Sepleriň elýeterliligi

Türkmen tussaglarynyň doglan güni ýatlanýar


Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlar

Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň türmelerinde oturan we ýanwar aýynda doglan güni bellenilýän syýasy tussaglaryň maşgalalaryna raýdaşlyk bildirýärler.

Türkmenistanda tussag edileninden soň dereksiz ýiten adamlary goldamak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýanyň 66 adamy öz içine alýan sanawyna görä, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň öňki başlygy Tirkiş Tyrmyýewiň 64 ýaşy dolýar, “Türkmensuwdesga” ylmy-barlag institutynyň baş inženeri Annamyrat Hatamowyň 61 we telekeçi Yklym Yklymowyň 68 ýaşy dolýar.

Tyrmyýew, Hatamow we Yklymow 2002-nji ýylyň noýabr aýynda, şol wagtky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp, tussag edilipdi. Şonda tussag edilenleriň onlarçasy uzak möhletli ýa ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Kampaniýanyň guramaçylary, şol sanda adam hukuklaryny goraýjy “Civic Solidarity Platform” atly halkara koalisiýa gatnaşyjylar öz hossarlarynyň doglan gününi olar bilen bilelikde bellemek mümkinçiliginden mahrum bolan maşgalalara goldaw bildirýärler diýip, “Gündogar” saýty öz maglumatynda belleýär.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýanyň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten 60-dan gowrak adamy öz içine alýan sanawyna girýänleriň ençemesi ýaşy bir çene baran adamlar.

Ykbaly aladaly

Halkara kampaniýa gatnaşyjylardan Orsýetdäki Memorial guramasynyň Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow tussaglaryň ykbalynyň uly aladalanma döredýändigini belledi: “Garry adamlar hem bar, olaryň saglygy, elbetde, sorag döretmän bilmeýär. Bizde tussaglaryň bir böleginiň bendilikde ýogalandygy barada maglumat bar, emma türkmen häkimiýetleri muny yglan etmeýär”.

Adam hukuklaryny goraýjylar halkara aksiýalarynyň şu günki gün Turkmenistanda syýasy tussaglaryň ykbalyny anyklamak üçin ýeke-täk mümkinçilikdigini aýdýarlar.

“Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň problemasy Nyýazow döwründen miras galan problema bolsa-da, gynansak-da, ol ýurduň içinde henizem pozitiw çözgüt tapanok. Şol bir wagtda-da bu ýagdaý Türkmenistanyň hem halkara borçlaryna hem-de içerki kanunlaryna ters gelýär. Meniň pikirimçe, bu ugurda özgeriş gazanmagyň ýeke-täk ýoly ony halkara derejesine çykarmakdyr. Bilşime görä, dereksiz ýiten adamlaryň ykbaly bilen bagly mesele Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen dialogynyň çäginde ikitaraplaýyn konsultasiýalarda gozgalýar” diýip, Witaliý Ponomarýow aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG