Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylaryna çanak antennalaryň deregine iki mümkinçilik hödürlenýär. Biri “AşTu-nyň”, beýlekisi “Türkmentelekomyň” hyzmatlary. “AşTu-nyň” hödürleýän hyzmatynda Azatlyk ýaly habar radio gepleşikleriniň ýokdugy aýdylýar.
Ankarada türkmen gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak meselesi maslahat edildi. Bu barada Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleriniň metbugat-konferensiýasynda aýdyldy.
Orsýetlileriň müňlerçesi 27-nji fewralda öldürilen oppozisiýa lideri we prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy Boris Nemtsowa soňky sapar hormat bildirmek üçin onuň bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisi ”Ýygnanyşyklaryň, mitingleriň, demonstrasiýalaryň we beýleki köpçülikleýin çäreleriň guramaçylygy barada” kanuny maslahat etdi.
Türkiýäniň “Hürriýet” gazýetiniň ýazmagyna görä, Teksas uniwersitetiniň Harri Ransom merkeziniň metbugat geňeşçisi, Markeziň 10 romanynyň asyl nusgalary bilen bilelikde bütin arhiw üçin 2,2 million dollar töländiklerini aýdypdyr.
28-nji fewralda müňlerçe adam oppozisiýa lideri we ozalky wise-premýer Boris Nemsowyň Kremliň golaýyndaky köprüde 27-nji fewral gijesi atylyp öldürilen ýerinde gül çemenlerini goýdy we şem ýakdy.
Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň atylyp öldürilmegi hem Orsýetiň içinde, hem daşary ýurtlardaky dünýä liderleri, halkara hukuk toparlary tarapyndan berk ýazgarmalara sebäp boldy.
Görnükli rus oppozision syýasatçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemsow Moskwada atylyp öldürildi. Bu waka prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy planlaşdyrylan protestden iki gün öň boldy.
Belarusyň Daşary işler ministrligi Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň özünden öňki prezident Kurmanbek Bakiýew we onuň garandyşlary bilen baglylykda eden çykyşyna berk reaksiýa bildirdi.
Türkmenistanyň paýtagtynda Küşt mekdebiniň täze gurlan binasy 2014-nji ýylyň 8-nji dekabrynda toý-dabara bilen açyldy.
Aşgabadyň merkezinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasynyň daşyny bir watda mermere meňzeş ak material bilen bezemek boýunça işleriň başlanmagyna bir ýyl çemesi wagt boldy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrini we beýleki günbatar resmilerini Moskwanyň garşysyna goşmaça sanksiýa girizmek haýbatyny atmakda tankyt etdi.
Owganystanyň Badgys welaýatynyň Marçak etraby iki ýyldan bäri "Talyban" toparynyň gabawynda saklanýar. Arada "Talyban" ýerli ilat ummasyz pul töländen soň yza çekilipdir.
Ukrainanyň harbylary orsýetçi separatistleriň ok atyşygy bes etmek barada täze gelnen ylalaşygy bozmagynyň dowam edýändigini, emma munuň soňky günlerde gowşandygyny aýtdylar.
Internetde ýaýradylan ýüzlenmede bu wideo-ýüzlenmäniň 2013-nji ýylyň 2-nji maýynda surata düşürilendigi bildirilýär. 6 minuda golaý wideoda bir azerbaýjanly Siriýada köp azerbaýjanlynyň jyhada gatnaşýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň öz sözi bilen aýdylanda diňe bir Aşgabadyň özünde açylyp, ulanylmaýan 37 sany desga bar. Aşgabatda gurulyp, ençeme wagtlap ulanylman duran ýaşaýyş jaýlar hem az däl.
Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn günlerde aýtmagyna görä, tutuş ýurt boýunça 140 çemesi täze desga ulanylyşa berilipdir, emma işlemän dur. Resmi maglumatlara görä, olardan 15-i Balkan welaýatyna degişli.
Awstriýanyň sudy we resmileri Rahat Aliýewiň öz-özüni öldürenden soň, Wenanyň türmesinde öli tapylandygyny aýdýarlar. Aliýew gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öňki giýewisidir.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Arbitraž sudy Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň 300 million amerikan dollary möçberindäki şikaýatyny ýuridiki taýdan ret etmesini ýerliksiz tapdy.
Ýene-de ýükle