Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriniň ikinji gününi geçirýärler.
19-njy fewralda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününe gabat gelýär. Şu ýylyň baýramçylyk dabaralarynda Nyýazowyň ady hiç bir ýerde agzalmady.
Kiýewde bir ýyl öň hökümete garşy protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ganly çaknyşyklarda pida bolanlar ýatlanýar. 2014-nji ýylyň 18-21-nji fewraly aralygynda 100-den gowrak adam öldürildi.
Kiýew, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň durmuşa geçirilmegine BMG-niň ygtyýarnamasyna eýe bolan parahatçylygy goraýjylary çagyrdy.
Türkmenistanda 1994-nji ýylyň dekabrynda ykrar edilen baýdak baýramy döwlet derejesinde bellenýär. Bu sene ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününe gabat gelýär.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan zenanlaryň zorlanmagyny ýurduň "ganaýan ýarasy" diýip atlandyrdy. 20 ýaşyndaky Özgejan Aslan diýen gyzyň zorlamaga synanyşan adam tarapyndan pyçaklanyp öldürilmegi ýurtda uly nägileligi döretdi.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko hökümet güýçleriniň Debaltseweden «planly we guramaçylykly» çykarylmagynyň jemlenendigini aýtdy, bu şäher ukrain güýçleri bilen orsýetçi jeňçileriň söweşiniň merkezinde ýerleşýär.
Ukrain hökümetiniň we orsýetçi separatistleriň söweş liniýasyndan agyr ýaraglaryny yza çekip başlamagy ilkibaşdan şowsuzlyga uçrady. Ýurduň gündogarynda söweşler dowam edýär.
Türkmenistanda 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen tussagyň ejesi dokuz ýyl bäri öz oglunyň yzyndan baranda öz başyndan geçirýän kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Balkan welaýatynyň administratiw merkezi Balkanabatda täze demirýol wokzaly ulanylyşa berildi. Ak mermerden gurlan iki gatly bu binanyň şäheriň görküni bezändigi resmi maglumatlarda habar berilýär.
Ukrainada güýje giren ýaraşyk şertnamasynyň şertleri, käbir bölek-büçek top atmalary baradaky habarlara garamazdan, umuman saklanýar.Esasy alada Debaltsewe şäheriniň töwerekleri bilen bagly.
Häkimiýetdäki Adalat we galkynyş partiýasynyň barha möwjeýän konserwatiw ritorikasy dünýewi Türkiýe respublikasynyň gysga wagt içinde yslamçy režime öwrülip biljekdigi babatdaky gorkyny döredipdir
Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Orsýet Debaltsewede, köp sanly top we tapgyrlaýyn raketa atyjy sistemalar bilen bir hatarda, howa gorag sistemasyny ýerleşdirdi diýdi.
Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Belarusyň paýtagty Minskde 18 sagada çeken gepleşiklerden soň, Ukraina üçin parahatçylyk ýol kartasyna gol çekdiler.
Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri, belarus paýtagty Minskde 16 sagatlap geçirilen gepleşiklerden soň, Ukraina üçin parahatçylyk gollanmasyna gol çekdiler.
Prezident Petro Poroşenko «Tornado» raketalary ukrain harbylarynyň ştablaryna we Kramatorsk şäheriniň töweregindäki ýaşaýyş jaýlaryna gelip uranda, bir topar zaýaçylyk boldy diýdi.
Gündogar Ukrainada, parahatçlyk ugrundaky basyşlara garamazdan, söweşler dowam edýärkä, konfliktdäki taraplaryň ikisi-de ol ýa-da beýleki bir territoriýany eýelemekde üstünlik gazanýandyklaryny aýdaýarlar.
"Zenanlar babatyndaky "Günbataryň hödürleýän nusgasy" puja çykdy, zenanyň orny öýüň içi, Günbataryň garaýşyndaky zenan nusgasy - betpäl şeýtanyň işidir".
Germaniýanyň daşary işler ministri F.Steinmeier Ukrainadaky krizis boýunça 11-nji fewralda parahatçylyk sammitiniň geçiriljekdigine şübhe bildirip, bu duşuşygyň Minskde geçiriljeginiň häzirlikçe anyk däldigini aýtdy.
Ýene-de ýükle