Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa wakalary kölege döretdi


Polisiýa güýçleri Moskwanyň merkezinde köçäni baglaýar. 15-nji dekabr, 2010.
Polisiýa güýçleri Moskwanyň merkezinde köçäni baglaýar. 15-nji dekabr, 2010.

Ultramilletçiler bilen futbol bozgaklarynyň hepdäniň soňunda milletçilik esasynda gurnan bidüzgünçiligi orsýetlileri aňk etdi. 30-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna getiren zorluk Orsýetde 2018-nji ýylda geçjek futbol boýunça dünýä çempionatyna hem gara kölge saldy.


Polisiýa çarşenbe güni Moskwada geçen hepdäniň soňunda bolan zorlugyň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin müňden gowrak adamy tusssag etdi. Geçen hepdäniň şenbe güni, 11-nji dekabrda müňlerçe ultramilletçiler we futbol bozgaklary milletçilikli şygarlary gygyryşdylar we slawýan däl adamlara hüjüm etdiler.

Bu 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri rus paýtagtynda milletçilik esasynda turan iň erbet gowga boldy.

Bozgaklar adamdan hyryn-dykyn metro stansiýasyna hüjüm etmezlerinden öň, polis ofiserlerini daşlap, olara demir taýak bilen hüjüm etdiler. Wakalarda 30-dan gowrak adam ýaralandy, olaryň arasynda pyçaklananlary hem bar. Bu çaknyşyklar rus futbol janköýeriniň atylyp öldürilmeginden soň, möwjäp galdy.

Täze şübheleri döretdi

Ýokary derejeli rus resmileriniň, şol sanda prezident D. Medwedew bilen premýer-ministr W. Putiniň ynandyrmalaryna garamazdan, şenbe güni bolan gowga hökümetiň etniki dartgynlylyklary gowşatmak ukyby barada täze şübheleri döretdi. Ekspertler ýurtdaky etniki dartgynlylyklaryň kontroldan çykyp barýandygyny duýdurýarlar.

Kremliň has-da kejebesini darykdyran zat, bu waka Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) Orsýeti 2018-nji ýylda geçmeli Dünýä çempionatynyň beýemçisi diýip atlandyrandan bary-ýogy birnäçe gün soň boldy. Bu ýagdaý ýurduň şeýle uly derejedäki sport wakasyny sag-aman geçirip biljegine güman döremegine getirdi. Orsýetiň Soçi şäheri bolsa 2014-nji ýyldaky gyşky olimpiadanyň geçmeli ýeri edilipdi.

Orsýetde ýigrenç jenaýatlaryna gözegçilik edýän «Sowa» jemgyýetçilik guramasynyň eksperti Galina Kožewnikowa: «Dünýä çempionatyny geçirmegi taýýarlamak bilen meşgul bolýan adamlar, döwlet resmileri öz iş salyşýan ugrundaky ýagdaýlar barada gaty az zat bilýärler. Döwlet resmileriniň futbol janköýerleriniň guramalary bilen ylalaşyk baglaşýany düşnükli, ýöne şol guramalar hakykatda öz janköýerlerine kontrollyk edip bilmeýär» diýip, belledi.

Rus häkimiýetleri bu aladalary ýumşatmagyň çäresini agtardylar. Prezident Medwedew zorlukly wakalaryň yzysüre Twitterde bir beýanat ýerleşdirip, «hemme zadyň kontrollyk astyndadygyny» ynandyrmaga çalyşdy. Telewideniýede berlen çykyşynda bolsa, ol 11-nji dekabrdaky gowgany turzanlaryň tapyljagyny hem jezalandyryljagyny wada berdi.

Medwedew: «Jynsy, etniki ýa dini alamatlar esasynda ýigrenç döretmäge gönükdirilen hereketler aýratyn howply, sebäbi olar döwletiň durnuklylygyna wehim salýar. Bu hili hereketlere garşy durmakda polisiýa kanunyň çäginde öz ähli ygtyýarlygyny ulanmalydyr» diýdi.

Putin bolsa özüniň rus halky bilen telewideniýe arkaly geçirýen ýyllyk sorag-jogap alşygynda geljekde boljak islendik zorlugy bogmagy wada berdi. Ol: «Orsýet ekstremizmiň ähli ýüze çykmalaryny basyp ýatyrmalydyr» diýip, nygtady.

Wakalaryň gözbaşlary

Hepdäniň soňunda Kremliň taýak atym golaýynda bolan çaknyşyklar Moskwanyň “Spartak” komandasynyň janköýeri Ýegor Swiridowyň öldürilmegine garşy ygtyýar berilmedik protest bilen başlandy. Ol golaýda demirgazyk kawkazlylar bilen bolan çaknyşykda öldürilipdi.

«Sports ekspress» gazetiniň redaktory Wladimir Geskin janköýerleriň gazaply bulagaýçylygyny häkimiýetleriň ahyrsoňy köşeşdirjekdigine ynanýar. Ol bu barada öz pikirini şeýle mälim etdi: «Bu bulagaýçylykly toparlary islendik usul arkaly neýtrallaşdyrmak üçin sekiz ýyl wagtymyz bar. Olaryň wagyzlaryna garşy wagyz etmeli, kanuny bozanlaryny türmä basmaly, stadionlara barmagy gadagan etmeli. Angliýa 1980-nji ýyllarda we 1990-njy ýyllaryň başlarynda bu ugurda aýylganç problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy hem olary çözdi, sebäbi olar ony çözmek isledi. Meniňçe, bizde hem şeýle isleg bar. Eger öňüňde maksat edip goýsaň, islendik meseläni çözüp bolar».

Hukuk toparlary Orsýetiň sport janköýerler jemgyýetiniň neonasist we beýleki ultramilletçi toparlar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýandygyny aýdýarlar. Öldürilen janköýer Swiridowyň Moskwanyň iň bir agressiw janköýerler toparlaryndan biri bolan «Soýuz» toparyna degişlidigi aýdylýar.

Oppozisiýa kremlçi ýaşlar guramalarynyň şu hili janköýer toparlarynyň käbirini we ultramilletçileri “Kremliň duşmanlaryna” garşy hüjüm etdirtmek üçin hakyna tutýandyklaryny aýdýar. Tankytçylar hökümetiň bidüzgünçilik edýänleri jezalandyrmak islemeýändigini, bu göwünsizligiň bolsa futbol janköýerlerini has-da radikallaşdyrmaklyga getirýändigini aýdýarlar.

«Wedomosti» gazetinde ýaşlar temasyndan çykyş edýän žurnalist Roman Şleýnow bu ýagdaý barada şeýle diýýär: «Haçan-da oppozisiýa ýygnanyşsa, aktiwistleri we oppozisionerleri jaýlarynyň girelgesinden çykyp-çykmanka, tutmaga başlaýarlar. Geň ýeri, beýle zat futbol yňdarmalary babatda edilmeýär».
XS
SM
MD
LG