Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Nepesgulyýewi azat etmäge çagyrýar


ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç şu gün Türkmenistanyň häkimiýetlerini balkanabatly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewi azat etmäge çagyrdy.

“Meniň edarama mälim bolan maglumata görä, Nepesgulyýew bir aýdan gowrak wagt bäri aýyp bildirmezden tussaglykda saklanýar» diýip, Miýatowiç aýtdy.

«Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen aramyzdaky uzak wagtlyk we konstruktiw hyzmatdaşlyga esaslanyp, men onuň azat edilmegine çagyrýaryn» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bar bolan maglumatlara görä, Nepesgulyýew Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň we Türkmenistandan alternatiw habarlary berýän guramanyň ştatdan daşary habarçysy bolup durýar, ol 7-nji iýulda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir.

Nepesgulyýewiň garyndaşlaryna onuň bikanun neşe maddalary bilen tutulandygy aýdylypdyr, emma heniz resmi aýyplama bildirilmändir diýip, ÝHHG-nyň media azatlygy boýunça wekiliniň ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

Miýatowiç 29-njy iýulda Türkmenistanyň häkimiýetlerine iberen hatynda Nepesgulyýewiň maşgalasynyň onuň bilen görüşmegine rugsat berilmezliginden, şeýle-de žurnalistiň kanuny geňeşçi, ýagny aklawçy bilen üpjün edilmezliginden alada bildirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG