Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Orsýetiň ynsanperwer ýüki barlanýar


Orsýetiň Ukraina ynsanperwer kömegini alyp barýan ulaglaryň ýüki barlanýar, Orsýetiň Rostow regiony, 15-nji awgust, 2014.

Orsýetiň Ukraina ynsanperwer kömegini alyp barýan ulaglaryň ýüki barlanýar, Orsýetiň Rostow regiony, 15-nji awgust, 2014.

Ukrain häkimiýetleri Orsýetiň ynsanperwer kömegi hökmünde gündogar Ukraina eltmegi niýetleýän ulag kerwenlerini barlaýarlar. Regionda Ukrainanyň hökümet güýçleri orsýetparaz pitneçilere garşy göreşi dowam edýärler.

Barlaglaryň geçirilmegi 250-den gowrak ýük maşynynyň daşyndaky dartgynlylygy gowşadyp biler, emma Orsýetiň köp sanly harby tehnikasynyň Ukraina geçendigi baradaky peýda bolan maglumatlaryň Günbataryň Moskwanyň hereketleri bilen bagly aladalaryny öňküden-de güýçlendirmegi mümkin.

Orsýet ýük ulaglarynyň suw, azyk awe gündogar Ukrainanyň ilaty üçin zerur bolan beýleki zatlary alyp barýandygyny aýdýar. Emma Günbatar ýurtlarynyň häkimiýetleri bu missiýanyň harby taýdan Ukrainanyň içki işlerine goşulmaga bahana hökmünde ulanylmagyndan howatyrlanýarlar.

Orsýetparaz separatistler gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk regionlarynda ençeme aý bäri söweşýärler. Konflikt Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrdy. Orsýet konflikte öz gatnaşygynyň bardygyny inkär edýär.

Harby ulaglar

Ukrain häkimiýetleri öz serhetçileriniň we gümrük işgärleriniň onlarçasynyň serhediň Orsýet tarapyna geçip, agzalýan ulag kerwenini barlandygyny aýtdylar. Orsýetiň Rostow welaýatynyň Kamensk-Şahtinskiý şäherçesinde saklanan bu kerweniň düzüminde Orsýetiň gyssagara ak reňk çalnan harby ulaglarynyň onlarçasy bar.

14-nji awgustda “Gardian” we “The Telegraf” neşirleriniň habarçylary 13-nji awgust agşamy Orsýetiň 23 sany harby tehnikasynyň Ukrainanyň serhedinden geçendigini habar berdiler.

Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkewiçus 15-nji awgustda eden çykyşynda geçen gije Orsýetiň 70 çemesi harby enjamynyň Ukrainanyň serhedinden geçirilendigini aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Filip Hammond Orsýetiň harby ulaglarynyň Ukrainanyň serhedinden geçenligi baradaky maglumatlaryň uly alada döredendigini aýtdy.

NATO bu maglumatlary barlaýandygyny aýtdy. “Eger tassyklansa, bu Orsýetiň aýdýan zatlaryna ters hereket edýändigini görkezýän subutnama bolar” diýip, NATO-nyň metbugat wekili Oana Lungesku aýtdy.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň düzümine girýän serhet gulluklarynyň regional wekili orsýet güýçleriniň serhetden geçendigi baradaky maglumatlary inkär etdi.

Ukrainanyň harbylary Lugansk şäheriniň golaýynda Orsýetiň ulag kerweniniň ýerleşen giňişliginden uzak bolmadyk ýerde güýçli söweşleriň barýandygyny habar berýärler.

Ok atyşygy bes etmäge taýýarlyk

15-nji awgustda Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin birnäçe zerur şertler berjaý edilen ýagdaýynda Kiýewiň ok atyşygy bes etmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga taýýardygyny Bloomberg telekanalyna aýtdy.

Klimkin agzalan şertleriň Ukrainanyň öz serhetýaka giňişliklerine gözegçilik etmegine we ÝHHG-niň toparynyň ýaraşygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegine degişli şertleri göz öňünde tutýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG