Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri 13 resminama alyşdy

Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Jae Mýung. 15-nji snetýabr, 2026 ý. Seul

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Seula edýän döwlet saparynyň çäginde 15-nji sentýabrda Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Jae Mýung bilen duşuşdy. Şeýle-de, türkmen prezidenti bilen bu ýurduň Milli Assambleýasynyň başlygy Ço Jeog-sikiň arasynda hem gepleşikler geçirildi.

“Çarşenbe güni, 16-njy sentýabrda geçiriljek ilkinji Günorta Koreýa-Merkezi Aziýa sammitiniň çäginde tapgyr ikinji gün Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyklaryny dowam etdirýän Lee sişenbe güni [15-nji sentýabrda] irden Berdimuhamedowy resmi dabara bilen garşylady” diýip, “The Korea Herald” neşiri habar berdi.

Neşiriň 15-nji sentýabrda çap eden maglumatynda taraplaryň infrastruktura, gämi gurluşygy, täze şäher gurluşygy, suw serişdelerini dolandyrmak, emeli intellekt ýaly pudaklarda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandygy hem aýdylýar.

Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Jae Mýung. 15-nji snetýabr, 2026 ý. Seul

“Duşuşykdan soň iki lider dürli ugurlary öz içine alýan 13 ylalaşygy we özara düşünişmek hakyndaky memorandumy alyşdy” diýip, neşir belledi.

Bu duşuşyk, 16-njy sentýabrda Seulda geçiriljek Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň döwlet baştutanlarynyň birinji sammitinden bir gün öň boldy.

Sammit Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda liderler derejesindäki ilkinji köptaraplaýyn duşuşyk bolar.

2022-nji ýylyň martynda prezidentlige kasam edeni bäri Günorta Koreýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan türkmen prezidenti 14-nji sentýabrda Seula bardy.

Türkmen prezidenti 15-nji sentýabrda Günortra Koreýanyň Milli Assambleýasynyň başlygy Ço Jeog-sik bilen hem duşuşdy.

Hökümetçi “Orient” neşiri Günorta Koreýanyň habar agentliklerine salgylanyp, türkmen prezidenti bilen Ço Jeog-sikiň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we parlamentara dialogy çuňlaşdyrmak meselelerine üns berlendigini aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmen prezidenti C5+Günorta Koreýa formatynyň ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Seula sapar edýär

“Koreýanyň kanun çykaryjy edarasynyň Seulyň tehnologik mümkinçiliklerini we Türkmenistanyň baý serişde mümkinçiliklerini amaly taýdan birleşdirmäge, anyk ykdysady netijeleri gazanmaga ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy” diýlip, 15-nji sentýabrda çap edilen habarda bellenilýär.

Şeýle-de, 14-nji sentýabrda Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň senagat ministrleri Seulda C5+1 formatynda ilkinji bilelikdäki duşuşygy geçirdiler.

Duşuşykda taraplar möhüm minerallar üçin üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we sebitdäki kärhanalarda emeli intellekt ornaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Taraplar Merkezi Aziýanyň litium we seýrek ýer elementleri ýaly möhüm mineral gorlaryny Günorta Koreýanyň gaýtadan işleýän tehnologiýalary bilen birleşdirmegi maksat edinýärler. Şeýle-de, ministrler senagat zolaklaryny döretmek, akylly zawodlary ösdürmek we senagatda emeli intellekti ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Günorta Koreýanyň prezidenti Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy. Iki lider 13 resminama alyşdy.

Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

TDH-niň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy.

Şeýle-de, ýurtda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bularyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýaly iri desgalar bar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.