Türkmenistanda islenilmeýän göwrelilik zenanlary howply ýagdaýa salýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda zenanlaryň çaga-edinip edinmezlik mümkinçiligi örän çäkli bolmagynda galýar, kanun islenilmeýän göwreliligi togtatmak üçin diňe bäş hepde berýärkä, göwreliligini bu möhletden giç anyklan zenanlar saglyk ýa-da maddy ýagdaýyna garamazdan çaga dogurmaly bolýarlar, ýa-da ony düşürmek üçin bikanun ýollary gözleýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly lukmanlar bu ýagdaýyň aýallaryň janyna we saglygyna döredýän howplar barada gürrüň berdiler.

"Türkmen kanuny göwreliligi togtamagy tasdan gadagan edýär, şol sebäpli islenmeýän göwrelilik we howply gizlin abort Balkanda zenanlaryň janyna hem-de saglygyna howp abandyrýar" diýip, balkanly ginekolog lukman aýtdy. Onuň sözlerine görä, aýallar çagany düşürtmegiň bikanun ýollaryny gözläp, özlerini howp astyna salýarlar ýa-da çaga dogrup, dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.

Türkmenistanda islenilmeýän göwreliligi togtatmak üçin rugsat berilýän kanuny möhlet bäş hepde bilen çäklendirilýär, ondan soň aýallara öz göwreliligini togtatmaga örän seýrek şertlere rugsat berilýär. Lukmanlar bäş hepdäniň örän azdygyna, köp zenanlaryň tebigy ýagdaýda göwreliligini bu wagt aralygynda anyklap ýetişmeýändigine ünsi çekip, bu ýagdaýyň gizlinlik bilen edilýän abortlara ýol açýandygyny belleýärler.

Degişli maglumat

Agzalmaýan reallyk: kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň göwreliligi, abort gadagançylygy, çaga söwdasy

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe türkmenistanly ginekolog lukmanyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, gizlin abort "tutuş bir pudaga" öwrülipdir, onuň öz şertleri we nyrhlary bar.

"Zenanyň ýaşyna görä, gizlin abort 5 müňden 20 müň manat aralygynda bahalanýar. Eger aýalyň ýagdaýy has howply bolsa, bahasy 100 müň manada çenli bolup bilýär" diýip, Balkanabadyň saglyk edaralarynyň birindäki çeşme gürrüň berdi.

'Hyrydar köp bolýar'

Agzalan nyrhlar ilat köpçüliginiň 2000 manatdan ybarat ortaça girdejisine görä, ummasyz pul bolup görünýän bolsa-da, şonça pul berip, çagany düşürtmek hyzmatyna "hyrydaryň" köpdügini lukmanlar aýdýar. Olaryň sözlerine görä, bikanun işe baş goşmagyň töwekgelçiligi-de zenanlary we lukmanlary saklamaýar.

"Kanuna garşy bolany üçin öýlerinde ýa-da resminama doldurmazdan hassahanada abort edip berýänler bar. Eger bir zat bolan ýagdaýynda 'gyssagly geldi gan-suw gidip enäniň janyny saklamak ilkinji orunda' diýen kanuna esaslanyp, zerur resminamalary soň düzýärler. Hususan-da, bu ene abort wagtynda jan berse edilýär" diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Ol bu ýagdaýyň häkimiýetler we kanun goraýjy edaralar üçin hem syr däldigini aýdýar. "Wezipeli, pully adamlaryň öz tanyşlaryny getirip, soňky pursatda bäş-alty aýlyk göwreliligi togtatmagy soraýan halatlary hem bolýar" diýip, lukman aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlary Balkan welaýatynyň saglyk wekillerinden resmi görnüşde tassykladyp bilmedi. Türkmenistanyň Saglyk ministrligi bilen habarlaşmak synanyşygymyz hem oňyn netije bermedi, görkezilen telefon belgilerine eden jaňlarymyza jogap berilmedi.

Türkmenistanda abort etdirmek üçin rugsat berilýän möhletiň 12 hepdeden bäş hepdä çenli azaldylmagy 2022-nji ýylda güýje giren kanuna esaslanýar. Möhletiň şeýle azaldylmagy aýallaryň islenilmedik göwreliligini togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.

"Göwrelidigini anyklan zenana dokumentleri doldurmak üçin iki aý gerek bolýar, ol göwredäki çaga eýýäm dört aýlyk bolýar" diýip, ýene bir lukman aýdýar.

Bu kanunyň tankytçylary gadagançylygyň, problemanyň hökümet tarapyndan resmi taýdan gozgalmazlygynyň, ýaşlaryň jynsy gatnaşyklar baradaky sowadyny artdyrmak boýunça çäreleriň ýetmezçilik etmeginiň, şeýle-de kontrasepsiýa serişdeleriniň ilat üçin elýeterliligi problemasyna ýeterlik ünsden berilmezliginiň arasynda bolup geçýändigini belleýärler.

"Ýaşlar ýa-da ýaş maşgalalar göwreliligiň öňüni alýan serişdeleri ulanmaýarlar. Käbirlerinde şeýle düşünje asla ýok. Döwlet ähli zatlary gadagan diýip, orta mekdepler ýa-da metbugatda bildirişleri, düşündiriş maglumatlary gadagan edip, ýaşlarymyzy bar zatdan habarsyz galmagyna getirdi", diýip, balkanly ýaşaýjy öz pikirini paýlaşdy.

Häkimiýetleriň ýaşlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyklar meselesine çemeleşmegi gözegçilige we gadagançylyga gönükdirilýär. Mekdeplerde ýörite sapaklary geçirmegiň, bilim edaralarynda, media serişdelerinde we jemgyýetde mazmunly maglumatlary ýaýratmagyň we diskussiýa ýol açmagyň ýerine ýaşlardan jynsy gatnaşykdan saklanmak, ene-atalardan gyzlara berk gözegçilik etmek we gyzlary ginekologiýa barlaglaryna yzygiderli mejbur etmek ýaly çäreler alnyp barylýar.

Degişli maglumat

Çagalary ellerinden alynjak gelinler dymmaly ýa-da aýrylyşmaly bolýarlar

Şol bir wagtda, hem medisina, hem-de bilim işgärleri mekdeplerde ýaşlara jynsy gatnaşyklar barada ýeterlik bilim berilmezliginiň bu tendensiýanyň esasy sebäpleriniň arasynda görkezýärler.

"Mekdeplerde ýokary synplarda mekdep programmasyna girizip, ýaşlarymyza öwretmeli jyns gatnaşyklary näme, göwrelilik näme. Sosial gorag, ene-ata terbiýesi, edep-ahlak we medisina sowatlylygy ýaly dersler geçmeli" diýip, ginekolog lukmanlarynyň ýene biri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, muňa derek islenilmeýän göwrelilik we bikanun abort "adaty bir ýagdaýa" öwrülip barýar. "10-12-nji klas okuwçylaryň ejeleri gelip, 'gyzym göwreli bolupdyr, abort edip beräýiň' diýip ýüz tutýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.

Lukman göwreli bolan ýaşlary mekdepden boşatmak, enäni goramak we beýleki zerur sosial goldawynyň hem ýurt kanunlarynda göz öňünde tutulmaýandygyny belledi.

Göwreliligi gizläp, abort etdirýän aýal-gyzlaryň köpdügini, olaryň pul töläp, göwreliligini togtatmak üçin ýaşyryn edilýän lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanýandygyny habarçylarymyz öňden bäri habar berip gelýärler. Emma bu ýagdaýyň dört ýyl mundan ozal girizilen kanuny çäklendirmeleriň arasynda has hem köpelendigi aýdylýar.

Çaga dogurmak meselesi

Lukmanlar umuman çaga dogurmak meselesinde agyr problemalaryň köpdügine ünsi çekýärler. Munuň çagany isläp dogurýan zenanlara hem degişlidigini, hem eneleriň, hem-de bäbekleriň saglygy bilen bagly problemalaryň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

"Ýaş ene-atalarda göwrelilik, çaga edinmek barada sowatlylyk ýok. Göwreli bolup gelýänleriň käbirinde dürli näsaglyklar, hroniki hassalygy ýa-da ýokanç keselleri bolýar. Zenanlar saglygyny barlatman, göwreli bolup gelýärler. Soňra bu çaganyň düşmegi, ýa-da 6-7 aýlyk wagtynda bir kilograma ýetmedik agramda dogulmagyna sebäp bolýar" diýip, balkanly lukman gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatyň saglygyna, şol sanda eneleriň we çagalaryň saglygyna degişli resmi statistika köpçülige elýeterli däl.

Degişli maglumat

Merkezi Aziýada gyz çagalaryň abort edilmegine köne däp-dessurlar we häzirki zaman tehnologiýalary itergi berýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.