Sepleriň elýeterliligi

AÝ/AR žurnalistleri türmeden boşadylmaýar


Hatyja Ysmaýylowa, Saparmämmet Nepesgulyýew

Hatyja Ysmaýylowa, Saparmämmet Nepesgulyýew

5-nji fewralda, tussaglygynyň giň ýaýran ýazgarmalaryna we boşadylmagy barada ýokary derejede edilen talaplara garamazdan, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň hyzmatdaşy Hatyja Ysmaýylowanyň azeri türmesinde oturanyna 15 aý doldy.

Şeýle-de bu gün Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň hyzmatdaşy Saparmämmet Nepesgulyýewiň doglan güni, ol 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri türmede, türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşarky dünýäden üzňelikde, hiç kim bilen görüşdirilmän saklanylýar.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýs 28-nji ýanwarda Azerbaýjanyň prezidentine hat ýazyp, Ysmaýylowanyň işini "şübheli" diýip atlandyrdy we onuň tussagda saklanmagynyň dowam etdirilmegi, beýleki žurnalistleriň tussag edilmegi «iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirer» diýip duýdurdy.

Roýsyň haty dekabrda teklip edilen Azerbaýjan Demokratiýa aktynyň yz ýanyna gabat geldi, bu kanun taslamasy ABŞ wekili Kristofer Smitiň we ABŞ-nyň ÝHHG-daky komitetiniň başlygy, ABŞ wekili Louise Slaughteriň başda durmagynda taýýarlanyldy.

Teklip edilýän kanun «Azerbaýjanda demokratik guramalary gowşadýan ýa-da demokratik geçişe päsgelçilik döredýän syýasatlara goşulan ýa-da olardan peýda gören ýokary derejeli azeri resmilerine» amerikan wizalaryny bermesiz eder.

Halkara goldawynyň ýene birinde bolsa, tanymal adam hukuklary aklawçysy Amal Kluniý (Clooney) özüniň, onuň işi Ýewropanyň Adam hukuklary suduna gelende, Ysmaýylowa wekilçilik etjekdigini aýtdy.

Ysmaýylowa sentýabrda 7.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň işine köpler prezident Ylham Alyýewiň maşgala agzalarynyň biznes-emläk işleri barada ýazan makalalary üçin ar alyş hökmünde seredýär. Ysmaýylowanyň derňew makalalarynda prezidentiň maşgala agzalarynyň daşary ýurtlardaky jaýlary, olaryň ýurt içinde, telekom we howaýollary senagatynda kontrollyk edýän emläkleri, azeri altyn känine eýeçiligi barada maglumat berlipdi.

Belli bir derejede Azerbaýjanyň halkara hormat-sylagyny gazanmak üçin edýän tagallalary sebäpli köp üns çeken Ysmaýylowanyň işinden tapawutlylykda, Nepesgulyýewiň işi babatda azrak bilinýär. Oňa ýöňkelýän jenaýatlar, suduň geçişi, höküm çykarylyşy barada ýeterlik dokument ýok we hatda onuň nirede saklanylýandygy hem anyk däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň müdiri Muhammad Tahir «Biz ol barada alty aý mundan ozal tussag edileli bäri hiç zat eşitmedik, biz onuň maşgalasy bilen habarlaşyp bilmedik. Biz hatda onuň diridigini hem tassyklap bilmeýäris» diýdi.

BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça iş topary dekabrda Nepesgulyýewiň işi barada bir pikir çap edip, onuň azatlykdan mahrum edilmeginiň eden-etdiliklidigini, ýagny bikanun diýlip tapylandygyny aýtdy.

Nepesgulyýew ýitirim bolmazyndan öň Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugyna wideo maglumatlary iberýärdi we Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasynyň habarçysy bolup işleýärdi. Görnüşinden, Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň sentýabrynda türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Bu ýagdaý «Serhetsiz reportýorlar» ýaly media goragy guramalaryny «Nepesgulyýew häzir anyk nirede? Ol 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edildimi ýa-da edilmedi? Onuň aklawçysy boldumy? Bu soraglaryň ählisi jogapsyz galýar» diýmäge iterdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG