Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"Golaýda Daşkentde ýaragly toparlara goşulmak üçin Siriýa gitmäge taýýarlanýan bir topar özbek raýaty tutuldy" diýip, ýurduň kanun goraýjy organy ”12news.uz” atly internet habar gullugyna maglumat beripdir.
Fransuz derňewçileri Parižde 129 adamy öldüren, 350-den gowrak adamy ýaralan hüjümleri amala aşyranlaryň biriniň şahsyýetini anyklady. Alžir asylly fransuz raýaty Mostefai ozal radikallaşan diýip bilinýär.
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini Pirižde bolan hüjümler Wenada ýokary derejeli resmileriniň Siriýadaky urşa çözgüt tapmak üçin geçirýän duşuşygyna has uly ähmiýet berýär diýdi.
Pariždäki konsert zalynda ýaragly adamlar tarapyndan 100 töweregi adam, restoranda, ýurduň iň uly futbol stadionynda guralan hüjümlerde hem ençeme adam öldürildi.
Orsýet dünýäde sporta gözegçilik edýän halkara guramasynyň orsýetli sportsmenleriň doping ulanmagyna degişli berk tankytly beýannamasyna resmi jogap berdi.
Özbegistanda tanymal oppozisiýa wekili Myrat Joraýew, 21 ýyldan gowrak tussaglykda bolanyndan soň, azatlyga goýberildi. 63 ýaşyndaky etniki türkmen Joraýew 1991-1992-nji ýyllarda halk deputatlygyna saýlanypdy.
Газета The Wall Street Journal пишет о "двусмысленности, окутывающей расследование катастрофы российского лайнера"
Täjigistandaky ors harby bazasynyň territoriýasyndan Şoira Jobirowa atly ýaş gyzyň jesedi tapyldy. Hukuk goraýjy organlar ony ors harbysy Iwan Şerbakowyň öldürendigini güman edýärler. Jeset soň hossarlaryna berildi.
"The Foreign Policy" žurnaly 2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çap eden makalasynda, Türkiýede bolsa 2019-njy ýylda boljak umumy saýlawlara çenli oppozisiýanyň alyp barýan işleri barada maglumat berjek telekanalyň galjagynyň gümanadygyna ünsi çekipdir.
Orsýetiň Adalat ministrligi adam hukuklaryny goraýan, hökümete degişli bolmadyk “Memorial” atly guramany “Russiýa federasiýasynyň konstitusion düzgünleriniň esaslaryny opurmakda” we ýurtda “syýasy režimi üýtgetmäge çagyrmakda” aýyplady.
Kreml Bütindünýä anti-doping agentliginiň orsýetli sportçular ýerine ýetirijilik güýji artdyrýan gadagan dermanlary döwletiň goldamagy bilen sistemalaýyn ulanypdyrlar diýýän aýyplamasyny esassyz gep diýip, ret etdi.
Sizem çagakaňyz kosmonawt bolmagy arzuw edipdiňizmi? Belki munuň üçin edil häzir bir pusat dörän bolmagy ahmal. Sebäbi NASA astronawt bolmak isleýänleri işe çagyrýar.
Ors uçarynyň Müsürde ýere gaçmagy bilen baglanyşykly derňewlere gatnaşýan işgärleriň biri bu hadysanyň bomba sebäpli bolan bolmagy ähtimal diýdi. 31-nji oktýabrda bolan bu uçar heläkçiliginde 224 adam öldi.
G.Berdimuhamedow 6-nji noýabrda TOPH, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň içinden geçýän böleginiň gurluşygyna başlamak baradaky karara gol çekdi.
В Мьянме правящая партия признала поражение на выборах
Ukraina bilen baltika döwletleriniň liderleri Orsýetden Germaniýa gaz akdyrmak üçin Baltika deňziniň aşagyndan gurulmagy planlaşdyrylan "Demirgazyk akym-2" gazgeçirijisini tankytlaýarlar.
NATO Russiýanyň Baltikadan Ortaýer deňziniň gündogaryna çenli ornaşdyrýan harby potensialyna garşy durmaly diýip, Ýaranlygyň ýolbaşçysy Ýens Stoltenberg aýtdy.
Türkmenistan 4-nji noýabrda Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 24 ýyllygyny belledi. Döwlet mediasy türkmen gümrükçileriniň degişli halkara standartlaryna eýe bolandygyny habar berýär.
Orsýet ýaňy-ýakynda Müsürde heläkçilige uçran uçarynda wepat bolan ilkinji pidasyny jaýlady. Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň we Britaniýanyň resmileri uçaryň içinde bomba ýarylyp, ýere gaçyrylandygyny çak edýärler.
Mikrofon we gulakjyn diýlende ilkinji nobatda tanymal markalardan Germaniýanyň "Senheiser" firmasynyň ady ýada düşýär. Bu firma häzir ses diňlenýän gulakjynyň täze bir görnüşini taýýarlaýar.
Ýene-de ýükle