Türkmenistanda ilatyň täze ýyl baýramçylygyny bellemegi şu gezek hem häkimiýetleriň berk gözegçiliginde geçirildi. Mary welaýatynda täze ýyl agşamy arça agaçlardaky çyralar öçürilip, adamlaryň köçede bolmagyna garşy çäreler geçirildi. Aşgabatda ýaşaýjylaryň öz howlularynda ot ýakmazlygyna gözegçilik edildi.
"31-nji dekabr agşamy sagat 19:00-dan soň ähli bezelen arçalaryň çyralaryny öçürip, aýaz baba we gar pamyk eşikli adamlardan hem-de ähli märekeden öýlerine gitmek talap edildi" diýip, çeşmeleriň biri Marydan habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň sözlerine görä, bu gözegçilik işlerine kanun goraýjy edaralaryň işgärleri çekilip, olaryň tas ählisi öz resmi dynç güni işe çykmaga mejbur edilipdir. Şeýle, köçelerdäki gözegçilik çärelerine goşmaça bilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdyrylypdyr.
Degişli maglumat Ýylyň jemleri: Azyk, suw, jaý aladalary ýokarlandy, dilegçi çaga köpeldi"Olardan şäheriň içinde halkyň köpçülikleýin üýşýän ýerlerinde nobatçylyk çekmek, halky öýlerine dargatmak buýruldy. Bilim işgärleri hem halky öýlerine kowmak çäresine gatnaşdyryldy" diýip, maryly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Baýramçylyk gijesi "Belent" söwda merkeziniň, "Mary mall" söwda merkeziniň we kitaphananyň öňünde bezelen arçalar ilatyň köp baran ýerleri bolupdyr. Marynyň merkezinde dikilen baş arçanyň golaýyna ýaşaýjylar goýberilmändir.
Emma gözegçileriň talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp, gezelenjini dowam etdiren ýaşaýjylar hem bolupdyr.
"Kanun goraýjylar bezelen arçalaryň yşyklandyryjy çyralaryny öçürip, adamlary dargatmakçy bolsalar-da adamlar hiç ýere gitmän şäheriň köçelerinde çagalary bilen aýlandylar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Şol bir wagtda-da, pirotehniki serişdeleriň ulanylmagyny çäklendirmek boýunça iş geçirilipdir.
"Şu ýyl näçe partlaýjy pirotehniki maddalaryna berk gözegçilik etselerem ýaş oglanlaryň arasynda ýasama partlaýjy jisimlerini ýaranlar kän boldy" diýip, ýene bir çeşme olardan birnäçesini kanun goraýjylaryň saklap polisiýa bölümine äkidendigini gürrüň berdi. "El telefonlaryny dörüp, 200 manat para alyp elindäki partlaýjy jisimleri alyp, öýlerine göýberildi" diýip, çeşme özüniň şaýat bolan ýagdaýlaryň biri barada gürrüň berdi.
Ot ýakmak gadagan edildi
"Ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda ýaşaýjylaryň mangal ýakyp, çişlik bişirmeklerini polisiýa işgärleri gadagan edýärler" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Paýtagtyň etrapçalarynda ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda ýaşaýjylaryň ýörite gurlan ojaklarda nahar bişirmegi giň ýaýran ýagdaý.
"Jaýlaryň howlularynda aýlanyp, nobatçylyk çekip ýören polisiýa işgärleri kimdir biriniň mangalda ot ýakyp duranyny görse, ylgaşyp gelýärler we ody suw sepip öçürmegi talap edýärler" diýip, aşgabatly gürrüň berdi.
Degişli maglumat Býujetçilerden Täze ýyl sowgady üçin alnan pula zaýalanan azyk berildiPaýtagtyň polisiýa işgärleri bu çäreleri ýangyn howpsuzlygyny we adamlaryň üýşmeleň etmekden saklanmagyny berjaý etmek maksady bilen baglanyşdyrýarlar.
Habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtyň köçelerine gözegçilik edýän kanun goraýjy işgärlerine kömekçi hökmünde polisiýa akademiýasynyň studentleri raýat eşikli nobatçylyga çekilýärler.
Güýçli ýel agaçlary ýykdy
Paýtagtda baýramçylygyň öňýany güýçli ýel turdy we täze ýyl bezeglerine zeper ýetirdi.
30-njy dekabrda Aşgabatda howa şemally boldy. Güýçli ýel käbir täze ýyl arçasyny ýykdy, uly bag agaçlaryň birnäçesini gopardy, şeýle-de stadionyň ýokarky çadyr ortügini ýyrtdy diýip, paýtagtdaky habarçymyz habar berdi.
Türkmenistanda täze ýyl baýramy bilen bagly çäklendirmeler häkimiýetleriň resmi çykyşlarynda we döwlet mediasynda agzalmady, güýçli ýel bilen bagly tebigy ýagdaý barada hem habar berilmedi.
Şäherlerde şu ýyl täze ýyl arçalary dikilip, baýramçylyga taýýarlyk görülen hem bolsa, il içinde täze ýyly bellemezlige ündew işleri geçirildi. Hususan-da, din wekilleri wagyz çärelerini alyp bardylar. Ilaty täze ýyl baýramyny bellemezlige çagyryşlar soňky birnäçe ýyl gaýtalanýar.
Täze ýyl türkmenistanlylaryň arasynda iň köp bellenýän baýramçylyklaryň biri hasaplanýar.
Degişli maglumat Balkanda Täze ýyla garşy wagyzlar güýçlenýär, şol bir wagtda, býujet işgärlerinden baýramçylyk üçin pul ýygnalýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.