Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýanyň paýtagtynda partlamalar boldy


Jakartanyň merkezinde partlamalaryň bolan ýeri, 14-nji ýanwar, 2016
Jakartanyň merkezinde partlamalaryň bolan ýeri, 14-nji ýanwar, 2016

Ençeme bomba partlamasy, yzýany ok atyşyk we ýene partlamalar Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň merkezine zarba urdy.

Polisiýa 14-nji ýanwarda meşhur Starbucks kafesiniň ýerleşýän ýerinde bolan partlamada ýedi adamyň, şol sanda hüjümçi bolmakda güman edilýänleriň ölendigini aýtdy.

Media maglumatlarynda azyndan ýedi sany bomba partlamasynyň bolandygy, howpsuzlyk güýçleriniň hem hüjümçiler bilen ok atyşandygy habar berildi.

Hüjüm edenleriň arasynda janyndan geçen hüjümçileriň hem bolandygy aýdyldy.
Prezident Joko Widodo ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy we ilaty asudalyga çagyrdy.

“Döwlet, ýurt we adamlar gorky astyna düşmeli däl we terror akty ýaly ýagdaýlardan basylmaly däl” diýip prezident Joko Widodo aýtdy.

Esasan musulman ilatly Indoneziýa soňky döwürde yslamçy söweşijileriň howpy astynda boldy we terrora garşy göreşýän polisiýa “Yslam döwleti” topary bilen arabaglanyşykda güman edilen adamlara basyşlaryny güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG