Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Germaniýanyň federal kansleri Angela Merkeli Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy. Emma Germaniýanyň kansleriniň metbugat gullugy Merkeliň Berdimuhamedowyň çakylygyny kabul edendigi baradaky maglumaty tassyklamady.
1-nji sentýabrda Özbegistan Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny almagynyň 25-nji ýyl dönümini belleýär. Bu dabara Özbegistany dolandyrýan prezident Yslam Kerimowyň ýagdaýy barada halk arasynda nätakyklyk dowam edýän mahaly geçirilýär.
Orsýetden Türkiýä ilkinji çarter reýsler 4-5-nji sentýabrda ugraýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Turoperatorlar birleşiginiň (ATOP) direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Maýýa Lomidze mälim etdi.
Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy Garaşsyzlyk güni mynasybetli adatça prezident Yslam Kerimow tarapyndan edilýän gutlag çykyşynyň mazmunyny beýan etdi.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistan daşary ýurt diplomatlarynyň türkmen türmelerine baryp görmegine rugsat bermek ähtimallygyny geňeşmegi kabul etdi diýdi.
Oýun bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek isleýän “Facebook” sosial ulgamy oýun muşdaklary üçin täze bir platforma taýýarlaýar.
“Häzirki pursat onuň geljekki saglyk ýagdaýy barada islendik çaklamany öňe sürerden entek örän ir” diýip, Lola Tillýaýewa-Kerimowanyň 29-njy awgustda “Instagram” hasabynda çap edilen maglumatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa saparynyň dowamynda kansler Angela Merkel bilen duşuşdy we onuň biznes foruma gatnaşmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň Ministrler kabineti prezident Yslam Kerimowyň «medisina bejergisini almagy üçin» hassahana ýerleşdirilendigini habar berýär.
Kerri we Lawrow Jenewa duşuşygynda Siriýa hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gelmegi maksat edinýärler
Türkmenistanly 27 ýaşly Nazar Nyýazow böwregindäki näsazlygy operasiýa etmek üçin pul toplaýar.
Namangan etrabynyň Abadanlaşdyryş edarasynyň işgärleri Taşbulak şäheriniň köçelerini bezemek işlerini edýärkä, olaryň merdiwany elektrik geçirijisine degip, iki işçi şol ýerde ölýär. Beýleki bir işçini bolsa agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirýärler.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň durmuşy barasynda surata düşürilen "Reis" atly kinofilmiň gysgajyk mazmunly wideolary türk dilli internet ulgamlarynda ýaýradylmaga başlandy.
Gyrgyz häkimiýetleri dawaly serhet etrabynda özbek polisiýasy tarapyndan tutulan dört gyrgyz raýatynyň boşadylmagyny gazanmak üçin goňşy Özbegistanyň resmileri bilen gepleşik geçirilýändigini aýdýarlar.
Azyndan bir ýaragly adam Owganystandaky Amerikan uniwersitetiniň okuw jaýyna hüjüm etdi. Resmiler okuw jaýynda partlamanyň we ok atyşygyň bolandygyny we azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny habar berýärler.
Merkezi Italiýada güýçli ýer titremesi boldy we häkimiýetler azyndan 247 adamyň wepat bolandygyny, 368 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" atly jeňçi toparyň garşysyna alnyp barylýan söweşde, Amerika bilen Orsýet arasynda harby hyzmatdaşlyk barada barýan gepleşikler tamamlanyp gelýär.
Hytaý Türkmenistandan gaz importynyň möçberini artdyryp, ony ýylda 65 milliard kubometre ýetirmek isleýär, diýlip media maglumatlarynda habar berilýär.
Ýene-de ýükle