Türkmenistanda ilatyň ýurduň daşyna çykmaga islegi ýokary bolmagynda galýar. Daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň öňünde uly nobatlar saklanýar. Şu günler Özbegistana gitmek üçin wiza nobatlarynda duranlaryň sany ýüz adama ýetýär. Özbegistanyň resmi maglumatyna görä, diňe şu ýylyň iki aýynda ýurda 50 müňden gowrak türkmenistanly barypdyr.
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan 51 206 adam Özbegistana barypdyr. Bu san Özbegistanyň syýahatçylyk boýunça komitetiniň maglumatynda görkezilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çemeleri Özbegistanyň wizasyny almaga islegiň uludygyny, Aşgabatdaky özbek ilçihanasynyň öňünde ýüze golaý türkmen raýatynyň nobatda durýandygyny habar berdiler. Türkmenistanlylar Özbegistana söwda, işlemek, okamak, saglygyny bejertmek we başga ýurtlara geçip gitmek üçin barýarlar.
Degişli maglumat 11 aýda 340 müňden gowrak türkmen Özbegistana syýahat etdiÖzbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtyndaky maglumata görä, gysga möhletli wizalar 7 günden başlanýar we bir ýyla ýetýär, olaryň bahasy 40-160 dollar aralygynda, 6 aýlyk we bir ýyllyk uzakmöhletli wizalar 150-250 amerikan dollary aralygynda durýar.
Habarçylar ýurtdaky agyr durmuş şertleriň arasynda Özbegistana gitmek isleýänleriň ençemesiniň goňşy ýurda işlemek maksady bilen barýandygyny belleýärler.
"Öz ýurdundaky işsizlik, ilaty daşary ýurtlarda nesibesini agtarmaga mejbur edýär. Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy çöküp barýarka ilat iş gözläp, goňşy ýurtlara gidýär" diýip, aşgabatdaky çeşme aýdýar.
Türkmenistanlylar işiň gözleginde Özbegistandan başga Azerbaýjana, Gazagystana we Gyrgyzystana hem köp barýarlar. Çeşmeler türkmen migrantlarynyň sanynyň artmagy goňşy ýurtlaryň ýerli ilatynda sorag döredýändigini belleýärler.
"Türkmenistanyň raýatlarynyň barýan ýurtlarynda ýerli ilat geň galýar. 'Siz bol elin ýaşaýarsyňyz, diýip eşidýärdik. Ähli kommunal hyzmatlar, ýangyç, azyk önümleri arzan ýa-da mugt berilýär diýýärdiler. Häzir size näme boldy? Türkmenistandan işlemek, eklenç üçin gelýän raýatlaryň sany gitdigiçe köpelýär' diýýärler" diýip, Özbegistanda işleýän türkmen raýaty gürrüň berdi.
Özbegistanda işleýän türkmen migrantlarynyň sözlerine görä, bu ýurtdaky aýlyklar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan az hasaplanýar, emma türkmen raýatlary muňa razy bolýar.
"Mysal üçin, Özbegistanda gurluşykda işleýän türkmen raýatlaryna 700 dollar möçberinde hak tölenýär. Bu aýlygy pes görýän özbegistanlylar: 'Öz ýurduňyzy taşlap daşary ýurtda iň pes aýlyga razy bolýan bolsaňyz, Türkmenistanda gurluşykda näçe hak tölenýärkä' diýip haýran galýarlar" diýip, türkmen migranty aýdýar.
Türkmenistanda iň pes aýlyk resmi taýdan 1410 manat möçberinde kesgitlenýär, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 402,8 dollara we gara bazar nyrhy boýunça 70,5 amerikan dollaryna barabar.
Degişli maglumat Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýladyTürkmen hökümetiniň ileri tutýan Arkadag şäherindäki gurluşyklarda işleýän işçileriň 12-13 sagatlyk, dynç günsüz zähmeti üçin 2000 we 4000 manat aralygynda aýlyk tölenýär, käbir tejribeli ýokary hünärli ussalaryň aýlygy köpräk bolsa-da 5000-6000 manatdan geçmeýär diýip, Azatlygyň habarçylary fewralda habar beripdi. Şol maglumatda gurluşykçylara wagtynda aýlyk berilmezligi ýa-da aldanyp, pulsuz işledilmegi ýaly ýagdaýlaryň köpelendigi aýdylypdy. Bu ýagdaý gurluşykçylary işini taşlamaga mejbur edýär.
Özbegistanlylaryň sözlerine görä, ýurduň öz ilaty 1000 dollara barabar aýlyga gurluşykda zähmet çekmekden daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýada işlemegi has köp saýlaýarlar.
"Sebäbi Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda wiza talaby ýok. Şonuň üçin özbek raýatlary Russiýada 1500, 2000 dollardan geçirip aýlyk alyp bilýärler" diýip, özbegistanly çeşme gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýarTürkmenistanda özbek wizasyny almak üçin uly nobatlaryň saklanýandygyny daşary ýurtlaryň birindäki özbek diplomaty hem anonimlik şertinde tassyklady. Azatlyk Radiosy Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Özbegistanyň syýahatçylyk boýunça komitetiniň maglumatynda Özbegistanyň dünýäde syýahatçylaryň akymy iň çalt ösýän 7 ýurduň arasyna girendigi habar berilýär. Maglumatda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hasabatyna salgylanyp, 2025-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurda baran daşary ýurtlularyň sanynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 73 göterim artandygy aýdylýar.
Şeýle-de, özbek hökümetiniň resmi maglumatlaryna görä, ýurt Gyrgyzystan (60 güne çenli), Täjigistan (30 güne çenli), Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gürjüstan, Gazagystan, Moldowa, Russiýa we Ukraina bilen ikitaraplaýyn wizasyz režimi ýöredýär. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana Gyrgyzystandan 521 138, Täjigistandan 469 060, Gazagystandan 386 284, Orsýetde 123 310 we Owganystan 83 613 adam barypdyr.
Degişli maglumat Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.