Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasyndan prezidentlige dalaşgärlik edýän Donald Trumpyň öňe sürýän jedelli pikirleri oňa garşy çykýanlaryň sanyny artdyrmagyny dowam edýär.
Gazak häkimiýetleri hepde soňy ýurduň günbatarynda 19 adamyň başyna ýetip, ençeme adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerde güman edilýän ýene azyndan alty adamy gözleýär.
Gyrgyzystanda barly araplar bir gijelik nika ýykgyn edýärler. Şerigatyň kanunlaryny pozman bir zenan bilen bilelikde wagt geçirmegiň möhledi näçe?
Tutuş Sawud Arabystan şalygynda ýylyň dowamynda bazarlarda durgunlyk höküm sürenem bolsa, oraza aýynyň öňüsyrasynda ylaýta-da Mekge we Medine şäherlerinde bahalar galmaga başlapdyr.
Gazak häkimiýetleri harby baza we ýarag satylýan iki dükana edilen we alty adamynyň başyna ýeten hüjümlerden soň polisiýanyň öten agşam ýene bäş sany ýaragly adamy öldürendigini, iki adamy hem tutandygyny aýtdy.
Gazak häkimiýetleri Aktobe şäherinde ýarag dükanyna we harby baza ýaragly adamlar tarapyndan edilen hüjümlerde üç adamyň ölendigini, on adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Osmanly türklere bir asyr ozal ermenileri genosid etmekde bildirilýän aýyplamalar Türkiýäniň garşysyna "şantaž" edilip ulanylýar diýdi.
Boks dünýäsinde ady rowaýata öwrülen Muhammad Aly parkinson keseli bilen uzak tutluşykdan soň, 74 ýaşynda aradan çykdy.
ABŞ-da Demokratik partiýadan prezidentlige kandidat bolmagyna garaşylýan Hillary Klinton Donald Trumpyň Ak Tama “gelişmeýändigini” we onuň daşary syýasat boýunça pikirleriniň “howpludygyny” aýtdy.
German deputatlary ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe Osmanly türkler tarapyndan köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip ykrar etmek baradaky rezolýusiýany tassyk etdi.
Global gulçulyk baradaky täze hasabatda Özbegistan bilen Pakistan häzirki zamanda gulçulyga çekilen adamlaryň sany boýunça dünýäde ilkinji bäşligiň hatarynda durýarlar.
Dünýäniň 120-den gowrak tanymal ýazyjysy, film režissýorlary we suratkeşleri Müsüriň prezidentine hat üsti bilen ýetiren ýüzlenmesinde žurnalist Ahmet Najiniň azatlyga çykarylmagyny talap etdiler.
Ermenistanyň prezidenti german kanunçykaryjylaryna ýüzlenip, osmanly türkleriň ermenileri köpçülikleýin ýagdaýda gyrmagyny genosid hökmünde ykrar etjek parlament rezolýusiýasyny kabul etmeklerini sorady.
Şweýsariýanyň magaryf resmileriniň kabul eden kararyna görä, şweýsariýaly mugallymalar bilen elleşmekden saklanan musulman okuwçylaryň ene-atalary 5000 müň dollar jerime tölemeli bolarlar.
Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň günortasynda turan etniki çaknyşyklardan soňra 2010-njy ýylda tussag edilen syýasy aktiwist etnik özbek Azymjan Askarowyň öýüni konfiskasiýa etmek boýunça çäre görýärler.
“Euromonitor” atly barlag merkeziniň geçiren pikir soralyşygyna görä, Özbegistan dünýädäki iň çaýsöýer, ýagny çaýkeş ýurt diýlip yglan edildi.
Yragyň terrorçylyga garşy saýlama güýçleri, Fallujany YD toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrundaky operasiýa başlanaly bäri ilkinji gezek, şäheriň eteklerine ýerleşdirildi.
Eýranyň fewralda we aprelde geçirilen saýlawlaryndan soň düzülen täze parlamenti Tähranda bolan açylyş sessiýasynda kasam kabul etdi.
Yslamçy guramanyň erkekleriň aýallaryny «ýeňilräk urmagyna» rugsat berilmegi barada eden teklibi 27-nji maýda Pakistanda gahar bilen garşy alyndy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Talyban” hereketiniň owgan hökümeti bilen “ýakyn geljekde” ýaraşyk gepleşiklerine başlajaga meňzemeýändigini aýtdy.
Ýene-de ýükle