Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet halkdan bäş ýyllyk karz alar


Prezident Berdimuhamedow «Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermek, ýerlemek we üzlüşmek baradaky» karara gol çekdi.
Prezident Berdimuhamedow «Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermek, ýerlemek we üzlüşmek baradaky» karara gol çekdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni, 18-nji dekabrda Aşgabatda geçiren hökümet maslahatynda «Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermek, ýerlemek we üzlüşmek baradaky» karara gol çekdi.

Bu karar esasynda Türkmenistanyň maliýe ministrligine Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermäge ygtyýar berilýär.

Bu obligasiýalar bäş ýyl çenli möhlet bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaýtadan maliýeleşdiriş göterim derejesinden ugur almak esasynda goýberiler.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalary Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň barşynda emele gelen zerurlyga görä, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplara, şol sanda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly edara görnüşli taraplara, ygtyýarly delallalaryň üsti bilen ýetiriler.

Türkmen metbugaty bu karara Türkmenistanyň býujet kodeksinde we Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin gol çekilendigini habar berýär.

Bu karar Maliýe ministrligini, Merkezi banky, Adalat ministrligi bilen bilelikde, karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek barada baradaky teklipleri iki möhletde taýýarlap, Ministrler kabinetine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň hökümetinde döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermek hakynda gürrüň edilip başlanaly bäri sosial ulgamlarda türkmen döwletiniň gaznasynda emele gelen ýagdaý, ilatyň aýlyk hakyndan tutuljak pullaryň möçberi barada dürli çaklamalar orta atyldy. Emma türkmen prezidentiniň kararynda bu barada anyk maglumat berilmeýär.

Ýöne prezident Berdimuhamedow golaýda Ýaşulular maslahatynda çykyş edip, soňky 20 ýylda ýurtda 17 milliard gowrak dollar möçberinde maýa özleşdirilendigini, iki müň çemesi iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýdypdy.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda pensiýanyň derejesi öňki sowet ýurtlarynyň arasynda iň pesleriň hatarynda agzalýar.

Munuň üstesine, şu ýylyň başyndan ulagly adamlara mugt goýberilen ýangyç hem ýatyryldy we we benziniň hem beýleki hyzmatlaryň bahasy ýokary galyp, manadyň dollaryň garşylygyndaky hümmeti aşak düşürildi.

Mundanam başga, geçen gezekki däl-de, ondan öňki ýaşulular maslahatynda, tygşytlylyk üçin, mugt berilýän gaz, suw, tok ýaly zatlaryň tölegli bolmagy baradaky pikirler orta atyldy. Bu ýagdaý, nebitiň bahasynyň arzanlamagy, Orsýete garşy girizilen ykdysady sanksiýlar netijesinde, türkmen gaznasynyň ýeňländigi baradaky çaklamalra esas boldy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan golýada 10 milliard dollar çemesi çykdajysy bolar diýilýän TOPH geçirijisiniň ýurt içindäki böleginiň hem gurluşygyna başlady. Mundan ozal hem synçylar Türkmenistanyň "Altyn asyr" türkmen köli, "Awaza" syýahat zonasy ýaly uly gurluşyklara, sport we edara desgalaryna ummasyz kän serişde harçlaýandygyny belläpdiler.

Türkmen halky mundan ozal diňe sowet hökümetiniň agyr ykdysady kynçylyk çeken ýyllarynda döwlet gazna obligasiýalryny satyn almaga mejbur bolupdy we ýaňy-ýaňylar hem ol 'gymmat kagyzlary' sandyklarynda saklap ýören eneler bardy.

XS
SM
MD
LG