Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Siriýanyň gozgalaňçy toparlary 2-nji ýanwarda gijara özleriniň Orsýet tarapdan goldalýan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak barada barýan maslahatdan çekilýändiklerini yglan etdiler.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Kesgitleýji topary Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ugratmagy maslahat berdi.
Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk komiteti ýurduň raýatynyň 1-nji ýanwaryň gejesinde Satmbulda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşygynyň ähtimaldygyny barlaýar.
Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen baglylykda Eýrana gaz akdyrmagyny “birden” kesdi diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy aýdýar.
Minskiniň aeroportynda Türkmenistanyň raýaty 100,000 dollar möçberinde maliýe serişdesini jarnamada görkezmän, ýagny deklarasiýa etmän geçirmekçi bolanda tussag edildi.
“Yslam döwleti” atly jeňçi topar Täze ýyl gijesi Stambulyň gijeki klubyna edilen ýowuz hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol hüjümde 39 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.
Stambulda bir gije klubynda ýaragdan ot açyp, 39 adamy öldüren we başga-da onlarçasyny ýaralanan hüjümçiniň gözleg işleri gidýär.
Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow Köneürgenjiň deslapky tussaghanasyndan welaýat merkezine geçirildi.
Moskwa Birleşen Ştatlar tarapyndan Russiýanyň diplomatlaryna we howpsuzlyk gulluklaryna garşy girizilen täze sanksiýalara görä “barabar jogap” berer diýip, resmiler aýtdylar.
2016-njy ýylyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň region merkezlerinde şäher meýdançalarynda dikilen Täze ýyl arçalarynyň we uly monitorlaryň ýanynda geçirilýän mejbury baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylýandygy barada resmi bolmadyk habar ýaýrady.
Birleşen Ştatlaryň mediasy Russiýanyň ABŞ-daky saýlaw kampaniýasy döwri Demokratik partiýanyň e-meýllerini syzdyran bolmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalar boýunça ABŞ-nyň Moskwa garşy jogap çärelerini yglan etjekdigini habar berýär.
Şu ýyl Türkmenistanda azyk harytlaryň gytçylygy we aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilmegi bilen birlikde, jemi bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desga işe girizilipdir.
Birleşen Ştatlar Siriýadaky jeňçileri daşap bolýan raketa atyjylar bilen üpjün etmek planlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Şu aýyň başynda musulman gyz Ýasmin Seweidiň Nýu Ýork metrosynda milletparazlyk hüjümine duçar bolandygy barada, metbugatda maglumat çap edilýär. Seweid geçen çarşenbe güni ol wakany özüniň toslap tapandygyny boýnuna alandan soň azatlykdan mahrum edilipdir.
Daşoguzly Begenç (ady üýtgedilen – red.) üç ýyl mundan ozal türmeden azatlyga çykanyndan bäri henize çenli işe ýerleşip bilmän kösenýändigini, şeýle-de hukuk goraýjy işgärler tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändigini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesinden mälim bolşuna görä, “Ýympaş” söwda merkeziniň Türkmenistandaky problemalary bu türk kompaniýasynyň eýeleriniň dinçi Fethulla Gülen bilen güman edilýän gatnaşygy bilen bagly. Azatlyk Radiosy “Ýympaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň ýapylmagynyň we ýumrulmak planlarynyň çak edilýän sebäpleri barada mundan öň habar beripdi.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda okuwçylardan mekdepleriň öňünde Täze ýyl arçalaryny – ýolkany dikmek üçin pul serişdeleri toplanýar.
Türkmenistanyň nobatdaky prezidentligi üçin hasaba alnan dalaşgärleriň sany dokuza ýetdi. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary 26-njy dekabrda “raýatlaryň inisiatiw toparlary tarapyndan hödürlenen” ýene bäş kandidaty bellige alypdyr.
Ýene-de ýükle