Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda iki işçini tok urup öldürdi


Seresaplyk belgisi
Seresaplyk belgisi

Özbegistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli köçelere baýdak asýan iki işçini tok urdy.

Namangan etrabynyň Abadanlaşdyryş edarasynyň işgärleri Taşbulak şäheriniň köçelerini bezemek işlerini edýärkä, olaryň merdiwany elektrik geçirijisine degip, iki işçi şol ýerde ölýär. Beýleki bir işçini bolsa agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirýärler.

Ýurduň Garaşsyzlyk gününde boljak baýramçylyk dabarasyna taýýarlygyň çäklerinde, Namangan welaýatynyň häkiminiň buýrugy bilen şäheri bezemek işlerini alyp barýan işçileriň ömri heläkçilikli tamamlanýar.

Hadysa

Işçiler Namangan etrabynyň merkezi Taşbulak şäherindäki esasy aýlaw ýolunyň ugruny bezemäge girişipdirler. Garaşylmadyk ýagdaýda olaryň merdiwany gyşaryp, elektrik geçirijisine degipdir. Netijede, işgärleri tok urupdyr.

Betbagtçylykly hadysa 8-nji awgustda ýüze çykýar. Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde, Namanganyň elektrik üpjünçiligi bölüminiň işgäri şeýle biýdi.

– Aýlaw ýolunyň depesinde uly panno bolup, onda ,,Agrobankyň” reklamasy ýerleşýärdi. Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygy mynasybetli işçiler şol ýeri dürli lentalar hem baýdaklar bilen bezemek isleýärler. Olar beýik merdiwany uly ýoluň ortarasyna geçirjek bolanlarynda, tötänleýin ýagdaýda, üç simli elektrik geçirijisine degýärler. Güýçli tok işçileri urupdyr – diýip, waka şaýat bolan aýdýar.

Onuň sözüne görä, betbagtçylykly ýagdaýda 47 ýaşly Bosithon Kobilow hem Kobiljon Komilow şol ýerde jan beripdirler. Beýleki bir işçi 41 ýaşly Abdurasul
Tursunow agyr şikes bilen keselhananyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirilipdir.

Sebäpler

Namangan etrap häkimliginiň Abadanlaşdyryş işleri baradaky bölüminiň ýolbaşçysy Komil Nuriddinow Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti bilen gürleşende, ol işçileriň howpsuzlyk çärelerini berjaý etmändigi sebäpli heläk bolandyklaryny aýtdy.

– Hakykatdanam, agyr heläkçilik ýüze çykdy. Olaryň merdiwany mehaniki, ýagny el bilen göterip süýşürilýändi. Soňra anyklanyşyna görä, olar işi tamamlansoň merdiwanyň ýokarky bölegini aşak ýatyrman, ýerinden aýyrjak bolupdyrlar. Ol oglanlar howpsuzlyk tehnikasyny berjaý etmek barada okuw geçipdiler. Ýöne şol gün howpsuzlygy elden beripdirler. Gara bagtymyza, betbagtlyk ýüze çykdy. Biz mümkinçilige görä ýogalanlaryň maşgalalaryna maddy ýardam bermäge çalyşýarys. Ätiýaçlyk kompaniýasy-da olara uly kömek berýär – diýip, Komil Nuriddinow aýdýar.

Soňky döwürde Özbegistanda tehniki howsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli şeýle wakalar ýüze çykyp dur.

Ýatlap geçsek, Jyzak welaýatynyň Gallýaaral etrabynda 20-nji awgustda şeýle hadysanyň bolandygyny biziň radiomyz habar beripdi. “Uztransgaz” paýdarlar toplumyna degişli gaz akdyryjy edaranyň işçileri kanalizasiýa nasos bölüminde bejeriş işlerini geçirýärkä, on adam gaza boguldy. Ol ýerde bolan ýene üç adamy welaýat keselhanasyna ýerleşdirdiler.

2015-nji ýylyň dekabrynda çäklendirilen hukukly “Wodiýgaztaminot” edarasynyň dört işgäri gaz geçirijisinde ýerasty işleri geçirýärkä gazdan zäherlendiler. Gazçylaryň ölümine sebäp tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi bolupdyr diýildi.

(Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň makalasy.)

XS
SM
MD
LG