Türkmenistan beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça global hasabatda yzdan üçünji orny eýeledi

Illýustrasiýa suraty

Article 19 britan adam hukuklary guramasynyň dünýäde beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 161 ýurduň arasynda yzdan üçünji setirde ýerleşdirildi.

“Global expression report – 2023” dünýä ýurtlarynda adamlaryň pikir azatlygyny, pikirlerini aýtmak, beýan etmek azatlygyny we maglumat azatlygyny seljerýär.

Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda diňe 161-nji orundaky Demirgazyk Koreýadan we 160-njy orundaky Siriýadan öňe saýlanyp bildi. Halkara hasabatda Türkmenistan yzdan üçünji, Belarus yzdan dördünji orny eýeledi. Ol “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde bolsa, 49 ýurduň arasynda Belarusdan soň iň yzdaky orny eýeledi.

Hasabatda ýurtlardaky beýan azatlygynyň ýagdaýy “açyk”, “az çäklendirilen”, “çäklendirilen”, “ýokary derejede çäklendirilen” we “krizisde” diýen bäş kategoriýa bölünipdir. Şeýle-de, ýurtlara 0 baldan 100 bala çenli baha berilýär. Iň pes baha 0, iň ýokary baha 100 bal hasaplanýar. Türkmenistan bir bal bilen beýan azatlygynda we maglumat azatlygynda “krizisdäki” ýurtlaryň hatarynda orun aldy.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan 104-nji, Gazagystan 121-nji, Özbegistan 133-nji, Täjigistan 149-njy we Türkmenistan 159-njy setirde ýerleşýär.

Türkmenistanyň goňşulary Eýran we Owganystan, şeýle-de hazarýaka goňşusy Azerbaýjan hem beýan azatlygy çäklendirilýän “krizisdäki” ýurtlaryň hataryna goşulypdyr. Türkmenistanyň ýakyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolan Türkiýe we Hytaý hem beýan we maglumat azatlygy “krizisde” galýan ýurtlaryň sanawyna girýär.

Post-sowet ýurtlardan Belarus we Russiýa hem beýan azatlygynyň dünýä kartasynda goýy gyzyl reňkde görkezilýär we iň yzdaky kategoriýada orun alýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar ýyllarboýy Türkmenistanda söz, beýan, metbugat, pikir, din-wyždan we maglumat azatlygynyň ýagdaýyna alada bildirip gelýärler. Hususan-da, türkmen häkimiýetleri söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Ýatlasak, Türkmenistan Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap eden iň täze ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda yzdan dördünji orny eýeläp 176-njy bolupdy.

Ýurtda garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde ykrar edilen media guramasy ýok, döwlet eýeçiligindäki teleradio kärhanalary we metbugat serişdeleri diňe döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak we ýutda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri taryplamak bilen borçlandyrylýar.

Şol bir wagtda, ýurduň çäginde Facebook, Instagram we Twitter ýaly iri sosial torlaryň ählisi petiklenýär. Raýatlar sosial media saýtlaryna girmek üçin, häkimiýetleriň petiginden sowlup geçmäge mümkinçilik berýän VPN-lerden peýdalanmaga mejbur bolýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanda Internet azatlygynyň ýagdaýy boýunça mundan ozal geçirilen barlaglar ýurtda 122 müňden gowrak domen salgysynyň petikde saklanýandygyny anyklady.

Häkimiýetler raýatlara öz pikirlerini aýtmaga, beýan etmäge rugsat bermezlikde tankyt edilýär, pikir beýan etmegiň ähli gurallary, media guramalary, şol sanda teleradio kärhanalary, metbugat serişdeleri, gazet-žurnallar, galyberse-de, onlaýn neşirler, hökümetçi habar saýtlary, sosial media saýtlary, mundan başga-da sungatyň we edebiýatyň üsti bilen pikir beýan etmegiň gurallary, umuman, erkin pikir beýan etmek üçin zerur bolan ähli serişdeler, Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýar.

Degişli maglumat Türkmen metbugatynyň 'gara gulpy' açylmaýar

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň soňky hasabatynda aýdylýar.

Article 19 adam hukuklary guramasynyň hünärmenleri dünýäde azatlyklaryň umumy ýagdaýynyň 10 ýyl öňküsi bilen deňeşdirilende has-da ýaramazlaşandygyny, adamlaryň maglumat, pikir we beýan azatlyklaryny gysmak çäreleriniň global meýillere öwrülip barýandygyny aýdýarlar.

Dünýäde Daniýa, Şwesiýa we Norwegiýa ilkinji üçlügi eýeledi. Birleşen Ştatlar sanawda 21-nji orunda ýerleşdirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň 19-njy maddasyna görä, her bir adamyň ynam-ygtykatlarynyň azatlygyna we olary erkin beýan etmekligine hukugy bar; bu hukuk öz ynam-ygtykatlaryna bökdençsiz eýermek azatlygyny we maglumatlary we pikirleri islendik serişdeler arkaly we döwlet serhetlerine garamazdan gözlemek, almak we ýaýratmak azatlygyny öz içine alýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Azat Adalga: Söz we beýan azatlygy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.