Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
17-nji iýul güni irden oppozisiýa toparyndan bolan ýaragly erkekler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda etrap polisiýasynyň edarasyna zabt etdi diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Türk resmileri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyna dahyllylykda güman edilýän müňlerçe adamy tutdy, YD jeňçi toparyna garşy howa zarbalaryny urmak üçin ulanylýan howa bazasyny ýapdy.
Fransiýanyň Nissa şäherinde bolan terrorçylykly hüjüme Merkezi Aziýa sebitiniň, Ukrainanyň din wekilleri hem reaksiýa bildirdiler.
Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň howpsuzlyk operasiýalary dowam edýär. 161 çemesi adamyň ölendigi, 1440 adamyň bolsa ýaraly bolandygy aýdylýar.
Fransiýanyň häkimiýetleri Nise şäherinde adamlar Bastilliýa gününi belleýän mahaly, ýük ulagyny adamalaryň üstüne süren sürüjiniň asly tunisli 31 ýaşyndaky fransuz raýatydygyny aýdýarlar.
Soňky ýyllarda dünýä kinosynda aýal kinorežissýorlaryň götergilenmegi ýörgünli ýagdaýa öwrüldi. Ylaýta-da meşhur kinofestiwallarda, halkara kino çäreleriniň hem hemmesinde diýen ýaly muňa aýratyn üns berilýär we aýal kinorežissýorlaryň döredijiliginiň halk köpçüligine has täsirli ýetirilmegi üçin ýörite bölümler döredilip, olaryň eserleri aýratynlykda hödürlenýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Siriýadaky harby operasiýalar dogrusynda täze ylalaşyga gelmäge çalyşdy.
Fransiýanyň Nise şäherinde bir sürüji ýük ulagyny adamalaryň üstüne sürende azyndan 80 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gyrgyzystana sapara geldi. Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew ony «Manas» uçar meýdanynda, uçardan düşen ýerinde garşy aldy.
Şweýsariýanyň hökümeti golaýda oglanlar bilen gyzlaryň bilelikde okaýan mekdebinde, oglanlar bilen bir howuzda ýüzmek islemeýän musulman bosgun gyzlara graždanlyk bermekden ýüz öwürdiler.
Orsýetde, bikanun neşe dolanyşygy bilen baglylykda halkara derejesinde gözlenilýändigi aýdylýan, türkmen raýaty tussag edildi.
Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi respublikanlaryň prezident Barak Obamanyň Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň badyny gaçyrmak babatdaky kanun taslamasyny sese goýýar.
Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly Kaşmir regionyndabolan çaknyşyklarda ölenleriň sany azyndan 32-ä ýeten mahaly, 12-nji iýulda Nýu-Deli we Yslamabat birek-biregini aýypladylar we Birleşen Milletler Guramasy asudalygy saklamaga çagyryş etdi.
Ýokary sud 12-nji iýulda Gyrgyzystanyň Ýokary sudunyň Azymjan Askarowyň işi boýunça hökümini ýatyryp, bu işi gaýtadan seretmek üçin Çuý oblast suduna bermegi karar etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi NATO-nyň sammiti ýaranlygyň aslyýetinde ýok rus howpuna garşy durmak ugrunda tagalla edýändigini görkezdi diýip, beýanat bilen çykyş etdi.
NATO-nyň Warşawada geçýän sammitiniň ikinji gününde esasy üns Owganystana we Ukraina gönükdirildi.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ýewropa amal edýän saparyny ýatyryp, ýurduň Teksas ştatynyň Dallas şäherine dolanar.
8-nji iýulda “Financial Times” gazetinde çap bolan maglumatda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň iki günlük sammit “trans-atlantik bileleşigi üçin Sowuk uruş döwründen bäri iň möhüm pursat bolar” diýendigi bellenildi.
Ýene-de ýükle