Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň Hytaýa gaz akdyrmak plany Türkmenistana nähili täsir ýetirer?


Hytaý işçisi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Gazagystana degişli böleginiň düýbüniň tutulmagy bilen bagly geçirilen dabarada plakatyň fonunda dur, Otar gaz stansiýasy, 12-nji dekabr, 2009.

Gazagystanyň Energiýa ministrligi ýurduň gazyny Hytaýa akdyrmak boýunça öň mälim edilen planlaryny tassyklady, diýip Liter.kz neşri habar berdi.

Maglumatda Energiýa ministrligine salgylanmak bilen gazyň eksportynyň degişli dokumentlere gol çekilmeginden soň dessine başlanjagy aýdylýar.

“Şu ýyl gaz geçirijiniň göz öňünde tutulan kuwwaty 10 milliard kubometre ýetiriler. Bu, degişli dokumentlere gol çekilse, milli gazy Hytaýa eksport edip başlamak mümkinçiligini berer” diýlip maglumatda Gazagystanyň energiýa ministri Kanat Bozumbaýewiň sözünden sitata getirilýär.

Şeýle-de Gazagystanyň Energiýa ministriniň ýurduň gaz önümçiliginiň möçberini artyrmak planlaryny mälim edendigi aýdyldy we ýurduň 2016-njy ýylda 46.6 milliard kubometr gaz öndürendigi, 2017-nji ýylda gaz önümçiliginiň möüberiniň 48.1 milliard kubometre ýetendigi habar berildi.

Habar berilişine görä, gaz eksportyny Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak barada iki ýurduň hökümetlerini arasynda gol çekilen ylalaşyk boýunça bilelikde gurulýan 2013-nji ýylda düýbi tutulan Beýneý-Bozoý-Şymkent gaz geçirijisi arkaly akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň Gazgystana degişli uzynlygy 650 çemesi kilometrlik bölegi Özbegistan bilen serhedinden başlanýar we ýurduň territoriýasyndan geçip, Hytaý bilen serhedinde tamamlanýar.

Bu gaz geçiriji 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda açylan Türkmenistan-Hytaý regional gaz geçirijisiniň bir bölegi bolup durýar.

Türkmenistana nähili täsir eder?

Bu gaz geçiriji arkaly Türkmenistan öz tebiy gazyny ýurduň häzirki wagtda ýeke-täk gaz hyrydary bolan Hytaýa akdyrýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Halkara energiýa eksperti Jon Roberts türkmen gazynyň Hytaýa eksport edilmeginiň öňünde şu günki gün päsgelçiligiň barydgyny aýdýar, emma esasy problemanyň Gazagystanyň öz gazyny Hytaýa akdyrmak plany bilen bagly däldigini, sebäbi gaz geçirijiniň hem türkmen, hem-de gazak gazyny eksport etmek üçin ýeterlik kuwwatynyň bardygyny belleýär.

“Problema Hytaýyň Türkmenistandan umuman garaşylyşyndan has az gaz satyn alýandygyna degişli. Munuň takyk sebäpleri nämälim galýar. Şeýle ýagdaýda Hytaýyň Gazagystandan goşmaça gaz satyn almagynyň Türkmenistana agram salmagy ähtimal, sebäbi Hytaý Türkmenistanyň ýeke-täk hyrydardyr” diýip Jon Roberts aýtdy.

Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň üstümizdäki ýyl Hytaýa 30 milliard kubometr gaz eksport etmeginiň ähtimaldygy bellenýär we türkmen gazynyň Hytaý üçin nyrhy barada açyk aýdylmaýan hem bolsa, bilermenler bir müň kubometr gaza tölenýän tölegiň 200 dollardan aşak bolmagyny hasap edýärler.

Ýanwar aýynyň başynda “Trend» habar gullugynyň Hytaýyň Türkmenistandaky baş ilçisi Sun Weidonga salgylanyp beren maglumatynda Hytaýyň 2009-njy ýylyň aýagyndan bäri Türkmenistandan 160 milliard kub metr gazy satyn alandygy habar berilipdi.

Hytaýly ilçiniň tassyklamagyna görä, häzire çenli Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň her ýylda 55 milliard kub metr gaz akdyrmaga niýetlenilen üç ugry gurulypdyr.

Jon Roberts Gazagystanyň şu günki gün Hytaýa gaz akdyrmak barada mälim eden planynyň esasy sebäbiniň Orsýetiň Gazagystandan gaz importyny azalmagy bilen baglydygyny aýdýar.

“Eksportyň esasy sebäbi, Gazagystanyň Orsýete amala aşyrýan gaz eksportynyň azalmagynyň çaklamalary bilen bagly. Bu bolsa Gazgystanda Hytaýa eksport etmek üçin goşmaça gazyň emele geljegini aňladýar, emma munuň tutuş regiona täsiri bar we esasy täsir Türkmenistana degişli” diýip, Jon Robert belledi.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçiriji proýektine 2007-nji ýylda goşulan Özbegistan geçen ýylyň tomsunda Özbegistan Hytaýa tarap gaz geçirijisiniň 500 kilometden gowrak dördünji liniýasynyň gurluşygyny 2016-njy ýylyň aýagyna çenli gurup gutarmak planyny yglan edipdi. Onuň durmuşa geçirilmeginiň ýylda 20 milliard kubometr gaz akdyrmak üçin mümkinçilik döretjekdigi aýdylypdy.

Şol bir wagtda-da Hytaýyň 2020-nji ýyla çenli ulanýan gazynyň möçberini iki esseden gowrak artdyrmak kararyna gelendigi, 2017-nji ýanwar aýynda media maglumatlarynda habar berilipdi. Bilermenler import edýän gazynyň uly bölegini Orsýetden satyn alýan Hytaý üçin has Merkezi Aziýadan gazy eksport etmegiň has amatlydygyny belleýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG