Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Gara deňziniň kenaryndaky Soçi şäheriniň golaýynda ýykylan harby ýolagçy uçarynyň kabina maglumatlaryny özünde saklaýan esasy gara gutunyň tapylandygyny aýdýar.
Amerikaly aktýor Sylwester Stallone ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Trampyň özüne hödürlän wezipesinden gaça durandygyny aýdýar. Stallone eger razylaşan bolsady onda ol ABŞ-nyň Milli amaly-haşam fondunyň baştutany wezipesine saýlanjakdy. Munuň bilen baglanşykly maglumaty "Variety" žurnaly çap edipdir.
26-njy dekabrda Russiýa harby uçarda heläk bolan 92 adamyň hatyrasyna döwlet derejesinde ýas yglan eden mahaly, häkimiýetler ölenleriň arasynda Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň esasy agzalarynyň bardygyny mälim etdi.
Aşgabadyň birnäçe ýyllap ýapyk duran uly bazarlarynyň birnäçesi ýaňy-ýakynda gaýtadan açyldy. Emma Aşgabadyň ýaşaýjylary öň il içinde örän meşhur bolan agzalan söwda nokatlarynda şu günler alyjylaryň köp göze ilmeýändigini aýdýarlar.
Germaniýanyň esasy kanun kazyýetiniň sülçüleriniň aýtmagyna görä, mekdepde okaýan gyzlar yslam geýim kadalaryna görä sapaklardan boşadylyp bilinmez.
Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýa barýarka ýykylan rus harby uçarynyň üstündäki adamlaryň biriniň jesediniň Gara deňizden tapylandygyny aýdýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen mediasy prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda, azyk bolçulygyny üpjün etmek, bazarlarda we dükanlarda azyk önümleriniň we sowgat harytlarynyň bolçulygyny ýola goýmak boýunça çäre görülýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan pul toplamak çäreleri amala aşyrylýar.
Şu hepde Türkiýede atylyp öldürilen rus ilçisine öz dogduk ýurdunda gahrymanlarça hoşlaşyk dabarasy geçirildi. Moskwadaky Russiýanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen çärede, ýokary derejeli resmiler Andreý Karlowyň jesedi ýerleşdirilen tabydyň öňünden geçdiler.
Türkmenistanda häkimiýetler çilimiň ýüzlerçe adamlyk nobatyna gözegçilik etmek tagallalaryny güýçlendirip, dükanlaryň öňlerine howpsuzlyk gulluklarynyň goşmaça işgärlerini we ýörite kameralary ýerleşdirdiler.
Moskwadan 180 kilometr demirgazyk-gündogarda, Wladimir welaýatynda ýerleşýän Bogolýubowo şäheriniň dindarlary ybadathananyň golaýynda kondom kärhanasynyň gurulmagyna garşy çykýarlar.
Şu günler Türkmenistanyň döwlet edaralarynda ýörite ýygnaklar geçirilip, işgärleriň şeker, un, çilim ýaly gyt harytlaryň nobatlarynda görünmeli däldigi barada ýörite görkezmeler berlip başlandy.
Kanadanyň esasy habar kanallarynyň biri bolan Torontonyň "CityNews" kanaly geçen hepde gije sagat 11-de goýberilen habarlary alyp barmagy 29 ýaşyndaky zenan žurnalist Ginella Massa tabşyrypdyr.
Türkiýe Birleşen Ştatlara Ankarada rus ilçisiniň janyna kast edilmeginiň arkasynda Amerikada ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Gülene eýerijileriň durandygyna ynanýandygyny aýtdy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýük ulagyny ýokary tizlik bilen Berliniň Roždestwo bazaryndaky adamlaryň üstüne süren bir adam tarapyndan 12 adamyň öldürilmeginiň “terroristik hüjüm” bolandygyna ynanýandygyny aýdýar.
Türkmenistanda daýhanlaryň şu ýyl tabşyran pagta hasyly üçin alan girdejisiniň geçen ýylkysyndan has az bolandygy barada, welaýatlardan gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.
Türkiýäniň we Orsýetiň resmileri Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowyň 19-njy dekabrda Ankarada surat sergisinde atylyp öldürilmegi bilen bagly hadysany derňemegini dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosy Ankaradaky bu hüjümiň şaýady bolan Gyrgyzystanyň Türkiýedäki ilçisi Ibragim Žunusow bilen söhbetdeş bolup, ýagdaýyň jikme-jikleri barada gürrüň bermegi sorady.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çilimleriň gaýtadan peýda bolmagy uly nobatlary we dawa-jenjelleri döretdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy şenbe güni, 17-nji dekabrda öz regional bölümleriniň biriniň başlygyny prezidentlige kandidat hödürledi.
Ýene-de ýükle