Sepleriň elýeterliligi

Žurnalistiň şikaýatçysy arzasyny yzyna alýar


Hatyja Ysmaýylowa

Hatyja Ysmaýylowa

Tussaglykda saklanýan azeri žurnalisti Hatyja Ysmaýylowanyň işindäki şikaýatçy Baş prokuraturanyň edarasyna öz arzasyny yzyna almak haýyşy bilen resmi taýdan ýüz tutandygyny aýtdy.

Tural Mustafaýew 7-nji aprelde AÝ/AR-na geçen ýyl şikaýat arzasyny ýazanda, özüniň duýga erkini aldyrandygyny we indi Ysmaýylowa bilen «oňuşmak» isleýändigini aýtdy.

Ysmaýylowa 5-nji dekabrda, Mustafaýewi öz janyna kast etmek synanyşygyna iteklemekde güman edilip, tussag astyna alnypdy.

Makalalarynda nebit öndürýän öňki sowet respublikasynyň hökümet resmileriniň korrupsiýasyny açyp görkezen Ysmaýylowa özüniň hiç bir bikanun iş etmändigini we bildirilýän aýyplamalaryň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýdýar.

Ysmaýylowa azat edilermi?

Bu täzelikden soň prokurorlaryň Ysmaýylowa garşy gozgalan jenaýat işini ýatyrjaklary we, şeýle edilen ýagdaýynda onuň azatlyga goýberiljegi ýa däldigi bada-bat belli bolmady.

Fewral aýynda oňa täze aýyplamalar bildirildi, ýagny žurnalist salgytdan gaçmakda, bikanun biznes işlerinde we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandy.

Ysmaýylowanyň deslapky tussaghanada saklanmak möhleti häzir 24-nji maýda soňlanmaly.

Onuň tussag edilmegi Halkara hukuk toparlary tarapyndan, uzak wagtlyk prezident Ylham Alyýewiň hökümetiniň garaşsyz žurnalistleri we aktiwistleri gorkuzmaga we ýuwaşatmaga gönükdirilen kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde, giňden ýazgaryldy.

Günbatar döwletleri 38 ýaşyndaky Ysmaýlowanyň, beýleki aktiwistler we žurnalistler bilen bilelikde, derrew azat edilmegine çagyrdylar. Hukuk toparlary olaryň galplaşdyrylan we syýasy äheňli jenaýat işleri esasynda türmä basylandygyny aýdýarlar.

"Syýasy tussag ýok"

Alyýew Azerbaýjanyň adam hukuklaryny ýa metbugat azatlygyny bozýandygyny inkär edýär, şeýle-de Günorta Kawkazyň esasan musulmanlardan durýan 9.7 million ilatly ýurdunda syýasy tussagyň ýokdugyny aýdýar.

Dekabr aýynyň aýagynda AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy döküldi we derňewçiler tarapyndan ýapylmaly edildi, ondan gowrak žurnalist bolsa özleriniň işi sebäpli polisiýa tarapyndan soraga çagyryldy.

Baku sudy mart aýynda birden, aýtman-diýmän gyssagara diňlenişik geçirip, Ysmaýylowanyň deslapky tussaghanada saklanmak möhletini 24-nji maýa çenli uzaltdy, Baş prokuratura bolsa oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugyna fewralda bildirilen aýyplamalar bilen baglanyşdyrylýandygy barada beýanat çap etdi.

Azatlyk radiosynyň Azeri gullugyna, hamala, 2008-nji ýyldan bäri ýurtda bikanun işleýändigi barada aýyp bildirilipdi.

Ysmaýylowa şonda suda özüne bildirilýän täze aýyplamalaryň «galplaşdyrylandygyny» we syýasy äheňlidigini aýdypdy.

Toslama aýyplamalar

AÝ/AR-nyň baş redaktory Nenad Peýiç " AÝ/AR-na garşy gozgalan jenaýat işiniň we onuň Hatyja garşy hem gozgalmagynyň hakykata esaslanýan ýeri ýok, azeriler bu zatlary ýolugra toslap tapýarlar” diýipdi.

Şeýle-de ol AÝ/AR-nyň gepleşik bermek hukuklarynyň, salgyt dokumentleriniň döwlet edaralary tarapyndan ykrar edilendigini, bu ugurda zerur bolan dokumentleriň ählisiniň bardygyny aýdyp, Hatyjanyň garşysyna gozgalan jenaýat işiniň derrew ýatyrylmagyna hem-de onuň azat edilmegine çagyrypdy.

Birleşen Ştatlar geçen aý türmä basylan azerileriň, şol sanda Ysmaýylowanyň, hukuk aktiwisti Leýla Ýunusyň we onuň adamsy Arifiň, hukukçy aklawçy Intigam Alyýewiň we beýlekileriň azat edilmegi Azerbaýjanyň öz raýatlarynyň ählisiniň esasy azatlyklaryny hormatlamak barada alan borçnamasyna wepalylygyny görkezerdi diýipdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG