Şu günler Aşgabatda saglyk pudagynyň işgärleri we lukmançylyk ugry boýunça bilim alýan talyplar köpçülikleýin mejbury çäreleriň nobatdakysyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.
Bu gezek olar paýtagtyň Berkararlyk etrabyndaky Parahat 8 etrapçasynda täze Saglyk öýüniň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyklara gatnaşdyrylýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji noýabrda Aşgabatdan maglumat berdi.
"Saglyk pudagynyň işgärleri, lukmanlary, şepagat uýalary we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary her gün öýländen soň Saglyk öýüniň gurluşyk meýdançasynyň töwereginde üýşýärler" diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Çärä gatnaşdyrylýan saglyk işgärleri we talyplar ak lukman halatynda we papagynda bolup, hatara düzülip, "Arkadagly Serdara" şöhrat diýip, bir bada we batly gygyryp aýtmaga türgenleşdirilýärler.
"Adamlar gorky astynda"
"Çäreçileriň takyk sany belli däl, ýöne bu ýere üýşen adamlardan olaryň ýüzlerçedigini çaklasa bolýar" diýip, Parahat 8 etrapçasynyň bir ýaşaýjysy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleriniň we talyplaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, resmiler çärä gatnaşmakdan boýun gaçyrýanlara işden boşadyljakdygy, okuwdan kowuljakdygy bilen haýbat atypdyrlar.
"Döwlet çäresine il deňinde gatnaşmakdan boýun gaçyran, hökümete garşy adam hökmünde işden ýa-da okuwdan boşadylan lukmanlaryň we talyplaryň soňra işe we okuwa gaýtadan girip bilmejekdigi hem berk duýduryldy. Adamlar gorky astynda mejbury gatnaşmaly bolýarlar" diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk öýüniň düýbüni tutmak çäresiniň resmi derejede anyk haýsy senede geçiriljekdigi häzirlikçe belli däl. Ýöne saglyk işgärleri munuň öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda geçirilmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň resmi web sahypalarynda hem haýsydyr bir maglumat elýeterli däl.
"Dik aýak üstünde ençeme sagatlap..."
Ýöne saglyk işgärleri we talyplar bu saglyk merkeziniň düýbüni tutmak çäresine 10 günden gowrak wagt bäri taýýarlyk görýärler.
Saglyk işgärleri we talyplar her gün ýarym gününiň çärede geçýändigini, özleriniň "işden-güýçden we bilim almakdan mahrum edilýändiklerini" aýdýarlar.
"Köpler gaty nägile. Adamlaryň arasynda aç-açan nägileligini aýdýanlar hem bar, ýöne köpler diňe özara gürrüňlerde gahar-gazabyny beýan edýär. Lukmanlar bu ýerde dik aýak üstünde ençeme sagatlap durmagyň deregine, näsaglara kömek etmelidiklerini aýdýarlar" diýip, saglyk işgäri belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şeýle-de agzalan ministrlikden we uniwersitetden teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda täze desgalary açmak ýa-da düýbüni tutmak çärelerini uly dabara bilen geçirýärler we döwlet telewideniýesi bulary “hökümetiň gazanan üstünlikleriniň nyşany” hökmünde mahabatlandyrýar.
Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi metbugat indi onlarça ýyl bäri amal edilýän bu tejribä býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur edilmegi we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, şeýle-de döwlet çäreleriniň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum