Türkmen raýatynyň rus goşunynyň hatarynda Ukrainada alnyp barylýan söweşde ukrain tarapyna ýesir düşmegi türkmen jemgyýetinde uly reaksiýa döretdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň ýurt içinden beren maglumatlarynda aýdylýar. Türkmenistanlylarda pikir alyşma döreden wideo 28-nji ýanwarda YouTube-de çap edilip, özüni türkmen raýaty Maksat Meredow diýip tanadan adamyň ýesir alynyşy görkezýär.
Öz pikirini beýan edýän türkmenistanlylar "baý ýurduň çörek üçin Putiniň naýomnigi bolan türkmenleri", "öz halkyny Putiniň diri etine öwren türkmen häkimiýeti" diýen terzde gürrüň edýärler.
Şeýle-de, habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylaryň käbiri "Türkmenistan repressiw ýurt, bu bende [ýesir] yzyna deport edilse, Owadandepede öldüriler" diýseler, beýlekiler "Orsýete urşa gatnaşmaga gidýän raýatlar öňem, häzir hem yzarlanmaýarlar, sebäbi türkmen režimi Putin režimi bilen gatnaşyklaryna dag düşüresi gelenok" diýen pikirlerini öňe sürdüler.
28-nji ýanwarda YouTube-de peýda bolan wideoda ukrain harbylarynyň rus goşunynyň pozisiýasyna dronly hüjüm edip, esgeri ýesir alandygy görkezilýär.
"Gaçybatalga ýok edilenden soň, diri galan okupant (Türkmenistanyň raýaty) dronlara boýun egdi. Eskort operasiýasy üç sagat dowam etdi, dronlar howada çalşyryldy. Ýesiriň diri galmagyny üpjün etmek üçin esgerlerimiz oňa ýyladyş enjamlaryny howadan okladylar" diýlip wideonyň aşagynda çap edilen ýazgyda habar berilýär.
Wideoda ýesirlige alynyşy görkezilen adam özüni 1980-nji ýylyň 24-nji martynda doglan Meredow Maksat Döwletmyradowiç diýip tanadýar we Türkmenistanyň raýatydygyny habar berýär. Ol Russiýa gazanç üçin barandygyny we 2025-nji ýylyň 14 noýabrynda rus goşunyna goşulmak barada şertnama gol çekendigini wideoda gürrüň berýär.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, wideo bilen baglanyşykly pikir alyşýan türkmenistanlylar Berdimuhamedowlar maşgalasynyň awtoritar dolandyryşy astyndaky ýurduň agyr sosial-ykdysady problemalaryny agzaýarlar we agyr ýagdaýda ýaşaýan raýatlaryň "garyplykdan gaçyp gutulmak üçin Russiýa ýaly ýurtlara gaçmaga mejbir bolýandygy" aýdýarlar.
"Türkmen raýatynyň ýesirlikdäki wideo ýazgysynda onuň Orsýete "çagalaryny, maşgalasyny üpjün etmek üçin pul gazanmak" maksadynda gelendigi we aldaw ýoly bilen uruş meýdanyna düşendigi onuň özi tarapyndan aýdylýar. Bu habar türkmen jemgyýetçiliginde täsir döretdi" diýip, habarçymyz bilen gürleşen türkmenistanly belledi.
Habarçylarymyz bilen ikiçäk gürrüňdeşlikde, onlaýn we oflaýn pikir alyşmalarda, türkmenistanlylaryň birnäçesi Maksat Meredowyň urşa gatnaşmagyny ýiti ýazgarsalar-da, beýleki tarapdan, raýatlary urşa gatnaşyp, maşgala eklemek derejesine ýetiren ýurtdaky ýagdaýy we türkmen ýolbaşçylaryny paýyş, gargyş sözleri bilen tankyt etdiler.
Degişli maglumat 'Pul üçin söweşýär'. Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenler barada maglumat köpelýärTürkmenistanyň häkimiýetleriniň türkmen raýatlarynyň Ukrainadaky söweşlere gatnaşmagy we ýesir düşmegi boýunça pozisiýasy nämälim galýar. Türkmen raýatlarynyň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunda söweşmegi, ýesir düşmegi we ölümi barada mundan öň peýda bolan resmi habarlara, adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň maglumatlaryna we sosial mediada peýda bolýan wideolara Türkmenistan tarapyndan resmi teswir berilmedi.
Ukrainanyň hökümeti tarapyndan goldanýan “Hoçu-Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) derňew taslamasy Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň rus goşunlarynyň hataryna goşulyp, Ukrainanyň garşysyna söweşýändigini geçen ýylyň maý aýynda habar berdi. Olaryň arasynda öldürilen esgerleriň hem bardygy aýdyldy. Soňra proýektiň awgust aýynda çap eden habarynda, azyndan 122 türkmen raýatynyň Russiýanyň goşunyna hakyna tutulandygyny aýdyldy. Taslama hakyky sanyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Degişli maglumat Rus tussaglygyndaky merkezi aziýalylar Moskwanyň urşuna goşant goşmaga mejbur edilýärBu habarlaryň arasynda Türkmenistanda öňki harbylaryň ýurtdan çykmagyna päsgelçilikler döräp başlady.
Türkmenistanly ofiserleriň birnäçesi öz biometriki pasportlarynyň ellerinden alnandygyny geçen ýyl habar beripdi. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen kanun goraýjy edaralardaky çeşmeler bolsa, bu çäreleri “öňki türkmen ofiserleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegi bilen baglanyşykly hadysalaryň anyklanandygy” bilen düşündirdi.
Türkmenistandan tapawutlylykda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary resmi derejede çäre görýärler. Gazagystan geçen ýylyň dowamynda Ukrainada Orsýetiň tarapynda söweşen raýatlaryna garşy 700-den gowrak iş gozgady.
Ukrain hökümetiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" proýekti hakyna tutulandygy aýdylýan esgerleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň sanawlaryny 2025-nji ýylyň başyndan bäri çap edýär. Yzygiderli täzelenýän maglumatda olaryň atlary we şahsy maglumatlary görkezilýär.
Degişli maglumat Rus urşy bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenistan öňki harbylaryň ýoluny ýapýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.