Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"Apple" firmasyny döredenleriň biri bolan Steve Wozniakyň (Stiw Woznýak) aytmagyna görä, "Geljek adamzat üçin elhenç we gorkuly bolar".
Gepleşikçiler 31-nji marta bellenen soňky möhletde, agyr ykdysady sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada baglaşylmaly ylalaşygyň çäklerini kesgitläp bilmediler.
Bu ugurlary http://www.entrepreneur.com internet sahypasy, soňky ýyllarda geçirilen barlaglaryň netijelerine salgylanyp, halk köpçüligine hödürläpdir.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Amnesty International guramasy 2014-nji ýylda bütin dünýä boýunça ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň gaty artandygyny habar berýär.
Döwlet sekretarynyň orunbasary Anthony Blinken ABŞ strategiki sebit bolan Merkezi Aziýada «metbugat azatlygyny we has açyk syýasy sistemalary wagyz etmegini dowam etdirer» diýýär.
Moskwaly suratkeş Lena Hades Orsýetiň oppozision liderleriniň biri Boris Nemtsow öldürileli bäri onuň 100-den gowrak portretini çekipdir.
Eýran soňky 35 ýylyň dowamynda ykdysady we harby sanksiýalaryň ençemesiniň nyşanyna öwrüldi. Häzir Eýranyň dünýäniň täsirli döwletleri bilen arada ýadro ylalaşygyny baglaşmak ähtimallygy döredi.
Aşgabadyň Parahat 2 mikroraýonynda jaýlaryň daşyny abadanlaşdyrmak, bejermek maksady bilen düşündirilip, ýene onlarça jaýyň daşyna demir haýatlar aýlandy.
“Facebook” firmasy San-Fransiskada halk köpçüligini özüniň täze planlary bilen tanyş etdi. Metbugat işgärlerine “Internet uçarlarynyň” taslamalary görkezildi.
Özbegistanda 29-njy martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Karimowyň sesleriň 90%-den gowragyny alandygy aýdylýar.
Özbegistanda zenan aýdymçylaryň sahna geýimleriniň görnüşini çäklendirýän karar taýýarlanypdyr. Karara görä, aýdymçylaryň “oňaýsyz” lybasda sahna çykmagy gadagan edilýär.
Germaniýanyň polisiýasy ýaş egindeş pilotyň, görnüşinden ýolagçy uçaryny daglyga gönükdirip, özi bilen bile uçardaky 150 adamy bilkastdan öldürmekde güman edilýän adamyň öýlerini dökdi.
Täjigistanda, köçelerde ten satýan beýleki ençeme aýallar ýaly, Rafoat hem goraga mätäç. Ol gysga köýneginiň etegini aşak çekip, gözüne sürme sürýär we soňam hyjap geýinýär.
Eýran regional bäsdeşi Saud Arabystanynyň Ýemendäki şaýy pitneçilerine garşy howa zarbasyny urmaga başlamagyny ýazgardy we munuň Arap ýarymadasyndaky döwleti has bulaşdyrjak «howply ädimdigini» aýtdy.
Şygyr – bu gezek halkara walýutasy görnüşinde ulanylýar!
Aşgabatda iň uly söwda nokatlarynyň biri Daýhan bazary sebäpleri düşündirilmezden gysga wagtyň içinde ýapyldy. Gyssagly ýagdaýda harytlaryny ýygnamaga we äkitmäge mejbur bolan telekeçileriň bazaryň işini togtamagyndan çekýän zyýanynyň öwezini kim dolýar?
Mekdep ekzamenlerinde galplyk etmek Hindistanda öňden gelýän problema.
Wikingleriň gadymy ýurdy hasaplanýan Birkada görkezilen bir ýüzük bu gadymy söwda merkeziniň adyny dünýä metbugatynyň üns merkezine öwürdi.
Petro Poroşenko ýurduň häkimleriniň öz şahsy armiýasynyň bolmajagyny aýtdy. Onuň beren bu wadasy Ukrainanyň häkimiýetdäki ýokary gatlagynyň arasynda dartgynlylyklaryň artan mahalyna gabat geldi.
Ýene-de ýükle