Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Owganystanyň Faryab welaýaty howpsuzlyk bilen bagly agyr ýagdaýy başdan geçirýär.
Türkiýede howpsuzlyk işgärleriniň geçiren operasiýasynda Türkiýe-Siriýa serhedinde aglabasy Täjigistanyň raýaty bolan 25 sany daşary ýurtlynyň tussag edilendigi habar berilýär.
Eýran bilen dünýäniň güýçli alty ýurdunyň arasynda, Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagyna derek, bu ýurda garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak boýunça taryhy ylalaşyga gelindi.
Ýewrozonanyň ýolbaşçylary Gresiýa bilen täze kömek programmasy barada wagtlaýyn ylalaşdylar. Şeýlelikde Gresiýanyň ýewrozona pul birliginden çykma mümkinçiligi häzirlikçe aradan aýryldy.
Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius ýekşenbe güni Wenada žurnalistlere "Men umyt edýärin, biz ahyrynda gepleşikler marafonynyň soňky pellesine girýäris. Men muňa ynanýaryn" diýdi.
Bosniýa-Herzogowinanyň Srebrenisa şäherine, Ýewropanyň Holokostdan bäri iň elhenç gyrgynçylygynyň 20 ýyllygyna, gyrgyn pidalarynyň hatyrasyny tutmaga on müňlerçe adam toplandy.
BBC-niň öňki weteran habarçysy Allan Little Azatlyk radiosynyň Balkan gullugy bilen söhbetdeşlikde Srebrenisa gyrgynçylygyň «çak edilendigini, öňünden görlendigini we öňüniň alyp bilinjekdigini» aýtdy.
Özbegistanda aksakallar bilen aktiwistlere "ýat ýurtlardan gelen adamlaryň täsirinde galmaz ýaly" ýörite sapaklar berilýär. Bu çäräniň maksadyny "halky keseki dini täsirlerden" goramak hökmünde düşündirýärler.
Gresiýa ahyrsoňy 9-njy iýulda öz salgyt sistemasyna we pensiýalara degişli aýgytly reformalary geçirjekdigini söz berdi. Gresiýanyň bu çäreleri ýurdy maliýe çökgünliginden çykarmaga gönükdirilýär.
Akylly telefonlarda hat alyşmak we jaňlaşmak üçin niýetlenen “WhatsApp” tilsimi iPhone telefonlary üçin täze “Beta” atly wersiýasyny köpçülige hödürledi.
Döwrebap suratkeş, pop art hereketiniň tanymal wekili Andy Warholyň 1962-nji ýylda çeken “One dollar bill”, ýagny “Bir dollarlyk kagyz pul” atly eseri Londonyň “Sotheby” auksion öýünde 32,6 million amerikan dollaryna satyldy.
Mosulda Oraza aýy: YD nardyny, dominony we doga-tumarlary gadagan etdi. YD-niň ýaragly toparynyň Yragyň demirgazygyndaky Mosuly eýelemegi bilen bu şäheriň halky üçin ýaşaýyş şertleri görnetin üýtgedi.
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Russiýanyň aragatnaşyk firmalary MTS bilen "Wympelkomdan" alan parasyny Irlandiýanyň, Lüksemburgyň we Belgiýanyň banklarynda goýupdyr.
Gresiýalylar referendumda halkara algydarlarynyň öňe sürýän tygşytlylyk çärelerini inkär etdiler. Gürrüňi gidýän çäreler halas ediş pul karzlaryny almak üçin şert hökmünde kesgitlenipdi.
Geçen aýyň ahyrynda, Internetiň üsti bilen kitap satýan iň uly bazarlaryň biri “Amazon” kompaniýasy özüniň “Prime Now” atly hyzmatyny köpçülige hödürläp başlady.
ABŞ-nyň döwlet sekretary 5-nji iýulda Wenada çykyş edip, Eýranyň ýadro gepleşiklerinde hakyky progresiň bolandygyny aýtdy we "emma biz entek, birnäçe iň kyn mesele sebäpli, barmaly ýerimize ýetip bilemzok" diýdi.
Birleşen Ştatlaryň senatory Rojer Wiker «erkinlik söýüji» ýurtlar birleşip, Orsýetiň agressiýasyna berk gaýtargy bermeli hem-de «Yslam döwleti» toparynyň garşysyna aýaga galmaly diýýär.
Ses berijileriň öňünde ikiden birini seçmek - Ýewropa liderlerine garşy çykyp, has gowy karz şertlerini gazanjak bolmak ýa-da Afina üçin eglişikli ýol tapjak täze ýolbaşçylary gözlemek meselesi dur.
Pentagon ABŞ-nyň dünýäniň beýleki iri döwletleri, ýagny Russiýa we Hytaý bilen uruş ýagdaýyna girmek ähtimallagynyň “pes hem bolsa, barha artýandygyny” aýdýar.
Orsýetiň Baş prokuraturasy geçen ýyl Krymyň 1954-nji ýylda Ukraina berilmeginiň bikanun bolandygy barada karar çykaryp, Sowet Soýuzynyň ozalky üç döwletini, Latwiýany, Litwany we Estoniýany howsala salypdy.
Ýene-de ýükle