Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde Awstriýa sapary başlandy. Türkmen metbugaty uly Berdimuhamedowyň soňky ik aýdan hem az wagtyň dowamynda amal edýän azyndan üçünji daşary ýurt saparynyň gün tertibi barada häzirlikçe jikme-jik maglumat bermeýär.
Bu aralykda, hökümete tarapdar neşir saparyň dowamynda energetika pudagynda täze sepgitleriň maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bilermen Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň arasynda, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine nebit we gaz import etmek mümkinçiliklerini gözleýändigini aýtdy.
TDH 8-nji aprelde çap eden maglumatynda Berdimuhamedowyň Wena-Şwehat halkara howa menzilinde Awstriýanyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri tarapyndan garşylanandygyny habar berdi.
Habarda Halk maslahatynyň başlygynyň Awstriýa saparynyň dowam edýändigi aýdylsa-da, onuň haçan Türkmenistana dolanjakdygy, şeýle-de saparyň gün tertibi barada hiç zat aýdylmaýar.
Degişli maglumat
Uly Berdimuhamedow gazy Hytaýa artdyrmak boýunça 'bilelikdäki işleri' mälim etdiÝöne hökümete tarapdar “Orient.tm” neşiri 8-nji aprelde çap eden maglumatynda saparyň dowamynda energetika pudagynda täze sepgitleriň we ýaşyl ykdysadyýete geçmek boýunça pikir alyşmalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, ýurduň içerki we daşarky syýasatynda entegem kesgitleýji rol oýnaýandygy aýdylýan uly Berdimuhamedowyň bu sapary ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy başlan urşy we Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaýlar sebäpli dünýäde ýangyç krizisiniň dörän mahalyna gabat geldi.
Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan energiýa resurslarynyň, hususan-da gazyň eksport ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär.
Gün tertibinde energiýamy?
G.Berdimuhamedow 17-19-njy mart aralygynda Hytaýa sapar edip, Türkmenistanyň bu ýurda akdyrýan gazynyň möçberini 60% çemesi artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Şeýle-de, ol ýurtda hytaýly hünärmenleriň dowam edýän işiniň ‘giňeldiljekdigini’ hem belledi.
Şeýle-de, ol fewral aýynda ABŞ-a eden sapary bilen baglylykda Saud Arabystanynyň "Al Arabia" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň "esasy maksadynyň" dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini nygtapdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Brýussele, Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtyna boljak saparyna taýýarlyk görülýändigi, ýöne onuň anyk senesiniň kesgitlenilýändigi barada türkmen metbugaty we “Reuters” neşiri fewral aýynda habar beripdi.
Şonda Aşgabat bilen dialogy ösdürmegiň çäklerinde, Ýewropa Parlamentiniň Giňişleýin hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygy ratifikasiýa etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň meýilleşdirilýändigi we saparyň gün tertibiniň energiýa meselesini hem öz içine aljakdygy aýdylypdy.
Degişli maglumat
Tramp Tähran bilen “hakyky ylalaşyk” gazanylýança, ABŞ-nyň goşunlarynyň Eýranyň töwereginde galjakdygyny aýdýarSoňky bir aý çemesi wagtyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyk geçirilip, olarda transport, tranzit, ýaşyl energiýa we beýleki energiýa taslamalarynyň maslahat edilendigini aýdyldy.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier Türkmenistanyň juda az mukdarda bolsa-da, türkmen nebitini gämi arkaly Azerbaýjana iberýändigini we bu ýerden onuň Gara deňiz arkaly Ýewropa barýandygyna ünsi çekip, Berdimuhamedowyň Awstriýadaky duşuşyklarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine nebit eksportyny az mukdarda bolsa-da artdyrmak mümkinçiligini maslahatlaşmagyna garaşýandygyny belleýär.
"Duşuşyklar bir zatlaryň bolýandygyna yşarat edýär"
“Hormuz bogazyndaky ýagdaýlary nazara alyp, ol bu ýerde mümkinçilikleriň bardygyny görýän bolup biler. Ýewropanyň has köp nebite mätäçligi, öz gezeginde, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit serişdelerini eksport etmek zerurlygy olary haýsy bolsa-da bir hili ylalaşyk gazanmaga iterip biler. Mundan başga-da, köp wagt bäri maslahat edilýän, ýöne başa barmaýan Trans-Hazar gazgeçirijisi hem Hazaryň türkmen kenaryndan başlap, Awstriýanyň Baumgarten sebitinde tamamlanmalydy. Men bu gazgeçirijiniň ýakyn wagtda guruljakdygyna ynanmaýaryn. Ýöne Awstriýada bu gürrüňiň täzeden gozgalmagy we oňa ýewropalylaryň arasynda islegiň bardygyny ýa ýokdugyny görmek üçin gowy pursat bolup biler. Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň arasynda, Berdimuhamedowyň Awstriýa gelmegi, şeýle-de soňky hepdelerde türkmen we ÝB resmileri arasyndaky duşuşyklar olaryň isleýän bir zatlarynyň bolýandygyna yşarat edýär” diýip, bilermen belledi.
Şeýle-de, ol ÝB-niň, hususan-da, käbir ýurtlaryň türkmen gazyna we nebitine isleg bildirip gelýändigini, şeýle-de Türkmenistanyň “Global Gateway” hyzmatdaşlyk programmasyna işjeň gatnaşmagyny isleýändigini hem aýtdy. Bu programma sanly, energiýa we ulag pudaklarynda akylly, arassa we howpsuz gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Pannier Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň hem dowam edýändigini ýatladyp, TOPH gazgeçirijisiniň ýakyn wagtda amala aşmajakdygyny we Türkmenistanyň hem täze hyzmatdaşlary tapmaga mätäçdigini hem belledi.
“Türkmenistanyň Azerbaýjan, Türkiýe we Yrak bilen hem gaz boýunça swap ylalaşyklary bar. Ýöne bu swap ylalaşyklarynyň ählisi Eýrana garaşly bolup, Türkmenistan tebigy gazy Eýrana iberýärdi we bu ýerden Azerbaýjana, Türkiýä ýa-da Yraga ugradylýardy. Häzirki wagtda bu düýbünden mümkin däl ýaly bolup görünýär. Şol sebäpli bu ÝB we türkmen resmileri üçin Türkmenistandan gaz ýa-da nebit import etmegi maslahat etmek üçin gowy pursat bolup durýar” diýip, Pannier belledi.
Şol bir wagtda, ol Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen baglylykda bildirilýän düýpli aladalanmalar sebäpli Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistan bilen “Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyny” ratifikasiýa etmän gelýändigine ünsi çekip, ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda meýilleşdiriljek islendik nebit ýa-da gaz ylalaşygynda munuň möhüm mesele boljakdygyny hem aýtdy.
Degişli maglumat
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ ugrandygyny habar beren döwlet mediasy birnäçe gün bäri onuň nirededigini aýtmaýar"Bu kynçylyk döreder. Muňa şübhe ýok"
Söwda we syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bu ylalaşygyň ratifikasiýasy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly aladalary sebäpli indi 20 ýyl çemesi wagt bäri yza tesdirilýär.
“Bu kynçylyk döreder. Muňa şübhe ýok. Mart aýyndan bäri geçirilýän duşuşyklaryň käbirinde bu mesele gozgalyp, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýagdaýlaryny gowulandyrmagyň ýollary barada maslahatlaşyldy. Olar ÝB-niň Türkmenistan bilen biznes etmegini ýeňilleşdirmek üçin Aşgabadyň käbir minimal talaplary ýerine ýetirmegini üpjün etmäge synanyşmagy mümkin. Olaryň nähili partnýorlyk ylalaşygyny baglaşjakdygyny bilmeýärin. Diplomatiýa örän gyzykly iş bolup, onda uzak wagtlap dowam eden garşylyklaryňyzy aradan aýyrmazdan, bir zat barada ylalaşyp bolýar. Şeýlelikde, ÝB ylalaşygy gaýtadan gözden geçirip biler” diýip, ol belledi.
Onuň sözlerine görä, mysal üçin, eger ÝB resmileri türkmen häkimiýetlerini "biz ýagdaýy gowulandyrmak borjuny öz üstümize alýarys" diýmäge mejbur etseler, bu olaryň "bolýar, olar geljekde has gowy iş etmäge synanyşjakdyklary barada wada berdiler" diýmegi üçin ýeterlik bolup biler.
“Muňa laýyklykda, olar biz Türkmenistan bilen täze ylalaşyga gelip, adam hukuklaryny gowulandyrmakdaky öňegidişlige gözegçilik ederis diýip bilerler. Emma iki ýa-da üç ýyldan soň, Hormuz bogazy gaýtadan açylanda, ÝB gaýtadan: "olar ýagdaýy kän bir gowulandyrmadylar, şonuň üçin biz ony ýene-de ýatyrýarys" diýip biler” diýip, bilermen belledi.
Türkmen maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2025-nji ýylda tas iki esse artandygyny mälim etdi.
Ol geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” biznes forumynda eden çykyşynda 2024-nji ýylda 1,1 milliard dollara barabar bolan bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 2,1 milliard dollardan gowrak bolandygyny aýtdy.
Ýöne bellesek, häzir Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.