Türkmenistanda mekdep köýnegi hem okuwçy gyzlary kemsitmegiň bahanasyna öwrülýär

Okuwçy gyzlar (arhiw suraty)

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, käbir okuwçy gyzlaryň beýleki synpdaşlary tarapyndan egin-eşigine, daş keşbine we maşgalasynyň maddy ýagdaýyna görä kemsidilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlygyň habarçylary şeýle gatnaşyklaryň käte toparlaýyn ýekesiretmäge we ýençmäge çenli baryp ýetýändigini, sosial media ýazgylarynda hem deň-duşlaryny masgaralamagyň alamatlarynyň görünýändigini aýdýarlar.

“Geçen ýylky köýnegiňi geýdiňmi?” diýen sowal käbir okuwçy gyzlar üçin synpdaşlaryny masgaralamagyň serişdesine öwrülýär diýip, Marydaky habarçymyzyň bir söhbetdeşi aýtdy. Anonim gürleşilen enäniň sözlerine görä, okuwçynyň köýneginiň matasy arzan ýa-da mekdepde harçlaýan puly degişlilikde az bolan çagalar “garyp” diýlip kemsidilýär.

Maryda birnäçe ene-ata we ýokary synp okuwçylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz käbir okuwçylaryň has ýuwaş deň-duşlaryna öz köwşüni süpürtdirýändigini, olaryň depder-kitaplaryny hapa bedresine taşlaýandygyny we olary öýlerine gaýdýan ýolunda topar bolup urýandygyny hem anyklamagy başarandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, oglanlaryň arasynda-da ene-atalarynyň baýlygyny deňeşdirip, birek-birege garşy jedelleşýänler bar. Ol käbir mugallymlaryň bu wakalara göz ýumýandygyny aýdýar.

"Ene-atalar-da stresde”

Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň ençeme mekdebindäki ýagdaýlary öwrenen Balkandaky habarçymyz hem üpjün maşgalalaryň we wezipeli adamlaryň käbir çagalarynyň maddy ýagdaýy pes synpdaşlaryny öz toparlaryna goşmaýandygyny gürrüň berdi. Ol ejir çekýän çagalaryň ene-atalarynyň täsirli maşgalalar bilen dawa girmekden çekinýärndigini aýdyp: “garyplaryň çagalary egni gysyk, ene-atalar-da şeýle stresde” diýip, sözüne goşdy.

Ol Balkanabatda sapaklar irden sagat 8:30-da başlanýan hem bolsa, käbir wezipeli adamlaryň çagalarynyň sagat 10-da gelmegine mugallymlaryň we ýolbaşçylaryň sesini çykarmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Mekdeplerde okuwçylaryň bir-birine azar berýän ýagdaýlary köpelýär

Birnäçe ýokary synp okuwçysy bilen söhbetdeş bolan habarçymyz käbir mugallymlaryň özleriniň hem okuwçylary sapakda kemsidýändigini we urýandygyny, netijede mugallymyň öňünde özüni gorap bilmeýän çaganyň soňra synpdaşlarynyň hem nyşanasyna öwrülýändigini aýtdy.

Balkanly bir bilim işgäri bu ýagdaýlary jemgyýetdäki maddy deňsizlik, maşgalalaryň güzeran aladalary, galyberse-de mekdeplerde tertip talaplarynyň hemmelere deň ulanylmazlygy bilen baglanyşdyrdy. Onuň pikirine görä, işläp gazanmak üçin daşary ýurda gidýän ýa-da gündelik eklenç bilen başagaý ene-atalaryň çagalarynyň durmuşyna gatnaşmak mümkinçiligi azalýar.

Sosial mediadaky kemsitmeler

Bu aralykda, sosial mediada okuwçy gyzlaryň tegelek bolup durup beýleki synpdaşlaryny ‘nyşana alyp’ düşürýän wideolarynyň hem paýlaşylýandygy bellenilýär. Habarçylarymyz ýaşyl mekdep köýnekli, dürli el hereketleri bilen düşürilýän wideolaryň käbirinde beýleki gyzlara gönükdirilen “porsy” ýaly kemsidiji sözleriň ekrana ýazylýandygyny, süýji-köke görkezmek arkaly öz toparyny beýlekilerden tapawutlandyrýan ýazgylaryň hem bardygyny aýdýar.

BMG-niň Çagalar gaznasy — UNICEF bullingi bilkastlaýyn, gaýtalanýan we güýç deňsizligine esaslanýan hereket hökmünde düşündirýär. Bu bir çaganyň ýa-da toparyň başga birine beden taýdan ýa-da söz bilen zyýan ýetirmegini öz içine alýar. Internetde amala aşyrylýan görnüşine kiberbulling diýilýär.

"Oglan okuwçylaryň arasynda-da ene-atalarynyň baýlygyny deňeşdirip, birek-birege garşy jedelleşýänler bar" - habarçy.

Azatlyk mundan ozal hem okuwçylaryň maddy ýagdaýy pes deň-duşlarynyň puluny almak, olary gorkuzmak we tutuş synp bolup ýekesiretmek ýaly ýagdaýlar barada habar beripdi. Şonda gyzlaryň gyzlary urýandygy, käbir ejir çeken çagalaryň bolsa bolup geçenleri öýünde aýdyp bilmeýändigi bellenipdi.

UNICEF-niň maglumatyna görä, internetdäki kemsitmeler çaganyň öýünde hem özüni howpsuz duýmazlygyna, dost-ýarlaryndan daşlaşmagyna, ukusynyň bozulmagyna we mekdebe gitmekden gaça durmagyna getirip biler. Kemsidiji ýazgylaryň giň köpçülige ýaýramagy basyşy güýçlendirip bilýär.

Türkmenistanyň “Bilim hakynda” kanunynyň 16-njy maddasynyň 11-nji bölegi okuwçylara we pedagoglara fiziki hem psihiki zorluk ulanmagy gadagan edýär. Kanun mekdepdäki tertibi adam mertebesine hormat goýmak esasynda saklamagy talap edýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça degişli mekdepleriň ýa-da Bilim ministrliginiň wekillerinden düşündiriş alyp bilmedi.

UNICEF ene-atalara çagany günäkärlemezden diňlemegi, onuň aýdýanlaryna çynlakaý garamagy we mekdep bilen bilelikde kömek gözlemegi maslahat berýär. Kömege diňe kemsidilýän çaga däl, beýlekilere azar berýän çaga hem mätäç bolup biler.

Degişli maglumat

Salam, Dogan: Awtoritar syýasatyň çaganyň terbiýesine nähili täsiri bar?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.