Türkmenistanda şu ýyl haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna giden raýatlaryň ençemesi ýurda dolanandan soň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan basyşlara, gorkuzmalara sezewar edildi.
Olar haj zyýaratynda mahaly, ilatyň gündelik durmuşyna degişli meseleleri, şol sanda Türkmenistanda dollaryň iki kursy, Internet üpjünçiliginiň pesligi barada özara gürrüň eden raýatlardyr. Bu barada şu ýyl haj zyýaratyna giden türkmenistanlylaryň birnäçesiniň hossarlary we kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiz anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.
“Zyýaratçylar iýun aýynyň ortalaryna golaý haj parzyny berjaý edip, Türkmenistana dolandylar. Şondan soň zyýaratçylaryň käbiri ertesi güni, käbiri-de şondan soňky günlerde, bir hepdäniň dowamynda duşuşyga çagyryldy. Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralarynyň işgärleri zyýaratça telefon edip, raýata gelmeli ýerini, wagtyny aýdyp, gijä galman wagtynda gelmegi tabşyrýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistanda şu ýyl 21-nji maýy bilen 11-nji iýun aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna ibermek bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga 5-nji maýda gol goýdy.
Degişli maglumat
Zyýaratçylaryň bir tapgyry haj parzyny amal etmek üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugradyldyMaglumaty şu ýyl haj zyýaratyna giden türkmenistanlylaryň birnäçesiniň hossarlary hem tassyklap, raýatlaryň MHM edaralaryna däl-de, käbiriniň seýilgählere, käbiriniň bolsa, Jaý dolandyryş müdirligindäki otaglara çagyrylandygyny aýdýarlar.
"MHM ähli gürrüňleri eşidýär we görýär diýlen..."
“MHM işgärleri olara haj zyýaraty wagtynda, plan ýerde ýa-da myhmanhanada, birnäçe adamyň ýanynda artykmaç gürländigini aýdypdyrlar. Ýagny, olara ‘Arabystan baý patyşalyk ekeni, resminamalar ýitdi edip, bärde galaýsak nähili bolar’ diýlen degişme gürrüňleri edendikleri aýdylypdyr. Ýa-da olara ‘bäriň internet tizligi we hili örän gowy eken, Türkmenistanda haçan şeýle bolarka, banklarda dollaryň açyk hümmeti we gara bazar kursy ýok’ ýaly gürrüňleri edendikleri hem ýatladylypdyr” diýip, şu ýyl haj zyýaratyna giden türkmenistanlylaryň biriniň hossary anonimlik şertinde aýtdy.
Çeşmämiz bu gürrüňleri eden raýatlaryň haj zyýaratçylarynyň toparyna ýa-da olary daşdan yzarlamak üçin garylýan MHM işgärleri tarapyndan anyklanandygyny hem belledi.
“Bu işgärler hökümeti, hökümetiň alyp barýan syýasatyny tankytlaýan ýa-da ýurtda ilatyň gündelik durmuşyna degişli meseleleri, problemalary tankytlaýan adamlary anyklamak üçin goýulýar. Bu, ilatda MHM ähli gürrüňleri eşidýär we görýär diýlen düşünjäni döretmek we raýatlary gorky astynda saklamak, şeýle-de olara psihiki basyş we ruhy hüjüm etmek matlabyndan ugur alýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň aýtmagyna görä, howpsuzlyk işgärleri duşuşyga çagyrylan raýatlary “döwletiň syýasatyna goşulyşmakda” aýyplap, basyşlara, gorkuzmalara sezewar edipdirler we dürli haýbatlary hem atypdyrlar.
Degişli maglumat
Haj zyýaratyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda 'deňsizlik' zeýrençleri eşidilýär“Döwlet işinde işleýän haj zyýaratçylary işden çykarylmak bilen, ogly ýa-da gyzy ýokary okuw jaýynda okaýan bolsa, okuwdan çykarylmak bilen gorkuzyldy. Mundan başga-da, dükan müdiri, döwlet kärhanasynyň başlygy ýa-da baş hasapçy ýaly wezipelerde işleýänlere ýalan, galp maglumatlar taýýarlanylyp, lara garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygy barada haýbat atdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz aýtdy.
"Ýurtdan çykmagyna gadagançylyk giriziljekdigi duýduryldy"
Mundan başga-da, ol duşuşyga çagyrylan zyýaratçylara haj zyýaraty wagtynda aýdan gürrüňlerini ýurduň içinde, köpçülikde ýa-da öz dogan-garyndaşlarynyň, tanyş-bilişleriniň ýanynda gaýtalamazlyk berk tabşyrylýar.
Degişli maglumat
Türkmenistanda sosial ulgamlarda hökümeti tankytlanlar soraga çekilýär, başgaça pikirlilere basyş güýçlenýär“Olar bu gürrüňler gatýalansa, onda olaryň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk giriziljekdigini berk duýdurdylar. MHM işgärleri bu duşuşyklary haj zyýaratyndan gelen adamlar haj sadakasyny bermezinden ozal, ýöriteläp, geçirdiler. Sebäbi adatça adamlar sadakada, märekede, üýşmeleňde öz başdan geçirenlerini gürrüň berýärler” diýip, çeşmämiz duşuşyga çagyrylan raýatlaryň sanynyň 10-a golaýdygyny hem aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlara barada dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň degişli häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Haj zyýaratçylarynyň gorkuzmalara we haýbatlara sezewar edilendigi baradaky maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň başgaça pikirli raýatlara garşy repressiw çärelerini ýene güýçlendirýän mahalyna gabat geldi.
1-nji iýulda Azatlygyň habarçylary ýurtda sosial ulgamlarda hökümeti tankytlaýanlaryň soraga çekilýändigini we olara jerime salynýandygyny habar berdiler.
Türkmen hökümeti özge pikirleri basyp ýatyrmakda, tankyda çydamsyzlykda, söz, metbugat, hereket azatlyklary basgylamakda yzygiderli tankyt edilýär.
Türkmenistan dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýyna, söz we metbugat azatlyklaryna gözegçilik edýän halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlarynda iň soňky orunlarda ýerleşdirilýär.
“Freedom House” guramasynyň 2026-njy ýylda Dünýädäki Azatlyk boýunça mart aýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan syýasy hukuklar we raýat azatlyklary reýtinginde 100-den diňe 1 bal alyp, onuň dünýäde iň repressiw ýurtlaryň biri bolmagynda galýandygy aýdyldy.
Degişli maglumat
Tankydy pikirinden soň ýitirim bolan bloggeriň mazary tapyldydyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.