Türkmenistanda ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hili pes, jemgyýetçilik transporty pudagynyň ozalam netijeli guralmadyk işi tomsuň yssy günlerinde pursatdan we wezipesinden ‘hyýanatçylykly peýdalanmaga çalyşýan’ döwlet işgärleri sebäpli ençeme esse ýaramazlaşýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Azatlygyň habarçysy bu ýagdaýy öwrenip, Türkmenbaşy şäherine dynç almaga gelen adamlar, ýerli hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.
Anonimlik şertinde gürleşen ýolagçylaryň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, paýtagt we welaýatlar aralygynda guralýan ýolagçy gatnawlary, ulaglaryň juda az bolmagy sebäpli, adamlaryň talaplaryny ödärden gaty daşda.
Soňy görünmeýän ýol kynçylyklary 'barha beterleşýär'
“Gününe bir sapar otly gatnawy we üç sany awtobus gatnawlary bar, olara kadaly ýagdaýda bilet tapmak mümkinçiligi tasdan hiç hili ýok, tanyş we para berip, bilet bahalarynyň 3-5 essesini çykaryp, zordan bilet almaly ýa-da Aşgabada çenli 1 adama 750, 800 manat möçberinde pul berip, takside gaýtmaly. Bu ýönekeý adamlar üçin gaty gymmat bolýar” diýip, türkmen paýtagtyndan deňiz kenarynda dynç almaga gelen ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat
Aşgabadyň aeroportynda polisiýa bilet nobatynda maýyp adamy urdy - şaýatlarOnuň sözlerine görä, Türkmenbaşynyň kassalarynda howa, demirýol gatnawlary, awtobus gatnawlary üçin bilet satýan işgärler emeli gytçylyk döretmekde Aşgabatdaky kärdeşlerinden yza galmajak bolýana meňzeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, ýolagçy gatnawlarynyň esasan döwlet eýeçiliginde galmagy we ulaglaryň hemişe diýen ýaly gereginden az bolmagy bilet gytçylygynyň saklanyp galmagyna, galyberse, döwletden ujypsyz aýlyk alýan işgärleriň emeli gytçylyk döredip, öz wezipesinden bikanun peýdalanmagyna itergi berýär.
“Işgärler emeli gytçylyk döredip, para almagy öwrenipdirler. Bu hemişe bar zat, ýöne dynç alyş möwsüminde para almak mümkinçiligi has ýokarlanýar” diýip, bir hünärmen aýtdy we munuň esasy sebäbini döwlet gözegçiliginiň gowşadylmagy bilen baglanyşdyrdy.
Täze gözegçi bilet ýagdaýynyň 'agyrlaşmagy bilen tapawutlandy'
Adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmeniň tassyklamagyna görä, Türkmenbaşydaky bilet ýagdaýy transport kassalaryna gözegçilik edýän MHM ofiseriniň täzelenmegi bilen ‘ýaramazlaşdy’.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, ýolagçy gatnawlary üçin bilet satýan kassalaryň işgärleriniň her günde satmaly uçar, otly, awtobus biletleri dilden berlen görkezmeler esasynda berk çäklendirilýär we, MMH ofiseriniň tabşyrygy bilen, gymmat bahadan satmak üçin, ‘ynamdar’ diýilýän adamlara berilýär.
“Biz MHM tarapyndan bellenen täze gözegçiniň başlygymyza berýän buýruklaryna boýun bolýarys. Bilet käbir günleri kän artyp galýar. Ýöne soň biz satylmadyk biletleri Balkanabatdaky kassalara ugradyp, olary öz bahasyndan 2 essä golaý gymmat satmagy tabşyrýarys” diýip, türkmenbaşyly hünärmen aýtdy.
Degişli maglumat
Türkmenabatda uçar biletleri gytaldy, ýolagçylar howa menzilinde gije-gündiz nobata durýarAzatlygyň habarçysy häkimiýetler bilen açyk habarlaşyp, bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp bilmeýär. Türkmen häkimiýetleriň Azatlyk radiosynyň degişli resmilere hat üsti bilen iberýän soraglaryna düşündiriş bermeýär.
Taksili gitmek hem gymmat, hem howply
Türkmenistanda diňe uçar, otly, awtobus däl, taksi hyzmatlarynyň hili hem ýaramaz bolmagynda galýar. Emma häkimiýetler ilatyň garaşsyz neşirleriň üsti bilen bildirýän aladalaryna hiç hi hili reaksiýa bildirmeýärler.
“Şu günler Awazada dynç almaga gelen adamlar yzyna dolanjak bolanlarynda, ulag meselesinde gaty kösenýär. Ýolagçylaryň käbiri yzyna taksi bilen dolanýar. Ýöne taksiler köp adam üçin hem gymmat, hem howply. Her hepde ýolda awariýalar bolup dur” diýip, söhbetdeşimiz anyk san getirmän aýtdy.
Türkmenistanda ýol hadysalary, heläkçilikli ýagdaýlar hem ilatdan gizlin saklanylýar. Şol bir wagtda, ýollarda bolýan üýtgeşiklikler, gatnawyň ýygjamlaşmagy, ýol hadysalarynyň köpelmegi ýollara çykýan polisiýa işgärleriniň hem köpelmegine getirýär, olar bu ýagdaýdan köpräk para almak üçin peýdalanýarlar diýip, ýerli synçy aýtdy.
Öz ulagyny taksi edip ulanýan sürüji bu aýdylýanlary tassyklap, şeýle diýdi:
“Awariýa köpeldi welin, ýolda polisiýa hem köpeldi, olar her saklanynda 50 manat, käte 100 manat para soraýar. Şol sebäpli ýol kireýlerini gymmatlatmaly bolýarys” diýip, Aşgabada ýolagçy äkidýän taksiçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýol, polisiýa parahorlugy häzir garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ‘iň ýokary derejä ýetdi’.
Prezident ýok ýaly, MHM, polisiýa 'halky talaýar'
“Mulikow içeri işler ministri döwründe ýol we transport polisiýasy beýle parahor däldi, indi, hamala, halkyň baştutany, prezidenti ýok ýaly, MHM, polisiýa halky talaýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran raýat öz pikirini aýtdy.
Degişli maglumat
Lebapda otly we uçar petekleriniň gytçylygy korrupsiýany ‘möwjedýär’Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinde iň uzak saklanan resmileriň biri bolan Iskender Mulikow işinden korrupsiýada aýyplanyp aýryldy we uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Azatlyk ýurtda açyk žurnalist barlaglaryny geçirip, parahorlugyň dowamly ösmegi, bu meselede MHM işgärleriniň oýnaýan roly barada aýdylýanlaryň näderejede dogrudygyny anyklap bilmeýär.
Türkmen hökümetiniň mejlislerinde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, hususan-da ýurt içindäki ýolagçy gatnawlary meselesi açyk ara alnyp maslahatlaşylmaýar.
Soňky ýyllarda sebitdäki ýurtlaryň birnäçesinde bolan ýerli synçynyň pikirine görä, Türkmenistan ilatynyň hereket azatlygyny, syýahat mümkinçiliklerini giňeldip, bu ugurdan ýurt ykdysadyýetine girýän girdejileri köpeltmegiň pikirini edýäne meňzemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.