Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat näme üçin Eýrandan suw gözleýär?


Türkmenistanyň Murgap derýasyndaky bent

Türkmenistanyň Murgap derýasyndaky bent

Türkmenistan Eýrandan Türkmenistana suw akdyrmak meselesini goňşy ýurduň resmi häkimiýetleri bilen maslahat etdi. Bu meseläniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen duşuşygynda gozgalan temalarynyň biridigini eýran mediasy 26-njy iýulda habar berdi. Hazar deňzi, Amyderýa, Tejen, Murgap derýalary, Garagum kanaly ýaly iri suw çeşmelerine eýe bolan Türkmenistanyň Eýrandan goşmaça suw akdyrylmagy barada maslahat geçirmegi näme bilen bagly bolup biler?

Azatlyk Radiosy iki ýurduň arasyndaky suw meselesiniň aýratynlygy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň öňki suw hojalyk ministri Aleksandr Dodonow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Dmitriýewiç, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda suw meselesi maslahat edilende, näme barada gürrüň gidip biler?

Aleksandr Dodonow: Men munuň diňe Eýranyň giňişliginden Türkmenistana tarap Tejen derýasyndan akýan suw meselesine degişlidigini çak edip biljek. Sebäbi 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Tejen derýasynda bent gurmak barada ylalaşyk baglaşylypdy. Bent Eýranyň giňişliginde gurlup, suwuň derýanyň akymy boýunça aşak, ýagny Türkmenistana tarap akmagy Eýranyň gözegçiliginde galdy. Häzirki wagtda Tejen derýasynda suwuň akymynyň peselmegine ýa-da suw ýetmezçiligine degişli meseleleriň dörän bolmagynyň ahmaldygyny çak etmek mümkin. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň Eýrandan köpräk suw akdyrmagy soraýan bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Tejen derýasynda suw akymynyň gözegçiligi nädip Eýranyň garamagyna berildi?

Aleksandr Dodonow: Sebäbi bent we suw saklaýyş howdany Eýranyň territoriýasynda gurlupdy. Akdyrylýan suwuň möçberi-de, ylalaşyga görä, ikitaraplaýyn esasda kesgitlenýär. Şu günki gün suwuň akymynyň [möçberine] degişli meseläniň ýokary derejede gozgalmagy, Türkmenistanyň suw akymynyň häzirki derejesinden kanagatlanmaýandygyndan habar berip biler. Türkmenistanyň suw bölünişigine degişli Özbegistan bilen hem tejribeleri bar. Ýurtlar Amyderýanyň suwuny sowet döwründen bäri 50 prosentden bölüşýärler. Türkmenistanyň Eýran bilen Tejeniň suwuna degişli bölünişiginiň şertleri barada mende maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Dmitriýewiç, Tejen derýasynyň suwunyň Türkmenistan üçin nähili ähmiýeti bar?

Aleksandr Dodonow: Biz üçin bu iňňän wajyp, Sarahs etrabynyň, Tejen etrabynyň uly bölekleri Tejen derýasynyň suwunyň hasabyna üpjün edilýär. Tejen derýasynda iki sany suw howdany ýerleşýär. Eýran bolsa derýanyň golaýyndaky giňişliklerde 1970-nji ýyllarda oba hojalygyny ösdürip başlady, şu sebäpden suw howdany guruldy. Häzir olaryň [agzalýan sebitde] ýer işläp-bejermek aktiwliginiň ösüp, suwa bolan zerurlygynyň hem artandygyny çak etmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň territoriýasynyň bir bölegi Hazar deňzine çykýar. Ýurtda birnäçe derýa we beýleki suw çeşmeleri bar. Suwy arassalaýjy desgalar hem gurlup, yzly-yzyna ulanylyşa berilýär. Ýöne ýurduň ilaty ýyllar boýy agyz suw ýetmezçiliginden kösenýär, oba hojalygynda-da suw ýetmezçilik edýär. Siziň pikiriňizçe, muňa näme sebäp bolýar?

Aleksandr Dodonow: Meniň pikirimçe, ýönekeýje bir çykalga - bar bolan suwy rasional ulanmakdan ybarat. Amyderýanyň, Murgabyň, beýleki derýalaryň suwy bar, dag, ýerasty çeşmeler bar. Olardan tygşytly peýdalanmak gerek. Täze bir zady oýlap tapmagyň geregi ýok, dünýädäki, şol sanda Ysraýyldaky tejribeleri ornaşdyrmaly. Türkmenistanyň suw hojalyk bilermenleri Ysraýyla baryp gaýdanlarynda, her gezek haýran galyp gelýärdiler, olaryň her bir damjadan peýdalanyşlaryny görüp. Emma bizde bar zat başgaça, Aşgabady alyp göreli, köşkler, suw çüwdürimleri gurulýar. Suw üpjünçilik sistemasy bolsa ýer titremeden soň, 1950-nji ýyllarda gurlaly bäri täzelenmedi. Onuň könelişenligi zerarly içimlik suwuň uly bölegi ýere siňýär, zaýa bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG