Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerine güýçli tozanly ýel geldi

Soňky döwür tozanly ýeller ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda ençeme gezek boldy. (arhiw suraty)

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerine gelen güýçli tozanly ýel sebäpli onlarça ýaşaýyş jaýy, ekin meýdanlary zeper çekdi, ençeme adam ýaralandy. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň köp ýerlerinde sagatlap, käbir sebitlerde ençeme günläp hojalyklaryň elektrik üpjünçiligi kesildi.

Tebigy harasatdan ejir çeken ilat häkimýetleriň dymmagyndan we hemaýat sorap gelýänlere gödek daraşmagyndan nägile bolýandygyny aýdýar.

Howa maglumatlaryna gözegçilik edýän Meteožurnal neşirine görä, 20-nji fewralda demirgazyk-günbatardan Türkmenistanyň çägine gelen ýeliň görkezijileri käbir sebitlerde tupan derejesine çenli ýetipdir. Türkmenabadyň meteo-stansiýasy ýeliň 25 m/s çenli ýetýän tizligini hasaba alypdyr. Maryda ýeliň tizligi 24 m/s ýetip, tozanly tupan sebäpli görünýän aralyk 300 metre çenli peselipdir. Aşgabatda ýel 21 m/s bolupdyr.

Bellesek, döwletiň berk gözegçiligindäki türkmen mediasy tebigy hadysanyň weýrançylykly netijeleri barada, adatdakysy ýaly, dymýar.

Elektrik üpjünçiligi kesildi

“20-nji fewral günortanlar Mara gelen güýçli tozanly ýel 4-5 sagat dowam etdi, hojalyklaryň jaýlarynyň üçeklerini gopardy, penjirelerini döwdi. Welaýatyň köp etraplarynda ençeme sagatlap, gije-ýaryna çenli tok bolmady. Türkmengala we Ýolöten etraplarynda iki günden soň hem elektrik üpjünçiligi ýola goýulmady” diýip, anonim gürleşen Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.

40 ýaşlaryndaky býujet işgäri ýerli elektrik edaralaryna ýüz tutanlarynda, olaryň “Işimiz gaty köpeldi, ýetişdigimizden näsazlyklary aradan aýyrmaga synanyşýarys. Gaýrat ediň, adam sanymyz we zerur seirşdelerimiz ýetmezçilik edýär” diýip, ýagdaýlaryny düşündirýändiklerini aýtdy.

Söhbetdeşimiz ýeliň hojalyklaryň melleklerindäki we ýyladyşhanalaryndaky ekinleri hem harap edendigini, güllerini dökendigini sözüne goşdy.

Tozanly ýel sebäpli Ahal welaýatynda hem onlarça jaýa zeper ýetdi, köp hojalygyň elektrik, käbir ýerlerde suw üpjünçiligi-de kesildi. Tebigy harasatda şikes alanlaryň hem bardygy bellenilýär.

Degişli maglumat Balkanda 100-den gowrak hojalyk jaýy sil suwlaryndan ejir çekdi

“Ahalyň Tejen, Kaka, Sarahs we Babadaýhan etraplarynda ýeliň howa zyňan jaý üçekleriniň, tagtalarynyň galyndylary degip, şikes alan ýaşaýjylar bar. Demgysmasy, ýokary basyşy bolan adamlar has kösendi, Tiz kömek gullugyna ýüz tutanlar hem boldy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran tejenli bir lukman belledi.

Lebapdaky habarçymyz hem welaýatyň köp sebitleriniň jaýlaryna zyýan ýetendigini belläp, ilatly nokatlaryň köpüsinde 23-nji fewrala çenli hem elektrik üpjünçiliginiň dikeldilmändigini nygtady.

Türkmen sosial media ulanyjylary-da howany, köçeleri sarymytyl tozana bürän güýçli ýeli, onuň ýetiren zyýanyny wideo düşürip paýlaşdylar. Ulanyjylaryň arasynda sebit üçin kän adaty bolmadyk tebigy hadysalaryň soňky döwür has köpelendigini belläp, häkimiýetleriň bularyň zyýanly netijelerini aradan aýyrmakda ilata hemaýat bermeýändigine üns çekenler-de boldy.

"Pulsuzlara pul berilýän ýer däl"

Marydaky habarçymyz hemaýat sorap ýerli häkimiýetlere ýüz tutan ençeme zyýan çeken ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolmagy başardy. Onuň tassyklamagyna görä, ýaşaýjylaryň ençemesiniň jaýlarynyň üçekleri we penjireleri zaýalanypdyr. Ýaşaýjylar täze gurluşyk harytlaryny, ussalaryň hakyny tölemäge ýagdaýynyň ýokdugyny, gündelik çörekleriniň aladadygyny düşündirjek bolup, ýerli häkimliklerden goldaw tapmaga synanyşypdyrlar.

Degişli resmileriň biri bolsa: “Bar, git-de bankdan kredit al. Näme, bäri saňa pulsuzlara pul berýän bankmy” diýip, jogap gaýtarypdyr. Azatlyk söhbetdeşimiziň howpsuzlygy sebäpli bu ýagdaýyň takyk ýerini we wagtyny, galyberse-de anyk adam atlaryny äşgär etmekden saklanýar.

Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy hadysalar soňky birnäçe ýylda yzly-yzyna gaýtalanýar.

Duzly we tozanly ýel ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda ençeme gezek boldy. Galyberse-de, şu ýyl Türkmenistanda fewral aýynyň gözegçilik döwründäki iň ýokary temperaturasy hasaba alnyp, 19-njy fewralda käbir sebitlerde howanyň gyzgynlygy maý aýyna laýyk derejä ýetdi.

“Häkimiýetleriň ilata tebigy betbagtçylyklar döwründe hiç hili maglumat, maddy we ruhy ýardamyny bermezligi, soňy bilen jemgyýetde häkimiýete öňden gelýän ynamsyzlygy has hem çuňlaşdyrýar” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.