolup, käbir saglyk işgärleri hem häzirki hassalyk barada aýdanda şol ady agzaýarlar.

Şeýle-de, terbiýeçiler çagalaryň arasynda gyzamyk keseliniň hem ýaýraýandygyny aýdyp, şu günler çagalar baglaryna gelýän çagalaryň sanynyň juda çäklidigini belleýärler.

Gyzamyk ýiti ýokançlyk derejeli howply kesel hasaplanýar. Hassalyk ýokary gyzgyn, agzyň we ýokarky dem alyş ýollarynyň çişmegi, gözleriň gyzarmagy we gijemegi, bedende gyzyl nokatlaryň döremegi ýaly alamatlar bilen geçýär.

Bu kesel esasan çagalarda bolýar we bäş ýaşyna ýetmedik körpelere has uly howp salýar. Saglyk resmileri sanjym arkaly onuň ep-esli öňüni alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Saglyk müdirliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 18-nji noýabrda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Degişli maglumat

Saglyk işgärleri we talyplar nobatdaky köpçülikleýin çärä çekilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web sahypasynda hem çagalaryň arasynda dem alyş ýollary bilen bagly wirusyň we gyzamygyň ýaýramagy, umuman onlaryň derejesine degişli maglumat ýa-da san görkezilmeýär.

"Mekdeplerde irdenki nyzamlar wagtlaýyn ýatyryldy"

Bu aralykda, habarçymyz şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 6-njy, 9-njy we 10-njy mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň günde irden sagat 8:00-da geçirilýän nyzamy wagtlaýyn ýatyrandygyny hem habar berýär.

"Bu çagalaryň arasynda dümewiň ýaýramagy bilen bagly. Çagalar günde irden säher sowugynda hatara düzülip, 30 minuda golaý mekdep howlusynda saklanýardy. Bu nyzamda mekdep müdiriniň orunbasarlary haýsy okuwçyda "kemçilik" bolsa, köwşi reňklenmedik bolsa, saç örüminde mesele bolsa, ýakasyndan beýleki egin-eşiklerine çenli "kemçiliklerini" kesgitleýärler" diýip, mekdep mugallymlarynyň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda ýiti dümew alamatlary bilen geçýän dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ýylyň dowamynda ençeme gezek maglumat berýärler.

Balkanda dümew alamatly keselçiligiň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý sentýabr aýynda hem ýüze çykypdy. Şonda sebitdäki habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan lukmanlar şol bir alamatlar bilen medisina kömegini sorap ýüz tutýan hassalaryň, şol sanda çagalaryň köpdügini aýdyp, ony "wirus" diýip atlandyrypdylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň saglygyna degişli bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýurtda ilat arasyndaky keselçiligiň derejesini görkezýän resmi statistika hem ilata aç-açan elýeterli edilmeýär. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.